Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň mekdep okuwçylary Garaşsyzlygyň şanyna at çapyşygyň 'tomaşaçysy' boldular


Türkmenistan (arhiw suraty)
Türkmenistan (arhiw suraty)

2-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň ilkinji güni Mary welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçylary aýyň aýagynda bellenjek Garaşsyzlyk baýramynyň şanyna at çapyşyga mejbury "tomaşaçy" boldular.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sahnalaşdyrylan at çapyşygynyň telewideniýäniň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli surata düşürmegi üçin gurnalandygyny aýdýar.

"Şu gün Mary-Baýramaly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän at çapyşyk aýlaw toplumynda at çapdyryp surata düşürildi. Bu çäre garaşsyzlyga bagyşlanyp geçirildi. Çärä aýlaw toplumyna ýakyn mekdepler okuwçy çykarmaly diýip aýtdylar. Birnäçe gün mundan ozal mekdebe kitap almaga baran 8-11-nji klas okuwçylaryna ak-ýaşyl sportiwka eşigini geýip çärä çykmalydygy aýdyldy" diýip, regiondaky habarçymyz 2-nji sentýabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, tomaşaçylaryň köp bolmazlygyna garamazdan telewideniýe gepleşik üçin surat alypdyr.

"Şu gün diňe sýomka düşüriljek oturgyçlary doldurup, sýomka etdiler, galan ýerler boş galdy, boş ýerleri sýomka düşürmediler"- diýip habarçymyz belleýär.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny 27-nji sentýabrda belleýär, emma baýramçylyk taýýarlyklary awgustyň başyndan bäri dowam edýär.

Tutuş ýurt boýunça ilatyň mejbury gatnaşdyrylmagynda köpçülikleýin maşklar geçirilýär. Olara "marşirowka" diýilýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, hususan-da paýtagtda "Dagdan" stadionynda günde irden giç agşama çenli döwlet edaralarynyň, pudak kärhanalarynyň, harbylaryň we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylarynyň gatnaşdyrylmagynda repetisiýalar geçirilýär.

​Türkmenistanda köpçüligiň gatnaşmagyndaky marşirowka-maşklar ​döwlet baýramçylyklaryna we uly syýasy wakalara görülýän taýýarlyklaryň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Häkimiýetleriň guramaçylygynda geçirilýän maşklara döwlet edara kärhanalarynyň we studentleriň gatnaşmagy hökmany hasaplanýar.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde baýramçylyklaryň bellenişi baradaky gepleşikleriň öňünden taýýarlanmagy ýygy-ýygydan ulanylýar.

Awgustyň başynda Mary şäherinde Gurban baýramyndan bir hepde öň baýramçylygyň ilat tarapyndan bellenişi sahnalaşdyrylyp, telewideniýe tarapyndan surata düşürildi. Bu çärä edara-kärhanalaryň işgärleriniň, studentleriň, okuwçylaryň ýüzlerçesi bilen bir hatarda, çagalar baglaryndaky çagalar 40 gradus yssyda gatnaşmaga mejbur edildi.

Şu ýyl Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde döwlet edaralaryň işgärleri, studentler we mekdep okuwçylary resmi taýdan ýurtda 9-njy maýda bellenýän Ýeňiş Baýramyny bellemek boýunça resmi dabara üç gün öňünden gatnaşdyryldy. Bu döwlet telewideniýesi tarapyndan surata alyndy.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG