Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19: Lebapda lukmanlar öz islegleri bilen işden çykýarlar


Türkmen lukmany

Koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly howplaryň heniz hem ýitidigi, şeýle-de barha köp lukmanlaryň wirus alamatlary bilen keselhanalara ýerleşdirilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we saglyk pudagyndaky çeşmeleri maglumat berýärler.

“Lebapda COVID-19 howpy gowşamady. Ähli adamlar maskaly, egin-eşik, gurluşyk satylýan bazarlar henizem ýapyk. Restoranlarda, kafelerda toý dabaralaryny geçirmek gadagan” diýip, türkmenabatly habarçylarymyzyň biri 14-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, Türkmenabatda we onuň eteklerinde azyndan üç sany uly karantin zonasy ýerleşip, daşary ýurtlardan gelen ýolagçylar bu ýerlerde iki hepde möhlet bilen hökmany karantinde galmaly bolýarlar. Azatlyk we beýleki garaşsyz neşirler bu sebitlerde adamlaryň agyr ýagdaýlarda saklanýandygy, adaty gigiýena şertleriniň hem doly berjaý edilmeýändigi barada giňişleýin maglumat beripdi.

Mundan başga-da, howpsuzlyk gulluklary daşary ýurtdan gelen ýolagçylara berk gözegçilik edýärler. Çadyr karantine iberilenleriň goşlary aeroportda galýar, olara surat alýan we wideo düşürýän enjamlaryny hem smartfonlaryny ýanyna almaga rugsat berilmeýär.

Azatlygyň ýene bir çeşmesiniň maglumatyna görä, 9-njy sentýabrda lebap welaýat häkimi Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynyň golaýynda galdyrylan çadyr karantin zonasyna baryp görüpdir.

“Häzir bu karantin zonasynyň daşyndaky polisiýa gözegçiligi hasam güýçlendirildi. Karantinde saklanýanlaryň ýanyna hiç kim, şol sanda hossarlary hem goýberilmeýär. Diňe polisiýada tanşy bar bolanlaryň getiren azyk harytlary ogryn geçirilýär” diýip, bu ýagdaýlardan habarly atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmelerimiziň biri gürrüň berdi.

Bu aralykda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň 28-nji orta mekdebiniň direktorynyň hem COVID-19 alamatlary bilen Türkmenabadyň köpugurly hassahanasyna ýerleşdirilendigi barada maglumat gowuşdy.

“Näsaglan mekdep direktorynyň aragatnaşykda bolan adamlary, şol sanda mekdep mugallymlary, olara hem wirusyň geçen bolmagynyň mümkindigi seljerilmeýär. Umuman ilat arasynda koronawirus testleri ýeterlik geçirilmeýär” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan lukmanlaryň biri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzir medisina işgärlerinde barha köp COVID-19 alamatlary ýüze çykyp başlapdyr.

“Köpugurly hassahana koronawirus alamatlary bilen barha köp lukmanlar we şepagat uýalary ýerleşdirilýär. Bu keselhananyň 62 ýaşly hirurgy hem agyr ýagdaýda ýatyr. Ol reanimasiýa bölüminde emeli dem alyş wentilýatoryna çatyldy. Onuň gyzy bilen ogly hem keselhana ýerleşdirildi. Bu ýagdaýlardan howatyr edip, keselhananyň lukmanlarynyň, şepagat uýalarynyň, şeýle-de arassaçylyk işgärleriniň ençemesi işden çykmak boýunça öz islegi bilen arza ýazdylar” diýip, türkmenabatly lukmanlaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Munuň bilen bir wagtda, koronawirus aladalarynyň arasynda gürrüňi gidýän hassahananyň işgärlerine zähmet haklarynyň hem wagtynda tölenmeýändigi bellenilýär.

“Lebabyň köpugurly hassahanasy hojalyk hasabynda dur. Onuň karantin zonasyna öwrülmegi bilen, girdeji hem gelmegini goýdy. Hökümetden hem hiç hili goldaw ýok. Işgärlere aýlyk tölär ýaly pul ýok” diýip, lukmanlaryň biri sözüne goşdy.

Bu ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasyndan, şeýle-de Lebap häkimliginden nähilidir bir kommentariýa almak başartmady.

Türkmenistan ýurtda COVID-19 bilen bagly ýekeje wakanyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG