Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, ozalky-prezident Obama kampaniýa ýörişlerinde dil üsti bilen garpyşdylar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we ýurduň ozalky prezidenti Barak Obama garşydaş saýlaw ýörişleriniň dowamynda birek-biregine dilden hüjüm etdiler.

Obama özüniň ozalky wise-prezidenti Joe Baýdeniň goldawyna 21-nji oktýabrda Filadelfiýada geçirilen ýörişiň dowamynda eden çykyşynda, Trampyň koronawirus pandemiýasy boýunça çärelerini, ykdysady çökgünlik, jynsy meseleler we saglygy saklaýyş boýunça syýasatyny tankytlady.

Şeýle-de, Obama Trampyň şahsyýeti barada gürrüň edip, onuň “wezipä çynlakaý çemeleşmäge ukyply däldigini” aýtdy.

Demirgazyk Karolinanyň Gastoniýa şäherinde Tramp Obamanyň 2016-njy ýyldaky saýlawlaryň netijelerini nädogry çaklandygyny ýaňsa aldy.

Tramp saýlawçylaryň koronawirusdan ejir çeken Amerikada “Trampyň super-dikelmesiniň” ýa-da “Baýdeniň çuňňur depressiýasynyň” arasyndan birini saýlajakdyklaryny aýtdy.

Saýlawlara iki hepdeden hem az möhlet galan wagty, pikir soralyşyklar Baýdeniň Trampdan öňde barýandygyny görkezýär. Şol bir wagtda, käbir ştatlarda aratapawut gaty az bolup, netijeler islendik tarapyň-da haýryna bolup biler.

XS
SM
MD
LG