Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylar ýurda getirilýär. Türkiýeden gelenler soraga çekilýär


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistan pandemiýa başlaly bäri daşary döwletlerde galan raýatlaryny ýurda getirmegini dowam etdirýär. Türkiýeden ýurda dolanan türkmenistanlylar soraga çekilip, iki hepdelik hökmany karantine ýerleşdirilýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we hökümete tarapdar “Türkmenportal” neşiri habar berýär.

24-nji sentýabrda giçlik "Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň Boeing-777-200LR çarter uçary Stambuldan Türkmenabadyň aeroportuna geldi. Bu uçarda koronawirus pandemiýasy sebäpli uçuşlar bes edilenden soň daşary ýurtlarda galmaga mejbur bolan türkmen raýatlarynyň takmynan 283 sanysy Türkmenistana getirildi.

“Türkmenportal” neşiri aeroportuň maglumat gullugyna salgylanyp, bu uçuşyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugy bilen gurnalandygyny aýdýar.

"Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) tekliplerine laýyklykda, Türkiýeden çarter reýsinde gelen raýatlaryň ählisi iki hepdelik karantin astynda saklanar" diýip, neşir belleýär.

Bu uçar reýsinde gelen türkmenistanlylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň ýerli habarçysy Stambul uçarynda ýurda dolanan ýolagçylaryň ählisiniň soraga çekilendigini habar berýär.

"Olara "Nirede işlediň? Nirede ýaşadyň? Näme bilen meşgullandyň?" ýaly soraglary beripdirler. Aeroportuň işgärleri olaryň ähli goşlaryny açyp dörüpdir. Olaryň mobil telefonlaryny ellerinden alyp, bagažynyň içine goýdurypdyrlar we şol goşlary aeroportuň bagaž saklanýan terminalyna geçiripdirler. Şeýle-de olaryň ýany bilen getiren çilimi 2-den köp bolsa, aeroportuň işgärleri hiç hili düşündiriş bermezden, "bolanok" diýip alyp galypdyr" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy 28-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Mundan öň Azatlygyň ýurt içindäki ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň türkmen raýatlaryny Türkiýeden iň soňky nobatda göçürmek kararyna gelendigini we munuň türkmenistanlylaryň bu ýurtdaky protest aktiwligi bilen baglanyşyklydygyny habar beripdiler.

Habarçynyň sözlerine görä, Stambul reýsinde ýurda dolananlaryň arasynda Germaniýadan we Nýu-Ýorkdan gelen türkmen raýatlary hem bar. Ýolagçylaryň jemi sany takmynan 283 adama barabar bolup, olaryň 70%-i Lebabyň köpugurly hassahanasynda, galan bölegi harby çadyrlarda karantinde saklanýar.

"Stambuldan gelen uçarda maşgalaly raýatlar, şol sanda aýallar, erkekler, çagalar, ýagny ähli ýaşdaky adamlar bar. Köpugurly hassahana ýaş çagaly eneler we näsaglar ýerleşdirildi. Çagaly eneleriň ýoldaşlary harby çadyrda saklanýar. Gelen raýatlaryň 10%-i studentler bolup, galanlary işlemäge giden raýatlar. Olaryň arasynda bejergi almana giden we pandemiýa sebäpli uçar reýsleri ýatyrylyp, dürli ýurtlarda galan raýatlar hem bar" diýip, habarçy belledi.

Habarçy karantin zolaklaryna ýerleşdirilen raýatlaryň 14 günüň dowamynda 3 gezek test tabşyrmalydygyny, olaryň her biriniň bahasynyň 100 manada barabardygyny aýdyp, munuň raýatlaryň öz hasabyna amala aşyrylýandygyny hem belledi.

"Mundanam başga olar gan barlaglaryndan, şol sanda SPID analizinden geçmeli. Olaryň rentgen suratlary alynýar. Bularyň ählisi tölegli bolup, diňe raýatlaryň iýýän iýmitleri mugt berilýär" diýip, habarçy aýtdy.

Belläp geçsek, çadyr lagerindäki şertler barada resmi maglumat ýok. Ýurduň saglygy saklaýyş resmileri we metbugat serişdeleri hem bu barada habar bermeýär. Ýöne karantindäki adamlaryň garyndaşlarynyň Azatlyga habar bermegine görä, bu zolakdaky şertler ol ýerdäki adamlarda nägilelik döredýär. Ýöne karantin işgärleri we saglyk resmileri şertleri gowulandyrmak barada özlerine edilýän arz-şikaýatlara üns bermeýär.

Azatlygyň habarçysy Stambul-Türkmenabat aralygynda ýene bir çarter uçuşynyň boljakdygyny we munuň 30-njy sentýabrda amala aşyryljakdygy barada gürrüňleriň bardygyny hem belledi.

"2021-nji ýylyň apreline çenli hemme, hatda welaýatlaryň arasyndaky transport çäklendirmeleriniň saklanyp galjakdygy aýdylýar. Daşary ýurtlara çarter reýsleri bolmaz, diňe raýatlary ýurda getirmek üçin ýöriterleşdirilen reýsler bolar" diýip, habarçy ýagdaý bilen gönüden-göni tanyş ygtybarly çeşmä salgylanyp belledi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Türkmenabadyň aeroportundan, "Türkmenhowaýollary" kompaniýasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Bu aralykda, Azatlygyň beýleki bir habarçysy 28-nji sentýabrda Belarusda galan türkmen raýatlaryny Türkmenistana alyp gaýtmak üçin ýene bir çarter uçuşynyň gurnaljakdygyny we bu uçaryň agşam sagat 23:00 töwereginde Türkmenabadyň aeroportuna gonjakdygyny habar berýär.

Bu barada 27-nji sentýabrda “Türkmenportal” neşiri hem habar çap etdi. Neşir aeroportuň maglumat gullugyna salgylanyp, Minsk-Türkmenabat uçuşynyň "Türkmenhowaýollarynyň" Boeing 737-800 ýolagçy uçarynda amala aşyryljakdygyny we munuň Türkmenistanyň hökümetiniň buýrugy bilen gurnalýandygyny mälim etdi.

Türkmen häkimiýetleri öz raýatlaryny ýurda getirmek planlaryny awgustyň ortalarynda yglan etdiler. Türkmenistanyň hökümeti mundan öň, pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ozal yzyna dolanyp bilmedik türkmen raýatlaryny yzyna getirmek üçin Russiýa, Belarusa we Hindistana çarter uçuşlaryny gurady.

25-nji sentýabrda “Türkmenportal” neşiri "Sputnik" websaýtyna salgylanyp, 23-nji sentýabrda Türkmenistanyň 120 raýatynyň Özbegistandan gury ýer ýollary arkaly öz watanyna gaýdyp gelendigini habar berdi.

Türkmenistan COVID-19 bilen bagly ýekeje wakanyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýär. Türkmen hökümeti pandemiýa döwründe daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylaryň sanyny we häzire çenli olaryň jemi näçesiniň ýurda gelmegine kömek edilendigini anyklaşdyrmaýar.

Daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary türkmen hökümetini, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryny we konsullyklaryny öz raýatlary hakynda alada etmezlikde hem-de olar üçin goşmaça kynçylyk döretmekde tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.urkmenistant

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG