Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Marynyň býujet işgärleri pul töläp, teatr oýnuna tomaşa etmäge mejbur edildi


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda teatrlarda sahnalaşdyrylýan oýunlara býujet işgärleriniň töleg töläp, gatnaşmaga we oňa tomaşa etmäge mejbur edilmegi bilen ýagdaýlar dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri 22-nji oktýabrda irden Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän Kemine adyndaky drama teatrynda spektakl görkezilendigini we oňa býujet işgärleriniň tomaşaçy hökmünde mejbury gatnaşdyrylandygyny habar berýär.

"Her döwlet edarasyndan azyndan 3 adam tomaşaçy hökmünde teatra barmaly edildi. Üstesine-de, teatrda sahnalaşdyrylan oýnuň biledi üçin her işgärden 20 manat möçberde pul ýygnaldy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy gürrüň berdi.

Teatra eltilen edara-kärhanalaryň işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, bu spektakle diňe býujet işgärleri tomaşa etdi.

"Welaýatyň ýaşaýjylary teatrlarda sahnalaşdyrylýan oýunlara tomaşa etmäne barmaýar. Sebäbi görkezilýän oýunlar diňe "Arkadag" we onuň alyp barýan ýoly barada bolýar. Ozalam adamlar telewizorda görkezilýän ýasama gepleşiklerden, oýunlardan, "Arkadagy" öwüp aýdylýan aýdymlardan halys ýadan. Şol sebäpli býujet işgärleriniň hasabyna teatrlary tomaşaçylardan doldurýarlar" diýip, býujet işgärleriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Şeýle-de, ol "ýurtda ykdysady kynçylyklaryň gün-günden has-da ýiti duýulýandygyny" belläp, "halk oýun barada däl-de, çagalaryny nädip eklemeli, aýlyk haklaryny nädip nagtlaşdyrmaly diýip pikir edýärler" diýdi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Mary welaýat häkimliginden we Kemine teatryndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanyň teatrlarynda sahnalaşdyrylýan oýunlara tomaşa etmäge isleg bildirýän tomaşaçylaryň azdygy sebäpli, olara býujet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň tomaşaçy hökmünde mejbury gatnaşdyrylýandygy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary indi ençeme ýyl bäri habar berip gelýärler.

Mundanam başga, türkmenistanlylar ýurtda geçirilýän dürli köpçülikleýin, sol sanda sport çärelerine, kinoteatrlara, at çapyşyklara hem barmaga we bular üçin pul tölemäge mejbur edilýär.

Geçen ýylyň oktýabrynda​ Mary welaýatyndaky studentler Mary şäherindäki teatrda sahnalaşdyrylýan oýunlara tomaşaçy bolup gatnaşmaga mejbur edildi. Bu barada habar beren ýerli habarçymyz munuň üçin olardan 10 manat möçberinde pul ýygnalandygyny hem aýtdy.

Ýurduň döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde raýatlaryň teatrlara mejbury eltilmegi barada hiç zat aýdylmaýar. Muňa derek, telewideniýe gepleşiklerinde ýurduň teatrlarynda "ilatyň göwnünden turýan oýunlaryň sahnalaşdyrylýandygy" aýdylyp, tomaşaçylardan doly teatrlar görkezilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG