Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

70 töweregi hytaýly gaz hünärmeni Türkmenistana dolandy


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy. 15-nji dekabr, 2009-nji ýyl. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy. 15-nji dekabr, 2009-nji ýyl. Arhiwden alyndy.

Samandepe gaz ýatagynyň çägindäki gaz kompressor stansiýalarynda zähmet çekýän 70 töweregi hytaýly hünärmen 29-njy sentýabrda howa ýollary arkaly Hytaýdan Türkmenistana dolandy. Türkmenabadyň halkara aeroportyna gonan uçarda pandemiýa sebäpli alty aýdan gowrak wagt bäri Hytaýda saklanyp galan türkmenistanly bir lukman hem bar. Hytaýly hünärmenler Farap etrabynyň çäginde 14 günlük karantine ýerleşdirildi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

“Farapdaky Hytaýa gaz iberýän Samandepe gaz kompressor stansiýasynyň hünärmenleri Hytaýdan geldiler. Olar Farapda 14 günlük karantine ýerleşdirildi” diýip, habarçy habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, hytaýly hünärmenler bilen bir hatarda ýurda dolanan türkmen raýaty Türkmenabadyň köp ugurly hassahanasyna ýerleşdirildi.

Samandepe gaz ýatagynda 100-e golaý hytaý hünärmeni işleýär. “Fewral aýynda Hytaýa giden hünärmenler pandemiýa sebäpli Türkmenistana dolanyp bilmän bir näçe wagt Hytaýda galmaly boldular. Olar öz ýurduna 1-nji fewralda täze ýyl baýramçylygyny bellemäge gidipdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistana dolanan 70 töweregi hytaýly hünärmeniň arasynda ýokanç keselleri boýunça bir türkmen lukmany hem bar.

“Ol lukman Aşgabadyň Çoganlydaky Ýokanç keselleri hassahanasynyň barlaghana lukmany. Ol Pekin şäherindäki türkmen ilçihanasynyň işgärlerinden gan barlagyny almak üçin fewralda Pekine baryp, uçarlar ýatyrylandan soň, şol ýerde galdy” diýip, habarçy habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, pandemiýa başlamazdan öň, hytaý hünärmenleri Samandepedäki gaz kompressor stansiýasynda her 4-5 aýda bir gezek çalşyk esasynda işleýärdi. Hytaýtdan ýurda gelen soňky topar Samandepä pandemiýa başlaly bäri gelen ilkinji hünärmenler topary bolup durýar.

Türkmenistan Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän Samandepe gaz ýatagyndan Hytaýa gaz iberýär. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizildi. Samandepe gaz ýatagy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn käniniň çägine girýär. “Bagtyýarlyk” käni häzirki wagtda Türkmenistanyň üsti açylan iň iri iki gaz käniniň biri bolup, onuň çägindäki ýataklary gözlemek, gurnamak we işläp taýýarlamak işlerini Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy amala aşyrýar.

Bu aralykda, 29-njy sentýabrda “Interfaks” habar agentligi hytaý gümrükhanasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Hytaýa gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň birinji orunda durýandygyny habar berdi.

Maglumata görä, Türkmenistan Hytaýa gaz üpjünçiligini 1,8 mlrd kub metr töweregi artdyrdy.

2019-njy ýylyň ahyrynda Hytaýdan uç alan koronawirus pandemiýasy ýurtlaryň arasynda ýolagçy gatnawlaryny çäklendirdi. Türkmenistanyň howa ýollary kompaniýasy Hytaýa uçar gatnawlaryny fewralyň başynda togtatdy.

Bu aralykda, 1-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy welaýatyň administratiw merkezinde maska geýmek düzgünine gözegçiligiň güýçlendirilýändigini habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenabat şäherinde polisiýa işgärleri ýörite awtobuslarda aýlanyp, maska geýmeýän raýatlary polisiýa bölümine alyp gidýärler. Ol maska geýmezligiň jerime töleginiň 28 manatdygyny habar berdi.

“Bir raýat maskasyny elinde tutup barýardy. Polisiýanyň ýörite awtobusy onuň ýanynda saklandy we polisiýa işgärleri zorluk bilen ony awtobusa mündürjek boldy. Ol ‘maskamy ýaňy çykardym, ynha maskany dakdym’ diýse-de, ony awtobusa mündürdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň saglyk edaralary şu wagta çenli ýurtda resmi taýdan hasaba alnan koronawirus hadysasy barada habar bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG