Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Malýapda” bolan ulag heläkçiliginde üç adam öldi


Illýustrasiýa suraty

18-nji sentýabrda Daşoguz-Aşgabat gara ýolunyň ugrunda “Malýap” köprüsinde bolan awto ulag heläkçiliginde üç ýolagçy wepat boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Türkmenistanda welaýatlaryň arasynda hereket çäklendirmeleri dowam edýän wagty, welaýatlardan paýtagta gitmek isleýän raýatlar howply ýollary saýlap almaga mejbur bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy geçen hepdäniň anna güni Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çäginde bolan ulag heläkçiligi barada habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Daşoguz – Aşgabat gara ýolunyň ugrunda ýerleşýän etrap ýol gözegçilik nokadynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň dört işgäri gije wagty paýtagta barýan "Toyota Camry" kysymly bir taksi ulagynyň sürüjisinden 1,000 manat möçberinde para alyp, onuň paýtagta gitmegine rugsat berdi. Ulagda jemi alty adam bardy. Ýol polisiýasy sürüjiden öňünden maşyn çyksa, onuň çyrasy görnen badyna gyra sowulmagy tabşyrdy.

“Adatça, polisiýa MHM-niň barlagyndan gorkýar” diýip, habarçy aýdýar.

Sürüji polisiýa işgärlerine para berip, bäş ýolagçy bilen Aşgabada tarap ýola düşýär. “Malýap” köprüsine ýetende, polisiýanyň tabşyrygy boýunça, öňden gelýän ulagdan gizlenmek üçin gyra sowulýar we köprüden aşak gaçýar.

“Üç ýolagçy wakanyň bolan ýerinde jan berýär. Ölenler Akdepe etrabynyň ýaşaýjylary” diýip, habarçy akdepeli taksi sürüjisiniň hem-de heläkçilikden aman galan beýleki ýolagçylaryň pajygaly wakadan iki sagat soň, Daşogzuň welaýat keselhanasyna getirilendigini, hem-de olaryň häzirki wagtda reanimasiýada saklanýandygyny habar berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, sürüjiden para alyp, onuň Aşgabada ýolagçy äkitmegine rugsat beren dört polisiýa işgäri tussag edildi.

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň “Malýap” gözegçilik nokady Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çäginde, Daşoguz-Aşgabat ýolunyň 120-nji kilometrinde ýerleşýär.

Daşoguz welaýatynyň gündogar böleginde toplanýan zeý suwlary "Malýap" akabasynyň ugry bilen Türkmen kölüne guýdurylýar. Daşoguz – Aşgabat gara ýoly uly köpri bilen “Malýap” zeý kanalyny kesip geçýär.

Koronawirus pandemiýasynyň fonunda hiç hili wirus wakasyny hasaba almadyk Türkmenistanda häkimiýetler mart aýynda welaýatlaryň arasynda hereket çäklendirmelerini güýje girizdi. Welaýatlaryň arasyndaky ulag we otly gatnawlary çäklendirildi. Uçar gatnawlary ýolagçylardan saglyk kepilnamalaryny talap edýär. Bu çäklendirmeler eklenç gözleginde iş gözläp, ýa-da başga maksatlar bilen Aşgabada barýan welaýat ýaşaýjylarynyň ykdysady durmuşyna agram saldy. Çäklendirmelere garamazdan, welaýatlaryň arasynda gizlin ýollar bilen ýolagçy gatnadýan taksi sürüjileri hem peýda boldy.

10-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan Aşgabada uçar gatnawlary bilen gitmek isleýän raýatlardan aýrybaşga üç kepilnamanyň talap edilýändigini habar berdi. Ol ýaşaýjylaryň saglyk öýlerinden bu kepilnamalary almak üçin uzyn nobatlarda garaşmaga mejbur bolýandyklaryny belledi.

Lebaply habarçy awgustyň başlarynda Türkmenabatdan iş gözleginde Aşgabada howply şertlerde sapar edýän işçiler barada habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, işçileriň arasynda howply şertlere döz gelip, “gara iş” gözleginde Aşgabada ýük daşaýan wagonlarda ýaşryn gidýän raýatlar bar. Şol bir wagtda “käbir adamlar konteýnerleri daşaýan ulaglarda gidip, ömrüni howp astynda goýýarlar” diýip, habarçy şonda gürrüň berdi.

"Otlyda gidýän adamlar maşiniste 1000 manat töleýärler. Konteýnerde gidýänler bolsa, 800 manat töleýärler. Raýatlar tutulsa, olara 10 müň manat jerime salynýar. Ýük ulaglarynda adamlaryň sapar etmegi üçin şertler ýok. Käbir adamlaryň howa ýetmän, saglyk şertleriniň ýaramazlaşýandygy barada maglumatlar bar" diýip, habarçy 10-njy awgustda gürrüň berdi.

Türkmenistanda ýolagçy otly gatnawlary 15-nji oktýabrda çenli ýatyryldy.

“Malýap” köprüsinde bolan ulag heläkçiligi Türkmenistanda resmi taýdan ýol-hereket howpsuzlygynyň nobatdaky biraýlygy dowam edýän wagty boldy.

Ýurtda hereket çäklendirmeleri dowam edýän wagty, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Daşoguz-Aşgabat gara ýolunyň ugrunda ýol hadysalarynyň ýygjamlaşýandygyny aýdýar.

“Adamlar agyr şertlerde işe gitmek maksady bilen eklenç üçin gurban bolýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Sentýabryň başlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary welaýatlardaky polisiýa işgärleriniň bir böleginiň paýtagtda güýçlendirilýän howpsuzlyga gözegçilik maksady bilen Aşgabada ugradylandygyny habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG