Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Prezidentiň wezipeden çekilmegi". Žeenbekowyň ýöwselliginiň sapaklary


Sooronbaý Žeenbekow prezidentlik wezipesinden aýrylandan bir gün soň ýurduň parlamentiniň nobatdan daşary sessiýasyna bardy. Bişkek, 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabry.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow özüne mälim bolan problemalary çözüp bilmändigi üçin, wezipesinden çekilmäge mejbur boldy. Žeenbekow 15-nji oktýabrda resmi ýagdaýda Gyrgyzystanyň prezidenti wezipesinden çekilýändigini mälim etdi.

Üç ýyla golaý wagtyň dowamynda döwlet ýolbaşçysy bolup, aýratyn bir iş başaryp bilmedi. Ahyrky netijede hut şol problemalar, özüniň bilýän, emma ýeterlik derejede çözüp bilmedik meseleleri onuň wezipeden aýrylmagyna sebäp boldy.

Gyrgyzystanda 4-nji oktýabrda geçen parlament saýlawlary Žeenbekowyň wezipe basgançagynyň soňuna ýetdi.

Administratiw mümkinçiliklerden peýdalanmak hem-de sesleri satyn almak arkaly hökümete degişli bolan iki partiýa «Birimdik»bilen«Mekenim Gyrgyzystan»örän uly ýeňiş gazandylar.

Žeenbekowyň dogany Asylbek «Birimdik»partiýasyndan kandidatdy, olar iň köp – 24,9% ses gazandylar.

Bişkek: proteste çykanlary dargatmak, soňra bolsa hökümet jaýynyň eýelenmegi. (2020-nji ýylyň 6-njy oktýabry)

22-nji awgustda Gyrgyzystanyň «Birinçi radiosyna»beren interwýusynda prezident Sooronbaý Žeenbekow saýlaw kompaniýasy döwründe administratiw mümkinçiliklerden peýdalanmak barada bildirilen aladalary ret etdi.

– Biziň jemgyýetimiz şeýle bir açyk, beýle işler – administratiw resurslardan peýdalanmak bolup bilmez – diýip, Žeenbekow mälim etdi.

Munuň özi, elbetde, Gyrgyzystanyň ýaşaýjylary üçin gizlin däldi, ses sanawlarynyň jemi mälim edilenden soň, köp adam närazylyk protestini bildirip köçä çykdylar. Olar saýlawlarda «Birimdik»partiýasynyň administratiw mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýokary görkeziji gazanandygyny aýtdylar.

«YNANYP BOLMAJAK ÝEŇIŞ»

Her nähili-de bolsa, Žeenbekowyň ol aýdany üns bermäge mynasyp, ol söz 2017-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynda, şol döwürdäki prezident Almazbek Atambaýewiň goldawyny alyp, ýeňiş gazanan adamyň agzyndan çykdy.

Gyrgyzystanyň eks-prezidenti Almazbek Atambaýew (çepde), ol häzir gözenegiň aňyrsynda otyr hem-de eks-prezident Sooronbaý Žeenbekow 2017-nji ýylyň noýabrynda.
Gyrgyzystanyň eks-prezidenti Almazbek Atambaýew (çepde), ol häzir gözenegiň aňyrsynda otyr hem-de eks-prezident Sooronbaý Žeenbekow 2017-nji ýylyň noýabrynda.

2017-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryndan birnäçe aý öň geçirilen jemgyýetçilik soraglarynda, Žeenbekowyň görkezijisi örän pesdi. Oňa derek iň golaý hem esasy bäsdeşi Omurbek Babanowyň görkezijisi 20%, hatda ondanam köpräkdi.

Ýöne Žeenbekow saýlawyň birinji tapgyrynda 54, 67% ses gazanyp, bäsdeşinden öňe saýlandy. Babanowa bolsa 33,77% ses berildi.

Synçylar muňa Žeenbekowyň geň galdyryjy hem ynanyp bolmajak ýeňşi hökmünde baha berdiler.

Şu ýylyň 4-nji oktýabrynda geçen parlament saýlawlarynyň öň ýanynda, sesleriň satyn alynýandygy baradaky aýyplamalar giň ýaýrady hem-de saýlawçylary saýlaw uçastoklarynda hasaba alýan, «forma№2»diýlip tanalýan dokumentiň kadaly ulanylmaýandygy barada aýyplamalar ýüze çykdy.

Žeenbekow şuňa meňzeş şikaýatlary eşidendigini birnäçe gezek aýtdy, ýöne muňa degişli hiç bir deliliň ýokdugyny hem mälim etdi.

5-nji sentýabrda Gyrgyzystanyň «Birinçi radiosyna»beren interwýusynda prezident Žeenbekow sesleriň satyn alynmagy baradaky soraga «ol her birimiziň şahsy çözgüdimiz» diýip ähmiýetsiz jogap gaýtardy.

Prezident hökmünde ol öz ýurduna sesleri satyn almagyň kanuny bozýandygyny, saýlaw düzgünlerine dogry gelmeýändigini aýtmalydy [aýdyp bilmedi].

Ol şeýle hem saýlawçylara bäş ýyl möhlet bilen saýlanýan parlament üçin ses berýändiklerini, öz sesiňi satyp aljak puluň bolsa bir ýa iki hepdeden gutarjakdygyny, onuň başga peýdasynyň ýokdugyny ýatladyp bilerdi.

ÖRÄN ÝÜZLEÝ BARLAGLAR

Şeýle köpçülikleýin protestler döremezden öňräk, şol meseleleri çözmäge Žeenbekowda mümkinçilik boldy. Muňa derek ol aýdylýan haýsydyr bir kanun bozma deliliň ýokdugyny öňe sürüp, adamlaryň öz sesini satmak hereketine aşa parhsyzdygyny bildirdi.

Saýlawyň netijeleri aýan edilende, sesleri satyn almagyň hem administratiw mümkinçiliklerden peýdalanmagyň diňe iki partiýanyň bähbidine bolandygy ýüze çykdy. Netijede, protestler başlananda, hökümetiň ýykyljagy hem Žeenbekowyň prezidentlik wezipesinden çekiljekdigi ikuçsuzdy.

Žeenbekowyň ahyrky netijede wezipesinden çetleşdirilmegine jogapkär adamlar, şol sanda köpçülikleýin habar serişdeleri ondan korrupsiýa hem-de guramaçylykly jenaýat topary bilen gatnaşygynyň bar ýa-da ýokdugyny sorapdylar.

Gyrgyzystandaky garaşsyz web-saýty Kloophem-de Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty proýekti2019-njy ýylyň noýabrynda bilelikde ýaýradan dokladynda, Raýymbek Matraimowyň hem onuň maşgalasynyň jenaýat işleriniaýan edipdi.

Bu aýan edilme Bişkekde protestleriň döremegine sebäp boldy. Ýöne parlament komitetinde örän ýüzleý geçirilen barlag işi bilen tamamlandy. Ahyrynda oňa garşy hiç bir çäre görülmedi.

17-nji sentýabrda bolsa Žeenbekow Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk şurasynyň nobatdaky maslahatynda «korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreşiň ýene dowam etdiriljekdigini» aýtdy.

Ýöne Howpsuzlyk şurasynyň müdiriniň orunbasary Omurbek Suwanaliýew Žeenbekowyň korrupsiýa baradaky maglumatlara garşy degerli hereket etmedigini aýtdy. Suwanaliýew prezident Žeenbekowyň öz golaý töweregindäkileriň baknasy bolup galandygyny, korrupsiýa garşy göreşmäge onda güýç ýokdugyny mälim edipdi.

ADAM OGURLYGYNDAN – PREMÝER-MINISTRLIGE

Beýlekiler hem Gyrgyzystanda guramaçylykly jenaýat bilen korrupsiýanyň ösýändigini aýdypdy. Ýöne Žeenbekow oňa jogap bermekden boýun gaçyryp geldi ýa-da meseläniň ähmiýetini örän peseltdi.

Şol sebäpden 5-nji oktýabrda oppozisiýadaky syýasy partiýalarda saýlawyň netijelerine närazylyklar döredi, soňra bolsa hökümete garşy protestler «başgaça» güýje öwrüldi.

Görnüşinden örän guramaçylykly ýola goýlan protestler güýçli erke eýe bolup, on günüň dowamynda Sadyr Žaparowy – syýasatda tejribesi örän az bolan birini, muňa derek bulaşyklygy döretmäge tejribeli, adamy zamun alandygy üçin türmede oturany premýer-ministr wezipesine ýetirdiler.

Žaparowy hökümete getiren güýçler barada aýdylanda, ol döwlet çinownikleri hem oppozisiýa arasyndaky garyşyk hereket boldy.

15-nji oktýabrda halkara garaşsyz media-guramasy OpenDemocracyöz analizinde munuň sosial ulgamlarda örän düýpli hem aşa tiz wagtyň içinde gurnalan kompaniýanyň netijesi diýdi.

Žeenbekowa gaýta-gaýta öz wezipesinden çekilmegi aýtmaklaryna geň galasy zat ýok. Ol mundan öň ýurdy alada goýýan, ahyrynda Gyrgyzystanyň parlament saýlawlaryny şeýle ýaramaz netijelere alyp baran problemalar barada, özüne birnäçe gezek aýdylanda, berk pozisiýada duran bolsa, belki, ondan gutulmaga mümkinçilik dörärdi.

Eger şeýle bolaýanda, onuň prezidentlik wezipesinden çekilmegine jogapkärli adamlar derňew izolýatorynda ýa-da türmede oturardylar. Muňa derek olar saýlawlardan soň dörän bidüzgünçilikden öz haýyrlaryna peýdalanmagy başardylar.

Žeenbekowyň Gyrgyzystana ýolbaşçylyk etmekde görkezen ukypsyzlygyndan, geljekde sapak alnarmy ýa-da ýok; ony wagt görkezer.

Makalada awtoryň aýdanlary Azatlyk Radiosynyň garaýyşlaryna laýyk gelmän biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG