Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarusda syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap eden ýörişlerde ýurt boýunça ýüzlerçe adam saklandy


Adamlar oppozisiýa ýörişine gatnaşýar. Minsk. 4-nji oktýabr, 2020 ý.

4-nji oktýabrda onlarça müň belarusly ýurtdaky syýasy tussaglara goldaw bildirip köçelere çykanda ýurt boýunça 300-den gowrak adam saklandy.

Bu uzak wagtdan bäri häkimiýet başynda oturan Alýaksandr Lukaşenka garşy tapgyr 8-nji hepde geçirilýän köpçülik protestidir.

Oppozisiýaçy habar kanaly “Nexta” paýtagtda geçirilen ýörişlere 100 müňden gowrak adamyň gatnaşandygyny aýtdy. Polisiýa protestçileri dargatmak üçin suw toplaryny ulandy.

Protestçiler oppozisiýanyň ak-gyrmyzy baýdagyny galgadyp, deprek sesleriniň astynda tussaghanalara tarap ýöredi.

Howpsuzlyk güýçleri Minskiň merkezinde köçeleri baglady. Şäher merkezine gidilmegine päsgelçilik döretmek üçin käbir metro stansiýalary öz gapylaryny ýolagçylara ýapdy.

Brest, Hrodna, Gomel ýaly beýleki şäherlerde-de protest aksiýalary geçirildi.

Içeri işler ministrligi ýurt boýunça 317 adamyň saklanandygyny aýtdy. Saklananlaryň köpüsi, 258 adam sud edilmek üçin wagtlaýyn tussaglykda galýar. Saklananlaryň arasynda 17 žurnalist hem bar. Olardan bäş žurnalistden başga ählisi polisiýanyň dokument barlagyndan soň goýberildi.

Ýerli synçylaryň habar bermegine görä, öňki protestlerde bolşy ýaly, häkimiýetler protestçileriň guramaçylygynyň öňüne geçmek üçin mobil Interneti öçürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG