Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kipr ÝB-niň Belarusa garşy sanksiýalaryny petikleýär


ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell

21-nji sentýabrda Brýusselde ýygnanan Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri, Belarusyň öz-özüni sürgün eden oppozisiýa lideriniň haýyşyna garamazdan, Minske garşy sanksiýalary girizmek barada ylalaşyp bilmediler.

Kipr ÝB-den Ankaranyň Ortaýer deňziniň gündogarynda gaz gözlemek we burawlamak işleri bilen bagly Belarusa degişli bolmadyk dawa-jenjelde Türkiýä garşy çäre görmegini talap edip, Belarusa garşy sanksiýalaryň sanawyna garşy çykdy.

Bileleşigiň iň kiçi agzalarynyň biri tarapyndan döredilen kynçylyk ÝB diplomatiýasynyň köplenç bir ýurda beýlekilere weto hukugyny berýän ulgam tarapyndan ysmaz bolýandygyny görkezdi.

ÝB diňe 27 agzanyň hemmesi goldaýan halatynda sanksiýalary girizip bilýär.

Belarus sanksiýalary bilen bagly mesele ÝB-niň 24-25-nji sentýabrda geçiriljek sammitinde gaýtadan ara alnyp maslahatlaşylar.

“Bu sanksiýalary kabul etmek barada aç-açan isleg bar bolsa-da, talap edilýän agzybirlik gazanylmandygy sebäpli bu gün muny amala aşyryp bolmady” diýip, ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell gepleşikleri geçirenden soň habarçylara beren maglumatynda aýtdy.

Şeýle-de, ol ÝB sanksiýalary girizip bilmese, “abraýymyz howp astyndadyr” hem diýdi.

XS
SM
MD
LG