Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Garabogaz kölüniň üstünden ini 21, uzynlygy 354-metrlik köpri gurmagy planlaşdyrýar


Lebap welaýatyndaky köne köprüleriň biri. Arhiw suraty
Lebap welaýatyndaky köne köprüleriň biri. Arhiw suraty

Türkmenistan Garabogaz kölüniň üstünden täze awtomobil köprüsini gurýar, bu barada 5-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda habar berildi.

Wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewiň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda aýdylmagyna görä, «Türkmenbaşy- Garabogaz-Gazagystanyň serhedi» awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek, Garabogaz kölüniň üstünden täze awtomobil köprüsini gurmak tagallalary edilýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, Türkmenbaşy şäherinden Gazagystanyň serhedine çenli uzynlygy 225 kilometr bolan awtomobil ýoluny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen, ini 22,5 metr, iki gatnawly, her tarapa iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan täze, döwrebap awtomobil ýoluny we hyzmat ediş desgalaryny, şeýle hem Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän ini 21 metr, uzynlygy 354 metr bolan täze awtomobil köprüsini gurmak teklip edilýär.

Neşir wise-premýeriň döwlet baştutanyna degişli desgalaryň taslamalaryny hödürländigini habar berýär, emma täze ýol we köpri gurluşyklarynyň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi, şeýle-de bu işiň ýerli gurluşykçylara ynanylyp-ynanylmajakdygy aýdyňlaşdyrylmýar.

Täze ýol we köpri gurluşyklary baradaky habar Türkmenistanyň ýollarynda bolýan betbagtçylykly ýol hadysalary barada daşary ýurt metbugatyna syzyp çykan maglumatlaryň we prezident Berdimuhamedowyň içeri işler ministri Isgender Mulikowa nobatdaky soňky duýduryşyny we käýinjini beren wagtynyň yz ýanyna gabart geldi. Emma prezidentiň käýinjinde ýollaryň ýagdaýy agzalmady.

Türkmenistan garaşsyzlygyň başyndan bäri paýtagt bilen regionlaryň arasyndaky ýollary döwrebaplaşdyrmagyň aladasyny edýär, şol bir wagtda uly ýollar hem, etrap aralaryndaky ýollar, oba ýollary hem juda ýaramaz bolmagynda galýar diýip, ýerli çeşmeler habar berýär. Emma türkmen mediasy bu ýollarda bolýan heläkçilikli hadysalar barada maglumat bermeýär.

Şu ýylyň başyndaTürkmenistan ozalady eşidilmedik “Türkmen Awtoban” ýapyk paýdarlar jemgyýetine "Aşgabat-Türkmenabat" ýokary tizlikli ýoluny gurmagy we dolandyrmagy ynandy.

Bu ýoluň gurluşygynyň türkmen gaznasyna ABŞ-nyň 2,3 milliard dollaryna düşjekdigi habar berilýär. TDH-nyň maglumatyna görä, täze guruljak “awtomobil ýoly bir ugurda üç ulag zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly, iki ugurda jemi sekiz zolakly bolup, onuň umumy ini 34,5 metre barabar bolar”.

“Türkmen Awtobanyň” Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydygy habar berilýär, emma onuň ýolbaşçysynyň kimdigi aýdylmaýar.

"Aşgabat-Türkmenabat" ýoly derýalaryň we demir ýollaryň üstünden geçýän köprüleriň 8-sini, awtomobil ýollarynyň üstünden geçýän köprüleriň 22-sini, ýerasty geçelgeleriň 76-synyň gurluşygyny öz içine alýar.

Şol bir wagtda, türk firmasy tarapyndan taşlanyp gidilen “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýolunyň gurluşygynyň nähili ýagdaýda durandygy belli däl. Prezident Berdimuhamedow geçen ýylyň aprelinde “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunda gurluşyk işleriniň "öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny" nygtady.

Bu awtomobil ýoly ozal türkmen hökümeti bilen baglaşylan şertnama esasynda Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy tarapyndan gurulýardy. Resmi Aşgabat bu gurluşygyň togtadylmagynyň sebäplerini düşündirmegi zerur bilmedi. Sosial mediada çykan habarlarda bu işiň togtamagy Aşgabadyň töleg ukybynyň pesligi bilen baglanyşdyrylýar.

Şeýle-de, “Polimeksiň” we beýleki potratçy kompaniýalaryň Türkmenistanda gurluşygy tamamlanan desgalar, şol sanda bahasy 2 milliard dollardan geçýän Aşgabat aeroporty babatda doly hasaplaşyp bilmändikleri aýdylýar.

Türkmen hökümeti bu habarlary ne ret edýär, ne-de tassyklaýar.

XS
SM
MD
LG