Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Owganystan we Türkmenistan üç taraplaýyn gepleşik geçirdiler


ABŞ-nyň Türkmenistandaky içihanasy, Aşgabat

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň wekilleri 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Owganystan, Türkmenistan we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda wideokonferensiýa arkaly üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.

Duşuşyga ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Syýasy meseleler boýunça kömekçisiniň orunbasary Deýwid Heýl, Owganystanyň Daşary işler ministri Muhammet Hanif Atmar we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky içihanasynyň websaýtynda 9-njy oktýbarda çap edilen beýanatda aýdylýar.

Gatnaşanlar özara meseleleri, şol sanda syýasat, howpsuzlyk we ykdysadyýet boýunça meseleleri çözmek üçin üçtaraplaýyn diskussiýalaryň ähmiýetini tassyklapdyr.

Maksatlaryň arasynda sebit howpsuzlygyny we ykdysady ösüşi goldamak üçin hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle-de sebitdäki ýurtlary hem halkara jemgyýetçiligini Owganystandaky parahatçylyk gepleşiklerine goldaw bermäge çagyrmak we Owganystanyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň Owganystany agzybir, özygtyýarly, demokratik we gülläp ösýän ýurda öwürmek ýaly meseleler görkezilýär.

Şeýle-de, howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny gowulandyrmak we serhetara howplara garşy göreşmek, şeýle hem terrorçylyk, neşe gaçakçylygy, kontrabanda we bikanun migrasiýa ýaly howpsuzlyk meselelerini çözmek üçin bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek; Owganystan, Türkmenistan we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeltmek üçin mümkinçilikleri kesgitlemek we goldamak ýaly meseleler öňe sürülýär.

Taraplar ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň (TIFA) arasynda bar bolan Söwda we maýa goýum çarçuwaly şertnamasyna laýyklykda söwda çäklendirmelerine täzeden garamak we gümrük düzgünleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly Owganystanyň, Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky söwdany ýeňilleşdirmek meselesini gozgadylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG