Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestlere garamazdan, Lukaşenka birden Belarusyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi


Alýaksandr Lukaşenka. 23-nji sentýabr, 2020 ý.

Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka geçen aýda bolan saýlawlar boýunça geçirilýän köpçülikleýin protestleriň fonunda wagty öňe çekilen garaşylmadyk inagurasiýa dabarasynda altynjy möhlete prezidentlik wezipesine kasam kabul etdi.

Lukaşenkanyň 23-nji sentýabrda geçiren gizlin kasam kabul ediş dabarasy oppozisiýa agzalary tarapyndan derrew tankyt edildi. Olar Lukaşenkanyň dowam etdirýän dolandyryşyna garşy çykyş etdiler.

Dabaradan soň, Minskde öz-özünden demonstrasiýalar başlandy. Minsk Lukaşenkanyň 80 göterimden gowrak ses alandygyny öňe sürýän 9-njy awgustdaky prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine garşy alty hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýän umumymilli protestleriň merkezi bolup durýar.

“BelTA” resmi habar agentligi 23-nji sentýabrdaky dabara “birnäçe ýüz” ýokary wezipeli resminiň çagyrylandygyny habar berdi, ýöne hakykatda oňa kimleriň we näçe adamyň gatnaşandygyny aýtmady.

“BelTA” Lukaşenkanyň sag elini konstitusiýa goýup, prezidentlik wezipesine kasam kabul edendigini, soňra kasama gol çekendigini aýtdy. Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Lukaşenka Belarus respublikasynyň prezidentiniň şahadatnamasyny gowşurdy diýip, “BelTA” aýdýar.

"Biziň döwletliligimiz garaşsyz döwletleri ýok etmegi maksat edinýän ösen tehnologiýalara esaslanýan görlüp-eşidilmedik kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmaly boldy" diýip, Lukaşenka kasam kabul ediş dabarasynda eden çykyşynda Günbatar döwletleriniň özüne garşy demokratiýa tarapdar rewolýusiýany tutaşdyrýandygy baradaky öňki öňe sürmelerine salgylandy.

"Şeýle bolsa-da, biz reňkli rewolýusiýa başa barmadyk az ýurtlaryň birine öwrüldik, belki-de ýeke-täk ýurt bolarys. Bu öz ýurduny ýitirmek islemeýän belarus halky tarapyndan kabul edilen seçgidir" diyip, ol belledi.

Lukaşenka Belarus hökümetiniň güýji "iň kyn döwürlerde-de sosial ugurly döwlet syýasatymyzy terk etmändigimiz baradaky faktdan ybaratdyr" hem diýdi.

Inagurasiýa dabarasy, 66 ýaşly awtoritar lideriň işinden aýrylmagyna we erkin hem-de adalatly saýlawlary geçirmäge çagyrýan we sesleriň öz peýdasyna galplaşdyrylandygyny öňe sürýän oppozisiýanyň tarapdarlary tarapyndan berk tankyt edildi.

Kasam kabul ediş dabarasyndan dessine soň, Lukaşenkanyň esasy garşydaşy Swýatlana Tihanowskaýanyň ýolbaşçylygyndaky oppozisiýa onuň "galplaşdyrylan" ýeňşini asla kabul etmejekdigini aýtdy we raýat boýun egmezligi barada gyssagly kampaniýa geçirmäge çagyrdy.

"Her kim prezident bolup biler. Konstitusiýany alyň, eliňizi goýuň, birnäçe gezek "ant içýärin" diýiň we "men prezident " diýlen kagyza gol çekiň we ony jübiňize salyň" diýip, Tihanowskaýanyň toparynyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Mundan ozal oppozisiýa lideri Tihanowskaýa inagurasiýa dabarasyny geçirmek boýunça islendik synanyşygyň “bikanundygyny” duýdurypdy.

2002-2019-njy ýyllar aralygynda Belarusyň Polşada, Fransiýada, UNESKO-da we Ispaniýada ilçisi bolup işlän hem-de oppozisiýanyň Utgaşdyryjy Geňeşiniň bir bölegi bolan Pawal Latuşka Telegram kanalynda ýurt "görlüp-eşidilmedik ýagdaýa şaýat boldy" diýip ýazdy.

"Saýlawda 80% -den gowrak ses alandygyny öňe sürýän, işinden gidýän prezident kasam kabul etmek üçin ýörite operasiýa geçirdi. Gozgalaň polisiýasynyň goragynda, gizlinlikde, howlukmaç getirilen resmileriň dar toparynda. Şatlykly raýatlar nirede? Diplomatik korpus nirede?" diýip, Latuşka ýazdy.

"Dogrymy aýtsam, bu başga bir ogrynyň täç geýdirilmegi üçin ogrularyň ýygnagyna meňzeýär" diýip, Latuşka belledi.

Lukaşenka özüni altynjy möhlete wezipä getiren 9-njy awgust prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine garşy geçirilýän ozal görlüp-eşidilmedik umumymilli protestleriň arasynda 26 ýyllyk dolandyryşynyň iň uly päsgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy Minsk şäheriniň ýaşaýjylarynyň paýtagtyň merkezindäki hökümet binasynda, Garaşsyzlyk köşgüniň golaýynda adaty bolmadyk işjeňligi görendigini we şäheriň käbir ýerlerinde ulaglaryň petiklenendigini habar berdi.

Lukaşenka kasam kabul ediş dabarasynda eden çykyşynda "meselelerimizi özbaşdak çözeris, daşardan hiç kim gatnaşmazdan ylalaşyga geleris, kanunlary berjaý etmek we birek-birege hormat goýmak bilen ähli sosial synplaryň hyzmatdaşlygyny üpjün ederis" hem diýdi.

Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we beýleki Günbatar ýaranlary 9-njy awgustda geçirilen saýlawlaryň netijelerini we demonstrantlara garşy ulanylýan zorlugy ýazgardylar.

23-nji sentýabrda Slowakiýanyň daşary işler ministri Iwan Korkok Lukaşenkanyň "öz ýurduna ýolbaşçylyk etmäge kanuny hukugynyň ýokdugyny" aýtdy.

Lukaşenkany ýygy-ýygydan tankytlaýan Estoniýanyň öňki prezidenti Toomas Ilwes Lukaşenkanyň kasam kabul ediş dabarasyna jogap hökmünde ýazan tweetinde "özüňi prezident hökmünde işe başlatmagyň özi "sözüň doly manysynda" awtokratiýa" diýip ýazdy.

Moskwada Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Lukaşenkanyň kasam kabul ediş dabarasy barada maglumat bermekden saklandy we "eger olar şeýle karar kabul eden bolsa, onda olar muny ýerlikli hasaplaýandyrlar" diýdi.

Peskow Putiniň Lukaşenkanyň kasam kabul ediş dabarasyndan soň Belarusa sapar etmek planlarynyň ýokdugyny hem aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG