Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan, Azerbaýjan biri-birini täze ýaraşygy bozmakda aýyplaýar


Genje. Hüjümden soňky ýagdaý.
Genje. Hüjümden soňky ýagdaý.

Ermenistan bilen Azerbaýjan Dagly-Garabag sebitindäki söweşi togtatmak üçin 18-nji oktýabrda güýje giren ýaraşygy güýje girenden birnäçe sagat soň bozup, ýene bir-birini aýyplady.

Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary 18-nji oktýabrda irden duşman tarapyndan raketa we top oklarynyň atylandygyny aýtdy.

Biraz soň Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni güýçlerini söweşýän taraplary bölýän Aragatnaşyk liniýasynda artilleriýa we minomýot oklaryny atmakda aýyplady.

Bu aýyplamalar Ermenistan bilen Azerbaýjanyň biraz öň täze ýaraşyk barada ylalaşyga gelendiklerini aýdyp, 17-nji oktýabr güni giçlik iki ýurduň DIM-leriniň web sahypalarynda birmeňzeş beýannama çap etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

27-nji sentýabrda täzeden başlanan söweş azyndan 600 esgeri we parahat ýaşaýjyny öldürdi.

XS
SM
MD
LG