Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uçarlar uçýar, ýylda millionlap ýolagçy gatnadýan otlular näme üçin gatnamaýar?


Otlularyň gatnan wagty. Arhiw suraty

Türkmenistanlylaryň fewralda hem otla münüp, gitjek ýerlerine gidip biljegi gümana bolup galýar. Sebäbi, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, otly gatnawlarynyň ýapyklygy 2021-nji ýylyň apreline çenli dowam etjege meňzeýär.

"Türkmendemirýollary" agentligi ýurtdaky ýolagçy otlularynyň gatnawlarynyň gaýtadan açyljak wagtynyň ýene bir aý, 1-nji noýabra çenli yza süýşürilendigini habar berýär. Ozal otly gatnawlarynyň 1-nji oktýabra çenli duruzylýandygy habar berlipdi.

Türkmenistanda ýolagçy otlularynyň gatnawlary ilki 16-njy iýuldan 23-nji iýula çenli aralykda, soňra 31-nji iýula, 15-nji awgusta, 1-nji sentýabra çenli "wagtlaýyn togtadyldy".

Bellemeli ýeri, ýylda 6 milliona golaý ýolagça hyzmat edýändigi aýdylýan demirýol gullugy, sanitar-epidemologiýa ýagdaýlary bilen baglylykda, 10-njy awgustdan başlap, Aşgabada gelýän we welaýatlara gatnaýan ýolagçylar üçin saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgünini girizdi.

Şonda ygtyýarly edaralardan alnan saglyk kepilnamalarynyň 72 sagat güýjüniň boljakdygy aýdylypdy. Emma muňa garamazdan, ýurtda koronawirus hadysalarynyň hiç biri resmi taýdan hasaba alynmadygam bolsa, togtadylan otly gatnawlarynyň gaýtadan açyljak möhletiniň yzygiderli yza süýşürilmeginiň anyk sebäpleri düşündirilmeýär.

Azatlygyň habarçysy otly gatnawlarynyň mundan öňki wada berlen soňky möhletinde, 1-nji oktýabrda hem dikeldilmejekdigini iki hepde gowrak öň, 15-nji sentýabrda habar berdi.

Şonda habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen resminiň sözlerine görä, demirýol işgärleriniň bir toparynyň "alýan aýlyklary azaldylsa, köp bölegi tölegsiz dynç alşa iberildi" we, otly gatnawlarynyň togtadylmagy diňe saglyk ätiýaçlyklary bilen bagly bolman, döwletiň ilata berýän "arzan demirýol hyzmatlaryny dowam etdirmekde çekýän harajat kynçylyklary bilen hem bagly bolup biler" diýip, habardar çeşme aýtdy.

Şol bir wagtda, "Türkmendemirýollary" agentliginiň resmi saýty, raýatlara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, 1-nji fewraldan başlap täze, VIP wagonlarynyň we VIP kupeleriniň ulanyşa giriziljekdigini "buýsanç bilen" habar berýär.

Emma muňa garamazdan, ençeme ýyl bäri her dürli hereket çäklendirmelerine sezewar bolýan türkmenistanlylaryň fewralda hem otla münüp, gitjek ýerlerine gidip biljegi gümana bolup galýar. Sebäbi, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, otly gatnawlarynyň ýapyklygy 2021-nji ýylyň apreline çenli dowam etjege meňzeýär.

Azatlygyň bu maglumaty başga, resmi çeşmelere tassyklatmak ýa inkär etdirmek synanyşyklary, şeýle-de, ýurt içindäki uçar gatnawlaryna rugsat berilýän wagtynda, uçar hyzmatlaryna garanda sosial aralygy saklamak mümkinçilikleri has uly bolan otly gatnawlarynyň beýle uzak ýapylmagynyň sebäplerini anyklamak üçin eden tagallalary häzirlikçe netije bermeýär.

Geçen ýylyň dekabrynda Hytaýda başlanan pandemiýa bilen baglylykda, Türkmenistan başda ýokanç kesellere garşy ýüzärlik we beýleki halk tebipçilik emleri bilen göreşmegi wagyz etdi, emma soňra, keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, serhetleri ýapmak, halkara uçar gatnawlaryny, şäherara awtobus, otly hyzmatlaryny duruzmak ýaly birnäçe çäklendirme girizdi.

Azatlygyň habarçylary bu çäklendirmeleriň barha çylşyrymlaşýan ykdysady ýagdaýlar, maliýe, manat kynçylyklary astynda güzeran aýlamaga çalyşýan ýönekeý adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda hereket çäklendirmeleri häkimiýetleriň birden regionlardan gelýän awtoulaglary paýtagtga goýbermezligi, gara ýa goýy reňkli awtoulaglary dilden gadagan etmegi, öz hususy awtoulaglarynda ýolagçy gatnadýan raýatlaryň işiniň kanunlaşdyrylmagyna ýol bermezligi, ýol gözegçileriniň barha köp "para soramagy" we beýlekiler bilen, hemişe uly problema bolmagynda galýar diýip, synçylar aýdýarlar.

Şeýle ýagdaýda otly gatnawlarynyň eýýäm iki aýdan gowrak togtadylmagy we onuň haçan açyljagynyň näbelli bolup galmagy bir topar sorag döredýär. Emma ol soraglara resmi düşündiriş berilmeýär.

Azatlyga gelip gowuşýan maglumatlara görä, ýylda 6 milliona golaý ýolagça hyzmat edýän otly gatnawlarynyň aýlap togtadylmagy bir tarapdan köp adamy kyn we uzak ýollara, käte howply syýahatçylyklara baş goşmaga iteklese, ikinji tarapdan, uçar gatnawynda dowam edýän korrupsiýanyň derejesiniň has ýokarlanmagyna "ýardamçy" bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG