Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa ýüzlerçe kiti halas etmäge synanyşýar


Awtraliýanyň kenary. 2018 ýyl.
Awtraliýanyň kenary. 2018 ýyl.

22-nji sentýabrda halas edijiler Awstraliýanyň Tasmaniýa adasynyň günbatar kenaryndaky çägesöw zolakda gabalyp galan ýüzlerçe kiti halas etmäge synanyşýarlar. Bu waka sebitde onlarça suw süýdemdirijisiniň ölmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Deňiz biologlary 21-nji sentýabrda deňiz kenaryndaky ýalpak ýerlerde kitleriň suwdan ýüzüp çykyp bilmän, gabalyp galandygy barada habar gelip gowuşany bäri 270 töweregi kitiň 90-a golaýynyň ölendigini çaklaýarlar.

Halas ediş operasiýalary birnäçe gün dowam etjege meňzeýär.

Asmandan düşürilen wideoýazgylarda Hobart şäheriniň 200 kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Makkarie portundaky giň çägesöw zolakda köp sanly kiti görse bolýar.

Uçar kitleri - uzynlygy 7 metre çenli ösýän we agramy 3 tonna çenli ýetýän okean delfinleriniň bir görnüşidir.

Halas ediş işine 40 töweregi hökümet alymy, 20 polisiýa işgäri, ýerli balyk daýhanlary we meýletinçiler gatnaşýar.

Alymlar kitleriň kenara, deňziň çuň däl ýerlerine gelmegine nämäniň sebäp bolandygyny bilmeýärler.

Sebitde kitleriň kenara gelmegi bilen bagly ýagdaýa köp duş gelse bolýar. Ýöne olaryň beýle uly göwrümde kenara gelmegi 2009-njy ýyldan bäri görülmändi.

XS
SM
MD
LG