Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmiler pagtaçy kärendeçileriň arzyny ‘diňlemeýär’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň pagtaçy kärendeçileri ýygymçylara wagtynda töleg etmekde kynçylyk çekýär. Döwlet kärendeçileriň harmana tabşyran pagtasy üçin “on günlük tölegini” olaryň bank kartlaryna geçirýär. Ýöne kärendeçiler bankomatlarda pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýär. Arçynlyk daýhanlaryň arz-şikaýatyny kanagatlandyrmaýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji oktýabrda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, pagtaçy kärendeçileriň ençemesi ýerden girdeji gazanmak umydyny barha ýitirýär. Habarçy kärende ýer eýeleri bilen söhbetdeş boldy.

“Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň pagtaçy kärende ýer eýeleriniň ýygymçy daýhanlara bermäge pullary ýok. Olar ýygymçylara 1 kilogram pagta üçin 50 teňňe töleýär. Hökümet kärende ýer eýelerine olaryň harmana tabşyran pagtasy üçin her 10 günden 1 kilogram pagta üçin 40 teňňe pul töleýär. Ony nagt görnüşinde bermän, olaryň plastik kartyna geçirýär” diýip, habarçy maglumat berdi.

Türkmenistanda raýatlar indi üç ýyla golaý wagty bäri bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda dürli kynçylyklara sezewar bolýar.

“Kärende ýer eýeleri plastik kartlardan pullaryny bankomatlarda nagtlaşdyryp bilmeýär, şol sebäpden ýygymçy daýhanlara pul berip bilmeýär” diýip, habarçy habar berdi.

Kärendeçiler gowaça ösdürip ýetişdirmek üçin sarp eden çykdajylarynyň özüni ödemeýändigini aýdýarlar.

“Biz külte basdyrdyk, ekine azot berdik. Azody hökümet berse-de, biz ony traktorlara pul töläp, kärende ýerimize daşatdyk. Öz hasabymyza otag we ýekeleme işlerini geçirdik. ‘Nasos bejermeli’ diýip, pul çöplediler. Çykdajymyz gaty kän. Biz bergi etdik. Indi pagta-da ummasyz kän däl” diýip, maryly kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda resmiler metbugat çykyşlarynda ýurtda daýhan üçin ähli şertleriň döredilendigini öňe sürýärler, ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan kärendeçi daýhanlar suw, dökün we tehnika üpjünçiliginden häli-şindi şikaýat edýärler.

“Biz hökümete, arçynlyga ýagdaýy düşündirdik, ýöne arçynlyk biziň kartdaky pullarymyzy alyp bermäge kömek etmäge derek, ‘çykdajyňyzy ýapsaňyz bolar-la’ diýip, jogap berdi. Biz çykdajylarymyzy ýapyp bilsek razy. Ilkibaşda girdeji bolar diýip, höwes bilen ýapyşdyk. Häzir bolsa girdeji umydymyz gaçyp barýar” diýip, habarçynyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Maryly daýhan üpjünçilik bilen bagly arz-şikaýatlarynyň resmiler tarapyndan doly kanagatlandyrylmaýandygyny aýdýar.

Ol iki aý töweregi mundan ozal suw ýetmezçiligi barada Garagum etrabynyň etrap häkimligine arz edişi barada gürrüň berdi.

Kärendeçiniň sözlerine görä, etrap häkimliginiň işgärleri onuň suw baradaky şikaýatyndan ugur alyp, ýagdaýlary seljermek üçin ýörite topar düzüp, daýhanyň kärende ýerini gözden geçirýärler.

“Kärende ýerimi görkezenimde, häkimligiň işgärleri maňa ‘ýaşuly, sen gowy otag etmänsiň’ diýip, gaýta özümden tutdular” diýip, daýhan aýdýar.

“Näme gowy otag eden bolsam, suw gelerdimi?” diýip, kärendeçi daýhan häkimlik resmilerinden nalaýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Garagum etrabynyň etrap häkimliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Şu günler Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal, Lebap we Mary welaýatlarynda raýatlaryň mejbury pagta ýygymyna çekilýändikleri barada habar berdi.

Kärendeçi daýhanlar gowaça meýdanlarynda bu ýyl hasylyň ýabygorlydygyny aýdýarlar.

Turkmen.news neşiri 1-nji oktýabrada Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Gubadag hem-de Boldumsaz etraplarynda, şeýle-de Mary welaýatynyň Mary we Oguzhan etraplarynda hasylyň pesdigini habar berdi. “Ýaz ýagyşlary, suw joşmalary we tomus guraklygy onlarça iri kärendeçini ekinsiz goýdy” diýip, neşir ýazýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG