Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestleriň yzýany dörän häkimiýet boşlugynyň arasynda gyrgyz kanun çykaryjylary maslahat üçin zerur adam sanyny, kworumy ýygnap bilmeýär


Wagtlaýyn premýer-ministr wezipesine dalaşgär Sadyr Japarowyň tarapdarlary ýörişe gatnaşýar. 8-nji oktýabr, 2020 ý. Bişkek.
Wagtlaýyn premýer-ministr wezipesine dalaşgär Sadyr Japarowyň tarapdarlary ýörişe gatnaşýar. 8-nji oktýabr, 2020 ý. Bişkek.

Gyrgyz kanun çykaryjylary hepde başynda hökümeti işden çetleden köpçülik protestleriniň yzýany dörän häkimiýet boşlugynyň arasynda dowam edýän syýasy krizisi çözmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin zerur bolan adam sanyny, kworumy ýygnap bilmedi.

Geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen saýlawlarda sesleriň satyn alynmagy we ýerliksizlik aýyplamalary bilen tutaşan tolgunyşyk Hytaý bilen serhetleşýän hem-de Russiýanyň harby bazasy ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurduny aljyratdy, müňlerçe protestçi köçelere çykdy, hökümet binalaryny ele geçirdi.

Kanun çykaryjy Ryskeldi Mombekow 8-nji oktýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna parlamentiň adatdan daşary maslahatynyň wagtyny kesgitlemek üçin, täze ministrler kabinetiniň düzümini kesgitlejek wagtlaýyn premýer-ministri saýlamak üçin hem-de Sooronbaý Jeenbekowa ynamsyzlyk bildirilmegine karar bermek üçin geçen gije bir Bişkek myhmanhanasynda bary-ýogy 40 deputatyň ýygnanandygyny gürrüň berdi.

Kanun çykaryjylylaryň alýan kararynyň kanunylygyny gazanmak üçin parlament maslahatlaryna 120 deputatdan azyndan 61 deputat gatnaşmaly.

Munuň bilen işden gidýän parlament krizisi çözmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikinji gezek ýygnanyşmaga synanyşýar we bu hem başa barmady.

Oppozisiýa toparlary öňümizdäki aýlarda gaýtalanjak saýlawlara gözegçilik etmeli wagtlaýyn premýer-ministriň wezipesine dalaşgär hödürledi.

XS
SM
MD
LG