Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz kanun çykaryjylary golaýda türmeden boşadylan Žaparowy  premýer-ministrlige tassyklady


Sadyr Žaparow

Adatdan daşary ýagdaý Bişkegiň köçelerinde bolan çaknyşyklary duruzmak üçin suwytly iş edip bilmedi, Žaparowyň tarapdarlary öňki prezident Almazbek Atambaýewi we premýer-ministrlige dalaş edýän başga bir kandidat Omurbek Babanowy goldaýan garşydaş partiýalara  tarap daş we çüýşe zyňdy.

Gyrgyzystanyň bölünen parlamenti Sadyr Žaparowy garpma-garşylykly ýagdaýda täze premýer-ministr edip belledi, ol ýurtda bolan dawaly parlament saýlawlarynda soň turan başagaýlyk arasynda, birnäçe gün öň türmeden boşadyldy.

Žaparowy tassyklamak üçin 10-njy oktýabrda geçirilen ses berişlik prezident Sooronbaý Jeenbekowyň yglan eden adatdan daşary ýagdaý düzgüninden bir gün soň geçirildi. Saýlawdan soň başlanan bidüzgünçiliklere we zorlukly wakalara garşy durmak üçin, şäheriň köçelerine harbylar çykaryldy.

Adatdan daşary ýagdaý 9-njy oktýabrda Bişkegiň köçelerinde bolan çaknyşyklary duruzmak üçin suwytly iş edip bilmedi, Žaparowyň tarapdarlary öňki prezident Almazbek Atambaýewi we premýer-ministrlige dalaş edýän başga bir kandidat Omurbek Babanowy goldaýan garşydaş partiýalara tarap daş we çüýşe zyňdy.

Emma Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri 10-njy oktýabrda, gozgalaňlary guramakda aýyplap, Atambaewi tussag etdi.

Atambaýew gaýtadan tussag edilenden birnäçe sagat soň, parlamentiň 120 agzasynyň ýarysyndan azragy Bişkegiň daşynda, Jeenbekowyň resmi rezidensiýasynda adatdan daşary mejlis üçin ýygnandy.

Parlamentiň adatdan daşary mejlisine diňe 51 deputat gatnaşdy, ýöne mejlisiň başlygynyň orunbasary gelip bilmedik deputatlardan ynanç hatyny alandan soň, olaryň sanawa goşulmagy netijesinde, gatnaşýan deputatlaryň sany 62 boldy.

Ses berişligiň kanunydygy ýa-da garşydaş partiýalar tarapyndan kabul edilip-edilmejekdigi entek belli däl.

Žaparow Jeenbekowyň hökümet döredilenden soň, garşydaş toparlaryň arasynda dörän çaknyşyklar sebäpli işden çekilmek barada beren wadasyny ýerine ýetirmegine garaşýandygyny aýtdy.

Žarow ses berişlikden soň 6-nji oktýabrda, protestler sebäpli işden çekilen öňki premýer-ministr Kubatbek Boronow döwründe işlän hökümet ministrlerini saklajakdygyny aýtdy.

Waşingtondaky Milli Goranyş uniwersitetiniň dosenti Erika Marat, Jeenbekow bilen Žaparowyň garşydaşlaryndan öňe geçip biljekdigini, emma syýasy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdy.

Wakalaryň bu ösüşi netijesinde, Žaparowyň ýerine ýetiriji prezident bolmak ähtimallygy hem bar. Kanun boýunça, prezident öz wezipesinden aýrylsa, onuň ygtyýarlyklary parlament spikerine geçer, ýöne mejlisiň başlygy bolmadyk halatynda, ýolbaşçylyk premýer-ministriň üstüne düşýär.

6-njy oktýabrda Bir Bol (Agzybirlik) partiýasyndan parlamentiň başlygy wezipesine saýlanan Myktybek Abdyldaýew 10-njy oktýabrda işinden çekildi we diňe spikeriň orunbasary Mirlan Bakirow tassyklandy.

"Prezident işinden çekilen halatynda, parlament spikeri onuň borçlaryny konstitusiýa laýyklykda ýerine ýetirmeli, emma ol işinden çekilensoň, bu ygtyýarlyklar premýer-ministr tarapyndan kabul edilýär" diýip, Bakirow TASS habar gullugyna aýtdy.

Populist syýasatçy Žaparowyň gümürtik taryhy bar.

Ol ozal Gyrgyzystanyň hökümetiniň ýokary derejeli agzasydy we 2010-njy ýylda häkimiýetden çetleşdirileli bäri Belarusda sürgünde ýaşaýan öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň geňeşçisi bolupdy.

Şeýle-de, tarapdarlary 6-njy oktýabrda türmeden boşadýança, ol 11.5 ýyl türme möhletini berjaý edýärdi. Žaparow 2017-nji ýylda döwlet işgärini girew almakda we beýleki jenaýatlarda aýyplanyp, azatlykdan mahrum edildi.

6-njy oktýabr agşamy bir topar deputat Bişkekde ýygnanyp, Ýokarky geňeşiň täze spikerini saýlady, soňra türmeden boşadylan Sadyr Žaparowy hökümet baştutany wezipesine hödürledi. Mundan biraz öň ýurduň Ýokary sudunyň kollegiýasy syýasatçynyň jenaýat işi bilen baglylykda aklanma hökümini çykardy.

Muňa jogap edip, Ýokarky geňeşiň täze döredilen Utgaşdyryjy geňeşine giren deputatlar kabul edilen kararlaryň bikanundygyny yglan etdiler we kärdeşlerini halk tarapyndan ynanylýan hökümet gurmak üçin adatdan daşary mejlis geçirmäge çagyrdylar.

Raýat aktiwisti Marat Tagaýew merkezdäki "Ala-Too" meýdançasynda geçirilen mitingde eden çykyşynda Sadyr Žaparowyň "tire-taýpa we jenaýat toparlarynyň goldawy bilen häkimiýete geçmäge synanyşýandygyny" aýtdy we munuň öňüni mümkin boldugyça çalt almaga çagyrdy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG