Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda çäklendirmeleriň möhleti uzaldylýan mahaly, Daşoguzda her gün onlarça ýolagçy uçara goýberilmeýär


Türkmenistanda aeroportyň binasynda garaşýan ýolagçylar. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanda aeroportyň binasynda garaşýan ýolagçylar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda global pandemiýanyň fonunda hereket çäklendirmeleri saklanyp galýan mahaly, Daşogzuň aeroportunda her gün biletli ýolagçylaryň onlarçasy uçara münüp bilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän ýerli habarçysy munuň sebäpleriniň uçar biletleriniň göz öňünde tutulandan has köp adama satylmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

"Adatça her welaýatdan Aşgabada ýa-da beýleki sebitlere günde iki uçar reýsi bar. Bu uçar reýsleriniň her birinde bolmalysyndan 16-18 bilet artykmaç satylýar. Şol sebäpli bilet satyn alan ýolagçylar aeroporta ir gelmäge we uçara münmäge synanyşýarlar. Ýöne artykmaç satylan biletler sebäpli her reýsde 20-ä golaý ýolagçy uçara goýberilmeýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 15-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, uçar biletleriniň resmi bahasy 250-300 manat aralygynda bolsa-da, olary "araçylar" arkaly diňe 1000 manatdan satyn alyp bolýar. Ýöne uçara münüp bilmedik ýolagçylara bilediň diňe resmi bahasy yzyna berilýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Daşogzuň aeroportundan goşmaça maglumat almak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda hiç bir COVID-19 näsagynyň resmi derejede hasaba alynmandygyny aýdýan bolsa-da, martyň ahyryndan başlap ençeme çäklendirmeleri girizdiler. Şeýle-de, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň arasyndaky ulag, awtobus we otly gatnawlaryny çäklendirdiler.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň resmi websaýtynda ýolagçy otly gatnawlarynyň oktýabr aýynyň 1-ne çenli duruzylandygy habar berilýär. Mundan ozal bu gatnawlaryň ilki 15-nji awgusta, soňra-da 1-nji sentýabra çenli duruzylandygy mälim edilipdi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy ýagdaýdan habarly resmi işgärlere salgylanyp, otly gatnawlarynyň 1-nji oktýabrda hem dikeldilmejekdigini aýdýar.

"Häzirki wagtda demirýol işgärleriniň käbiri az aýlyk alýar, galan köp bölegi tölegsiz dynç alşa goýberildi. Welaýatlaryň arasynda otly, awtobus we taksi gatnawlary ýoklugy sebäpli hemmeler uçarda sapar etmäge synanyşýar. Üstesine-de, biletler 4-5 esse gymmatdan satylýar. Bu käbir adamlar üçin örän düşewüntli biznese öwrüldi" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan resmi işgär habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, türkmen hökümetine ýakyn “Orient.tm” neşiri Türkmenistanda söwda desgalarynyň işine girizilen wagtlaýyn çäklendirmeleriň möhletiniň şu ýylyň 15-nji oktýabryna çenli uzaldylandygyny habar berdi.

"Köpçülikleýin naharlanylýan ýerleriň - banket zallaryň, restoranlaryň, kafeleriň, naharhanalaryň we ş.m. - işine wagtlaýyn çäklendirmeler 15-nji oktýabra çenli uzaldyldy. Şuňa meňzeş çäklendirmeler hyzmat ediş desgalaryna, şol sanda kinoteatrlara, teatrlara, oýun attraksionlaryna, muzeýlere, gözellik salonlaryna, hammamlara, sport desgalaryna, basseýnlere, fitnes we aerobika klublaryna... hem degişlidir" diýlip, neşiriň 14-nji sentýabrda çap eden habarynda çäklendirmeleriň azyk we gündelik sarp ediş harytlaryny satýan dükanlara degişli däldigi hem aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, habarda "sosial hyzmatlar pudagynda saç kesmegiň we tikin atelýeleriniň ähmiýetiniň göz öňünde tutulyp", ozal bu desgalara berlen iş rugsadynyň 1-nji oktýabra çenli uzaldylandygy hem bellenilýär.

"Saç kesýänler we tikinçilik atelýeleri häzirki sanitariýa we arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý edip, 09:00-dan 20:00-a çenli işläp bilerler" diýip, neşir ýazýar.

Türkmenistanda resmiler ýa-da döwlet media serişdeleri ýurtda koronawirus bilen bagly girizilen çäklendirmeler, munuň ilata ýetirýän täsirleri, şeýle-de keselçiligiň ýaýramagy we onuň gerimi barada maglumat bermeýärler.

Azatlygyň habarçylary karantin çäklendirmeleri sebäpli işsiz galan ýa-da tölegsiz zähmet dynç alşyna iberilen adamlara köp duş gelse bolýandygyny habar berip gelýärler. Olar bu ýagdaýyň ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen bagly güzeran eklenji öň hem ýeňil bolmadyk maşgalalaryň ýagdaýyny has-da agyrlaşdyrandygyny belleýärler.

Geçen aý Azatlygyň Marydaky we Lebapdaky habarçylary welaýat ýaşaýjylarynyň Aşgabada we beýleki sebitlere işlemäge gitmek üçin howply hem-de çylşyrymly ýollary saýlap alýandygyny, şeý​le-de onlarça kilometri ýöräp geçýändigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG