Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň daşary işler ministrleri Nawalnynyň zäherlenmegi sebäpli Orsýete garşy sanksiýalara seredýär


Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnyý
Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnyý

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri 12-nji oktýabrda Lýuksemburgda ýygnanyp, beýleki meseleleriň arasynda oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmeginde Orsýetiň güman edilýän roly sebäpli oňa garşy sanksiýa girizmeklige seredýärler.

Geçen hepde Fransiýa we Germaniýa Nawalnynyň zäherlenmegine jogapkär hasaplanýan rus raýatlaryna we "Nowiçok" toparyna degişli nerw agentini öndürýän bir gurama garşy sanksiýalary girizmek baradaky teklipleri öňe sürdüler.

Sanksiýalar baradaky teklip Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça guramanyň (OPCW) 6-njy oktýabrda Germaniýada, Fransiýada we Şwesiýada ýöriteleşdirilen barlaghanalaryň Nawalnynyň "Nowiçok" toparyna degişli nerw serişdesi bilen zäherlenendigini tassyklandan soň öňe sürüldi.

Germaniýa we Fransiýa Orsýeti Nawalnynyň zäherlenmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlary doly derňemezlikde we hiç kimi jogapkärçilige çekmezlikde günäkärledi.

"Şu nukdaýnazardan, jenap Nawalnynyň zäherlenmegine orsýetlileriň gatnaşmagyndan we jogapkärdiginden başga hiç hili düşündirişiň ýokdugyny hasaplaýarys", diýip Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas we onuň fransiýaly kärdeşi Jean-Ywes Le Drian 7-nji oktýabrda eden beýanatynda aýtdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň ýygnagynda sanksiýalar barada ylalaşyljakdygy ýa-da kararyň yza tesdiriljekdigi belli däl.

22-nji sentýabrda Berliniň keselhanasyndan çykarylan Nawalnynyň saglygy gowulaşýar. Kremliň tankytçysy Orsýetde uçarda zäherlenip, agyr ýagdaýda Germaniýanyň keselhanasyna eltilipdi.

ÝB-niň daşary işler ministrleriniň seredýän meseleleriniň ýene biri Belarusdaky wakalara, şol sanda Alyaksandr Lukaşenka garşy girizilen sanksiýalara degişli. Gün tertibindäki ýene bir möhüm mesele, Bileleşigiň Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky separatist Daglyk-Garabag regiony boýunça pozisiýa degişli.

Şeýle-de, ÝB-niň daşary işler ministrleri Gyrgyzystanda jedelli saýlawlardan soň dowam edýän wakalary ara alyp maslahatlaşarlar.

XS
SM
MD
LG