Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda ilatdan talap edilýän resminamalaryň sany köpelýär we "parahat" etrapçalarynyň ýazylyşy üýtgedilýär


Aşgabat, oktýabr, 2020 

Türkmenistanda pasport maglumatlarynyň köpçülikleýin hasaba alynmagy we ilatyň surata düşürilmegi dowam edýär. Mundan başga-da, döwlet edaralaryna ýüz tutulanda ilatdan talap edilýän dürli resminamalaryň sany köpelýär. Şu çaka çenli ýurduň ilaty dürli zerurlyklar, şol sanda ýurduň içinde hereket etmek, azyk satyn almak we bankomatlardan pul çekmek üçin ençeme resminama almaga mejbur bolupdy. Ilatdan talap edilýän sprawkalaryň sanyny yzygiderli köpeltmek tejribesi esasan welaýatlarda köp duş gelýärdi. Indi bu tejribe Aşgabat şäherine hem baryp ýetipdir. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary gürrüň berýärler.

Habarçymyzyň sözlerine görä, paýtagtyň döwlet edaralarynda dürli sebäplere görä ýüz tutýan ilatdan talap edilýän resminamalaryň sany ep-esli artypdyr. Mundan başga-da, şu günler paýtagtdaky adresleriň ýazylyşyna degişli talaplar duýdansyz üýtgäp başlapdyr:

- Jemagat edaralarynyň ählisi birden sprawka talap edip başladylar. Bu, adaty ýaşaýan ýeriňden alynýan dokumentlere, berginiň ýoklugy baradaky resminama we beýlekilere degişlidir. Indi ýene bir başga talap tapdylar. Bilşiňiz ýaly, Parahat kiçi etraplary diňe bir san bilen salanman, eýsem olarda bölekleýin goşmaça sanlar hem bar, ýagny diňe Parahat-3 däl-de, eýsem ol Parahat 3/1 we 3/2 diýlip, bölünýär. Bu Parahat 1 -de degişli. Şeýlelik bilen, ähli resminamalarda bu goşmaça sanlary aýyrmak talap edilip başlandy. Bu iş bolsa, dowzahyň ähli gatlaryndan geçmek ýaly bir topar azap çekmegi göz öňünde tutýar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 9-njy oktýabrda habar berdi.

Habarçynyň bellemegine görä, talap edilýän täze resminamalary almak köp sanly edara ýüz tutmagy we ep-esli maddy çykdajylary öz içine alýar.

- Munuň üçin etrap häkimligine, hasaba alyş edarasyna, GBTI, pasport bölümine we arhitektora ýüz tutmaly. Elbetde, ýazgydaky her üýtgeşiklik üçin pul tölemeli. Bir örän biwagt geçirilýän kampaniýa, adamlaryň diňe kiçijik ýazygyny üýtgetmek üçin ençeme ýere gatnamagyna we adamlaryň bir herde üýşmegine we dyknyşyklara sebäp bolýar. Bu bolsa aradan aýrylmadyk epidemiýa döwründe bolup geçýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýokançly keselçiligiň ýaýramagyna we ölüm hadysalaryň köpelendigine garamazdan, ýurtda koronawirusyň bardygyny henizem ykrar etmeýärler, emma ilatdan ähli ýerde maska geýmegi talap edýärler we bazarlary, hususy kärhanalary ýapyp, ilatyň girdeji çeşmesinden kesýärler. Şol bir wagt-da döwlet edaralarynda we banklarda adamlaryň mejbury köpçülik bolup üýşmegini görmezlige salýarlar. Ýurduň ähli künjeklerinde bankomatlaryň öňünde onlarça, käte ýüzlerçe adam bank kartlaryna geçirilýän aýlyklaryny, pensiýalaryny ýa-da kömek pullaryny almak umydy bilen birnäçe sagatlap nobata durýarlar.

Goşmaça resminamalaryň talap edilmeginiň we adresleriň üýtgedilmeginiň sebäpleri belli däl. Häkimiýetler munuň sebäbini ilata düşündirmeýär.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, köpler bu täze býurokratik talap döwlet edaralary üçin goşmaça girdeji çeşmesini döredýär diýip hasaplaýarlar.

- Bu kampaniýanyň ýeke bir maksadynyň - ilatdan ýene goşmaça pul ýygnalmakdygyna hemmeler düşünýär. Başga alajy bolmadyk adamlar goşmaça resminamalary ýygnamak üçin köp zähmet çekýärler. Ýeri gelende aýtsak, bu talap prezidentiň goşmaça resminamalary talap etmegi we döwlet edaralaryndan ownuk-uşak soraglar bilen raýatlara agyr ýük bermegi gadagan eden ýakynky görkezmelerine düýbünden ters gelýär. Resmiler agyr pul ýetmezçiligini raýatlaryň egnine atýarlar. Adamlara diňe zeýrenmek galýar, barýan ýerleriniň hemmesinde nobatlar bar. Emma köpler resminama almak pikirinden ýüz öwürýärler, sebäbi ähli tölegler üçin olarda ýeterlik pul ýok.

Azatlygyň habarçysynyň belleýşi ýaly, paýtagtyň Parahat kiçi etraplarynda goşmaça sanlaryň ýazylmagynyň üýtgedilmegine degişli täze düzgün bilen baglylykda pasportdaky ýazgylara näme boljagyny hem entek hiç kim bilmeýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň welaýatlarynda ilatyň pasport maglumatlaryny köpçülikleýin hasaba almak işi amala aşyrylýar. Welaýatlaryň ýaşaýjylary gezek gezeginde surata düşmek we şahsy maglumatlaryny ýazdyrmak üçin pasport bölümlerine köpçülikleýin ýüz tutmaly bolýarlar.

Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, paýtagtda entek beýle tejribe girizilmändir. Ol ýakynda paýtagtda azyndan iki gezek polisiýanyň, Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň we häkimlikleriň işgärleriniň azyndan iki gerek öýme-öý aýlanyp, ýaşaýanlary we ýazga duranlary öz sanawlary bilen deňedirip, belläp gidendigini belleýär.

Mundan ozal Azatlygyň Lebap we Mary welaýatlaryndaky habarçylary region ýaşaýjylaryna öz dokumentleri bilen ýaşaýan ýerleriniň administrasiýalaryna baryp, surata düşmegiň tabşyrylandygyny habar berdiler. Her kimiň hut özi baryp surata düşmegiň talap edilendigi sebäpli pasport ofislerinde garyndaşlary tarapyndan göterilip getirilen garrylary we syrkaw adamlary görmek mümkin. Häkimiýetler ilatyň hasaba alynmagynyň sebäplerini düşündirmedi.

Şol bir wagtyň özünde paýtagtdaky habarçylarymyzyň biri ilaty köpçülikleýin surata düşürmegiň ýurtda işe girizilýän elektron yzarlaýyş ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydygyny habar berdi:

- Bu "Akylly şäher" diýilýän global yzarlaýyş ulgamy. Suratlar adamyň ýüzüň awtomatiki görnüşde tanalmagy üçin ulgama girizilýär. Bu Hytaýyň tejribesine esaslanýar. Emma Aşgabatda henizem ýaşaýjylaryň suratlary ýygnalmaýar. Suratlaryň bir bölegi we barmak yzlary eýýäm adamlar pasport edinende hasaba alyndy. Aşgabatda pasporty bolanlaryň sany has köp, şonuň üçin barmak yzlary we surata düşürmek paýtagtda beýle möhüm däl. Içeri işler ministrliginiň we Migrasiýa gullugynyň maglumatlarynyň umumy baza girizilen bolmagy hem mümkin. Emma ýurduň gyrak ýerlerinde sanly ulgam arkaly hasaba alnan az, diýip habarçymyz 9-njy oktýabrda habar berdi.

Azatlyk Radiosy ilatyň şahsy maglumatlarynyň bellige alynmagy, döwlet edaralaryň talar edýän resminamalarynyň sanynyň köpelmegi we paýtagtdaky adresleriň ýazylyşynyň üýtgedilmegi barada Aşgabadyň häkimliginden resmi maglumat alyp bilmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG