Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň ençeme obasynda güýzlük bugdaý ekişine heniz girişilmedi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň resmi metbugaty ýurtda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişiniň şu aýyň başynda başlanandygyny habar beren bolsa-da, Lebap welaýatynyň ençeme obasynda bu işe heniz hem girişilmedi.

Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy welaýatyň Darganata etrabynyň Başsakaoba we Kyrançyoba daýhan birleşiklerindäki 1 gektardan ybarat kärende ýerlerinde güýzlük bugdaý ekişine heniz hem badalga berilmändigini aýdýar.

"Ýerleri ekiş üçin suw tutmak işleri giç amala aşyryldy. Ýerleriň taba gelmegi üçin 1 aý çemesi wagt gerek. Kärendeçiler şondan soň ekişe başlap bilýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 25-nji sentýabrda gürrüň berdi.

2-nji sentýabrda resmi metbugat Türkmenistanda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren ak patasy esasynda, köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişiniň başlanandygyny habar berdi.

"Şu ýyl gelip gowşan täze tehnikalar ekerançylar üçin oňat goldaw bolar. Şol tehnikalar olara ekiş möwsümini has oňaýly möhletlerde geçirmäge kömek berer. Bu bolsa bereketli hasyly almagyň girewidir" diýip, Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) maglumatynda aýdyldy.

Bu ýyl Türkmenistan 690 müň gektar ýere bugdaý ekip, 2021-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almagy planlaşdyrýar.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan lebaply gallaçy kärendeçiler oktýabryň ahyrynda bugdaýyň eýýäm gögerip başlamalydygyny, ýöne heniz onuň tohumynyň hem ýere taşlanmandygyny aýdyp, munuň hasylyň hiline we onuň göwrümine täsir ýetirjekdigini duýdurýarlar.

Soňky ýyllarda türkmen hökümeti importy azaldyp, eksportyň ornuny tutýan önümleri, şol sanda galla önümleriniň öndürilişini artdyrmagy we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýändigini tekrarlaýar. Emma muňa garamazdan, soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri ýurt raýatlary beýleki azyk önümleri bilen bir hatarda, un we çörek gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Azatlygyň habarçysy ýurtda dowam edýän çörek we un gytçylygynyň fonunda, gallaçy kärendeçiler üçin obalara gelýän tohumlyk bugdaýyň ilki döwlet emeldarlary, şol sanda tohum ammarlarynyň resmileri tarapyndan ogurlanýandygyny hem aýdýar.

Ol Darganatanyň tohum ammarynyň anonimlik şertinde söhbetdeş bolan bir işgärine salgylanyp, häzirki wagtda kesgitlenen kada laýyklykda, resmiler tarapyndan kärendeçilere her 1 gektar ýer üçin 300 kilogram bugdaý tohumynyň berilmelidigini aýdýar. Ýöne bu möçber köplenç 150 kilograma deň bolýar.

"Soňky döwürde bu tohumlar uly kärende ýerleriniň eýeleri tarapyndan hem ogurlanyp başlandy. Ýokardaky emeldarlardan öwrenen kärendeçiler bolsa, ýere diňe 80 kilogram bugdaý tohumyny ekýärler. Galanyny degirmende un edip, çagalaryna iýdirýärler" diýip, habarçy belledi.

Ol muňa daýhan birleşikleriň resmileriniň hem göz ýumýandygyny aýdyp, munuň bugdaý hasylyna nähili täsir ýetirýändiginiň näbelli bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi.

Habarçy häzirki wagtda döwlet dükanlarynda ilata her aý satylmaly unuň hem öz wagtynda berilmeýändigini aýdyp, bazarlarda 50 kilogram unuň bahasynyň 600 manatdan geçýändigini belledi.

"Köp hojalyklaryň maşgala býujetine aýda 600 manat girdeji hem girmeýär" diýip, ol belledi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat, Dargatana etrap häkimliklerinden, şeýle-de agzalýan daýhan birleşikleriň resmilerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG