Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Babadaýhanlar ýene her dänesiniň müň bolmagyny arzuw etdi. Şertler öňküligine galýar


Ýaşulular "Beýik Biribaryň geljek tomusda ak bugdaýyň bereketli bol hasylyny eçilmegini" dileg edýärler. Türkmen TW-sinden alnan surat

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda, ozalky sowet respublikalary bilen gurlan gatnaşyklaryň bozulmagy bilen baglylykda dörän çörek, un gytçylygyndan bäri öz azyk garaşsyzlygyny gazanmak tagallalaryny edýär.

Türkmenistanda çörek, un gytçylygynyň dowam etmegi bilen, güýzlük bugdaýyň ekişi başlandy; ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini, eksport edilýän önümleriň möçberiniň artýandygyny habar berýän döwlet habar gullugy bu çäräni "strategik taýdan möhüm oba hojalyk ekininiň ekişi" diýip atlandyrdy.

TDH-nyň bu ekini "strategik taýdan möhüm" atlandyrmagy bir tarapdan taryhy sebäpler bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan häzirki oba hojalyk çökgünligi bilen bagly bolup görünýär. Elbetde, hökümet ýurtdaky oba hojalyk krizisini boýun almaýar we her ýyl diýen ýaly bugdaý planynyň dolandygyny habar berýär.

Türkmenistanda ilat köpçüligi, öňden gelýän çarwaçylyk däpleri we ýetde-gütde durmuş sebäpli un, çörek önümlerini köp iýýär diýip bilinýär.

"Biraz gurplanan maşgalalaryň çörek, hamyr önümlerini, etli-ýagly naharlary iýmegi azaltmagyna garamazdan, ýurtda ösýän işsizlik köp adamy şindem çaý bilen çörege baglap goýdy, elýeterli bahadan satylýan, ýerli şertde öndürilýän un ýeterlik bolmasa, köp adamyň güzeran aýlamagy kynlaşýar, sebäbi ýüz müňlerçe adam şindem tamdyrda çörek bişirip, bu aýdan ol aýa zordan ýetýär" diýip, Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi aýtdy.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda, ozalky sowet respublikalary bilen gurlan ykdysady gatnaşyklaryň bozulmagy bilen baglylykda dörän çörek, un gytçylygyndan bäri öz azyk garaşsyzlygyny gazanmak tagallalaryny edýär.

Adamlar öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň 1990-njy ýyllaryň başynda dörän çörek gytçylygynda aljyrap, ilaty köşeşdirjek bolşuny, soňra Eýranyň şol wagtky prezidentini, un meselesinde kömek eden kärdeşini "doganym" atlandyryşyny şindi hem ýatlaýarlar. Emma muňa garamazdan, ýerli bazarlarda satylýan azyk önümlerinden çen tutulsa, ýurt şindi hem köp babatda Eýran, Türkiýe, Owganystan, Orsýet ýaly ýurtlaryň önüm öndürijilerine garaşly bolmagynda galýar.

Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başynda ulanylan azyk karty
Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başynda ulanylan azyk karty

Ýerli synçylaryň, kärendeçileriň we hünärmenleriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, oba hojalygynda Nyýazow tarapyndan başlanan we häzirki prezident tarapyndan dowam etdirilen özgertmeler oba adamlarynyň aglaba köplüginiň garyp düşmegine, daýhanlaryň barha kän başga ugurlardan gazanç gözlemegine alyp geldi.

TDH-nyň we "Watan" habarlar programmasynyň maglumatlaryna görä, "oba hojalygynda hem oňat netijeler gazanylýar, daýhanlar ýokary hilli tohum, mineral dökünler, döwrebap tehnikalar, ýeterlik mukdarda himiki serişdeler we suw bilen üpjün edilýär" we Berdimuhamedow her ekişden öň "ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny aýdýar".

Bu ýyl Türkmenistan 690 müň gektar ýere bugdaý ekip, 2021-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almagy planlaşdyrýar.

Adatça boly ýaly, bu gezekki ekişiň öňünden hem "ýerleriň öz wagtynda sürlüp, dökün bilen gurplandyrylandygy", 11 müň iki ýüze golaý oba hojalyk tehnikasynyň ulanyljakdygy habar berildi.

Şeýle-de, TDH anyklaşdyrmazdan, oba hojalygynyň gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryny, elewatorlary hem-de saýlama tohumlyk bugdaý taýýarlaýan bölümleri bolan degirmen toplumlaryny, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga köp mukdarda maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigini habar berdi.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazowyň hasaplamalaryna görä, soňky onýyllyklarda hiç bir önüm bermejek, üstesine saklanmagy üçin uly döwlet harajatlaryny talap edýän desgalara harçlanan on millardlarça dollar bilen deňeşdirilende, ýurduň ilatynyň 70 prosentden gowragynyň ýaşaýan oba, etrap ýerleriniň infrastrukturasyna gönükdirilen döwlet serişdeleri juda az bolup görünýär.

"Eger-de döwlet boş duran binalara harçlan sermaýalarynyň ondan birini oba hojalyk desgalaryna, suw-tehniki işlerine, ýollara, köprülere we adamlaryň ýaşaýan ýerlerindäki ýyladyş, energiýa we agyz suwy ulgamlaryny gowulandyrmaga harçlan bolsady, häzirki çörek we un gytçylygy bolmazdy" diýip, Orazow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ýerli synçylaryň, şol sanda her ýyl diýen ýaly bergili çykýan kärendeçileriň köpüsiniň pikiriçe, ýurtda emele gelen azyk gytçylygyna döwletiň daýhanlary erksiz, arzan işçi güýji hökmünde ulanmak we saklamak synanyşyklary sebäp bolýar.

Türkmen resmileri Azatlygyň oba hojalygyndaky problemalar, şol sanda bugdaý plany doldurylandan soňam dowam edýän çörek nobatlarynyň, döwlet bahasyndan satylýan unuň töweregindäki nägilelikleriň sebäpleri barada almaga çalşan düşündirişlerini bermekden saklanýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG