Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hereket çäklendirmeleri: Marylylaryň ýol azaby


Türkmenistanda, awtobusda maskaly sapar edýän ýolagçylar. Illýustrasiýa suraty

Şu günler Mary welaýatynyň ilaty, koronawirus ýokuşma töwekgelçiliginiň ýokarydygyna garamazdan, ýolagçylardan hyryn-dykyn doly awtobuslarda sapar etmäge mejbur bolýar. Muňa pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli welaýatda etraplaryň we şäherleriň arasynda gatnaýan awtobuslaryň sanynyň azaldylmagy sebäp bolýar.

"Köp etraplaryň arasyndaky awtobuslar günüň dowamynda diňe iki sapar - irden we öýlän - gatnaýar. Öň etraplaryň we şäherleriň arasyndaky awtobuslar her 1-2 sagatdan ýöreýärdi. Häzir awtobuslaryň içi adamlardan dos-doly. Sebäbi awtobuslaryň sany azaldylan bolsa-da, ýolagçylaryň sany öňküligine galýar. Ýaşaýjylar etraplaryň arasynda gatnaýan awtobuslarda onlarça kilometr ýoly dik aýak üstünde durup gitmeli bolýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 31-nji awgustda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýolagçylar etrap aralarynda we ýollarda duran polisiýa işgärlerine görünmejek bolup, käte awtobuslaryň koridorlarynda oturyp gitmeli bolýarlar. Olar beýle etmese, awtobus sürüjilerine jerime ýazylýar.

Habarçy ýolagçylaryň aglabasynyň beýleki etraplardaky döwlet edara-kärhanalarynda işleýän býujet işgärleridigini aýdýar. Olar her gün irden beýleki etraba ýa-da şähere gidip, agşam ýene yzlaryna gaýdyp gelýärler.

"Etraplaryň arasyndaky hususy taksileriň bahasy azyndan 10-15 manat. Bu bolsa býujet işgärlerine gymmat düşýär. Şonuň üçin olar döwlet eýeçiligindäki awtobuslarda gatnamaly bolýarlar" diýip, habarçy belledi.

Şol bir wagtda, habarçy ýolagçylaryň aglabasy dik aýak üstünde durup gidýän bolsa-da, awtobus tölegleriniň ähli ýolagçylar üçin deňdigini hem sözüniň üstüne goşdy. "Her ýolagçy 1,50 manat ýol kireýni tölemeli" diýip, habarçy belledi.

Mundan bir aý çemesi öň Marynyň häkimiýetleri pandemiýa çäklendirmeleriniň çäginde beýlekiler bilen bir hatarda, Baýramaly, Ýolöten, Garagum, Türkmengala we Mary etraplarynyň arasyndaky awtobuslaryň gatnaw sanyny azaltdy.

Habarçy häkimiýetleriň bu çäklendirme arkaly öýden çykýan adamlaryň sanyny azaldyp, olary "howadaky tozan bölejiklerinden" goramagy göz öňünde tutýandygyny aýdýar. Ýöne ol bu çäklendirmäniň adamlary bu "tozanjykdan" goramagyň deregine, gaýta olara wirus ýokuşma töwekgelçiligini artdyrýandygyny belleýär.

Azatlyk Radiosy ýaşaýjylaryň ýolagçylardan hyryn-dykyn doly awtobuslarda sapar etmäge mejbur bolýandygy barada Mary welaýat häkimliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda hiç bir COVID-19 näsagynyň resmi derejede hasaba alynmandygyny aýdýan bolsa-da, martyň ahyryndan başlap ençeme çäklendirmeleri girizdiler, şol sanda welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň arasyndaky ulag, awtobus we otly gatnawlaryny çäklendirdiler.

Azatlygyň habarçylary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, şol sanda maliýe ýetmezçiliginiň we işsizligiň ýitileşmeginiň fonunda, bu çäklendirmeleriň ilatyň öňden hem agyr bolan gün-güzeranyny has-da ýaramazlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Şu aýyň dowamynda Lebapdaky we Marydaky habarçylarymyz raýatlaryň paýtagta we ýurduň beýleki sebitlerine gitmek üçin bikanun hem-de howply ýollary saýlap almaga mejbur bolýandygyny habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri global pandemiýa bilen baglanyşykly ilatyň gündelik durmuşyna täsir ýetirýän karantin çärelerini girizse-de, bu çäklendirmeleriň näçe adamyň işine, okuwyna, gündelik durmuşyna we güzeran eklenjine täsir ýetirendigi baradaky sanlary mälim etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG