Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki COVID ýokuşmalary möwç alýar, wada berlen waksina gijä galýar


Twer. Sebit hassahanasynyň lukmany Orsýetiň koronawirusa garşy öndüren "Sputnik-V" sanjymyny alýar. 12-nji oktýabr, 2020.
Twer. Sebit hassahanasynyň lukmany Orsýetiň koronawirusa garşy öndüren "Sputnik-V" sanjymyny alýar. 12-nji oktýabr, 2020.

Wladimir Putiniň Orsýetiň ilkinji koronawirus sanjymyny tassyklandygyny yglan edenine iki aý geçip, her näçe döş ýumruklanan hem bolsa, 14-nji oktýabrda ýurtda gündelik wirus ýokuşmalary ilkinji gezek 14 müňden geçdi we wada berlen sanjym şindi hem köpçülikleýin öndürilmeýär.

Sentýabr aýynyň başynda, Orsýetdäki koronawirus ýokuşmalarynyň ýene gaýtadan möwç alýan wagtynda, moskwaly grafika dizaýneri Boris Mihailow meýletinçileri COVID-19 sanjymyny almaga çagyrýan onlaýn mahabatyny gördi.

Orsýetiň “Sputnik-V” atlandyrylan sanjymy geçen aý döwlet gözegçileri tarapyndan tassyklandy we Mihaýlow waksinanyň üçünji, ahyrky synagyna gatnaşmak kararyna geldi. By synag sanjymyň halkara derejesinde howpsuz we netijeli diýlip yglan edilmezinden öň geçirilýän soňky barlagdy.

“Näçe çalt synag edilse, sanjymy öndürmäge şonça hem çalt başlarlar. Ony näçe çalt öndürip başlasalar, adamlaryň ýogalmagynyň hem şonça çalt öňi alnar" diýip, 53 ýaşly meýletinçi şu hepde telefon arkaly eden söhbetdeşliginde aýtdy. "Bu sanjymy özümizde synag edip, biz rus alymlaryna kömek bermeli" diýip, ol pikirini jemledi.

Mihaýlow Moskwa şäher häkimliginiň web sahypasynda arza berdi we jogaba garaşdy. Soň ol çalasyn geçirilen lukmançylyk barlagyndan soň, zerur bolan iki sanjymdan birini almak üçin Moskwa klinikasyna çagyryldy.

Meýletinçi Boris Mihaýlow
Meýletinçi Boris Mihaýlow

Moskwanyň Gamaleýa institutynda, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän Göni maýa goýum gaznasynyň howandarlygynda işlenip düzülýän "Sputnik-V" sanjymynyň synag edilmegine kömek eden 40 müň meýletinçiniň biri bolan Mihaýlow sanjymyň özüne hiç ýaramaz täsiriniň bolmandygyny aýtdy. Bu sanjymyň ady sowet döwründe gazanylan üstünlige - 1957-nji ýylda komosa iberilen “Sputnik” hemrasynyň rowaçlygyna esaslanýar.

Ýöne prezident Wladimir Putiniň Orsýetiň ilkinji koronawirus sanjymyny tassyklandygyny yglan edenine iki aý geçip, her näçe döş ýumruklanan hem bolsa, 14-nji oktýabrda ýurtda gündelik wirus ýokuşmalary ilkinji gezek 14 müňden geçdi we wada berlen sanjym şindi hem köpçülikleýin öndürilmeýär.

"Belki-de, bu zadyň basymrak işikden çykarylmagy üçin görkezilýän syýasy basyşa alymlaryň özleri gaýtawul berendir" diýip, Wirjiniýadaky Arkalaşyk uniwersitetiniň professory, post-sowet saglygy goraýyş ulgamyny öwrenýän Judy Twig aýtdy. "Ýa-da, sanjymyň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin has köp wagt gerek bolan bolmagy mümkin" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Moskwa hem bu meselede ümsüm oturmady.

Ol “Sputnik-V” üçin birnäçe ygtyýarnama şertnamasyna gol çekdi, Hindistan sanjymyň 300 milliondan gowrak dozasyny öndürmegi niýet edinse, Braziliýa 1 milliarddan gowrak dozany satyn aljak 40 ýurduň biri bolup, onuň 50 millionyny öňünden sorandygyny aýtdy.

Orsýetiň Göni maýa goýun gaznasy bolsa, sanjymdan zeper ýeten halatynda, onuň hukuk jogapkärçiligini öz üstüne aljakdygyny yglan etdi.

Waksina partiýalary, awgust aýyynda tassyklanan adatdan daşary düzgün esasynda kesgitlenen öň hatarlara, Orsýetiň dürli sebitlerine hem iberildi. "Sputnik-V" sanjymynyň III tapgyr synag dowam edýän wagtynda bolsa, ýurtda tassyklanan iki sanjymyň bolmanda birini 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli ýaýradyp başlamak umydy bilen, Saglyk ministrligi oktýabr aýynyň ortalaryna ikinji rus sanjymyny hem tassyklamaga garaşýandygyny aýtdy.

Emma saglyk resmileriniň wada berýän gyssanmaç netijelerine garamazdan, halk içinde täze sanjymyň üstünlik getirjegine ynanmaýan hem az däl.

Golaýda geçirilen pikir soramalary Orsýetiň ilatynyň 70 göteriminiň koronawirus sanjymyny almajakdygyny görkezdi diýip, döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy habar berdi. Awgust aýynda geçirilen pikir soramalarda bolsa, saglyk işgärleriniň dörtden bir böleginden hem az adam bu sanjyma gyzyklanma bildirdi. Lukmanlaryň oppozisiýa tarapyndan goldanýan kärdeşler arkalaşygy bolsa, öz agzalaryny bu sanjyma garşy kampaniýa geçirmäge, ondan ýüz öwürmäge çagyrdy.

Kärdeşler arkalaşygy, Lukmanlar bileleşigi ekran suratlaryny görkezýän wideoýazgyda:

"Biziň ýolbaşçylarymyz siziň saglygyňyzyň we azatlyklaryňyzyň hasabyna, kanuny bozmak we synag janaweri hökmünde hökümet synaglaryna gatnaşmaga mejbur etmek bilen, öz maksatlaryna ýetjek bolmaly däldir" diýip, Lukmanlar ýaranlygynyň çap eden wideosynda aýdylýar we medisina işgärlerine sanjym etmek üçin basyş görkezilýändigi aýdylyp, suraty alnan dokumentler görkezilýär.

"Häzir köp orsýetli ýene bir problema, kanuna düýpden ters gelýän mejbury COVID-19 sanjymy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Siz muňa garşy göreşip bilersiňiz, munuň üçin biz sanjymdan ýüz öwürmek barada ýazylan arzanyň nusgasyny taýýarladyk" diýip, Lukmanlar ýaranlygy aýdýar.

Göni inwestisiýa gaznas "Sputnik-V" synaglarynyň meýletindigini, Orsýetde hiç kimiň oňa gatnaşmaga mejbur edilmejekdigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG