Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Alýan aýlygymyz kwartira satyn almaga ýetmeýär”. Täjigistanyň medisina işgärleri hökümetden mellek ýerlerini soraýarlar


Täjik lukmanlary. Arhiw suraty
Täjik lukmanlary. Arhiw suraty

Täjigistanyň Sogdi welaýatynyň Zafarabat raýonynyň ýaş medisina işgärleri ýerki häkimiýetlerden özlerine mellek ýerleriniň berilmegini soraýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, ýaş medisina işgärleri kireýine jaýlarda ýaşamaly bolýarlar, alýan aýlyklarynyň kwartira satyn almaga ýetmeýändigini aýdýarlar. Medisina işgärleriniň ýaşaýyş jaý meselesi bilen baglanyşykly kynçylyklardan ýerli häkimiýetler habarlydygyny mälim etdiler, ýöne ony çözmegiň respublikanyň hökümetine degişlidigini öňe sürdüler.

Sahobuddin Sobirow Zafarabat raýonynda kireýine ýaşap-işleýän ýaş wraçlardan biri, onuň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu mesele bilen ýerli häkimiýetlere birnäçe gezek ýüz tutupdyr. Ýöne her gezekde oňa boş wada berlipdir.

«Bizi Daglyk Matçiden Zafarabat raýonyna getirdiler, sebäbi bu ýerde wraçlar ýetmezçilik edýär. Indi iki ýyldan bäri biz özümize mellek ýerleriniň berilmegini sorap, ýerli häkimiýetlere arz edip gelýäris. Sebäbi jaýy özümiz guraýmasak, alýan aýlygymyz kwartira satyn almaga ýetmeýär. Ýöne ýerli häkimiýetler bizi diňlemek islänoklar» diýip, ol gürrüň berýär.

Sahobuddin Zafarabat raýonynyň merkezi keselhanasynda otolaringolog, ýagny burun-bokurdak-gulak wraçy bolup işleýär. Aram-aram bolsa Tiz kömek merkezinde nobatçylyk edýär. Ol her aýda 750 somoni (70 dollar çemesi) aýlyk alýar. Öz aýtmagyna görä ol COVID-19 näsaglaryna seredişmäge-de gatnaýar.

Zafarabat raýon keselhanasynyň beýleki bir wraçy Sarmad Boboýew hökümetleriň özlerine mellek ýerlerini paýlap berjekdikleri barada beren wadalaryny resmileriniň unudandygyna alada bildirýär. Onuň aýtmagyna görä, ýaşaýyş jaýy bilen baglanyşykly kynçylyklar başga-da onlarça medisina işgäriniň başynda bar.

Raýon administrasiýasynyň ýolbaşçysy Parwiz Doniýorowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol raýondaky ýerleriň aglaba köprägi agrar sektora degişli, şoňa görä olarda jaý gurmaga ýer ýok. Onuň düşündirişi boýunça, diňe ýurduň hökümetiniň karary bilen ekin ýerlerinden gurluşyk etmäge rugsat alyp bolýar.

«Ýaş wraçlarymyzyň ýaşaýyş jaýyna bolan zerurlyklaryny nazarda tutup, biz ýurduň hökümetine ekin ýerinden 415 ga. ýer bölüniň berilmegini soradyk. Häzir ol meselä garalýar. Mesele biziň peýdamyza položitel çözülse, biz ilkinji nobatda wraçlara mellek ýerlerini bereris» diýip, Doniýorow aýdýar.

Şeýle-de bolsa, wraçlaryň ýaşaýyş-jaý meselesiniň çözülmegine sowuk-sala garaýanlar diňe bir Zafarabat raýonynda däl, Täjigistanyň beýleki sebitlerinde-de bar. Wraçlaryň aýtmagyna görä, olaryň kynçylyklary diňe bir ýaşaýyş-jaý meselesi bilen gutaranok, hökümet tarapyndan çözülmeli başga-da meseleler bar.

Aýlyk haklarynyň az bolmagy hem iň bolmanda bölekleýin ýardam bermek işleriniň bolmazlygy wraçlary alada goýýar. Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan medisina işgärleri COVID-19 alamatlary bolan näsaglar bilen işleşip başlan başky günlerinde, ýörite gorag enjamlary hem eşikler ýetmezçilik edipdir, beýleki möhüm medisina enjamlary ýetmändir, köp ýagdaýda muny doktorlar öz puluna satyn alypdyrlar.

Şonda Täjigistanyň hökümeti pandemiýa şertlerinde işleýän medisina işgärlerine goşmaça aýlyk haklarynyň beriljekdigini wada eden eken. Ýöne birnäçe wraçyň aýtmagyna görä, olar ahyrky netijede hiç zat almandyrlar.

Maý aýynda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon wraçlara sylag hökmünde 12 million somoni goýbermeli diýen permana gol çekdi. Şol permana laýyklykda, COVID-19-yň diagnostikasy hem ony bejermek boýunça iş alyp barýan wraçlara üç aýyň dowamynda şol pul sylagy aýlyklarynyň üstüne berilmelidi.

Şeýle buýrugyň bardygyna garamazdan, biziň gürrüňdeş bolan wraçymyz, koronwirusa garşy ilkinjileriň hatarynda göreşe girişen Sarmad Boboýew ol artykmaç aýlygy diňe bir aý alandygyny aýdýar. «Ýöne prezidentiň buýrugyna laýyklykda, aýlygyň üstüne berilýän ol goşmaça haky men üç aýyň dowamynda almalydym. Aslynda bolsa diňe bir gezek aldym» diýip, ol düşündirýär.

Şol wagtyň özünde Täjigistanyň saglygy saklaýyş ministrligi medisina işgärlerine goýberilýän kömekleriň kontrol astynda durýandygyny aýdýar. Jemgyýetçilik aktiwistleriniň sosial ulgamlarda ýazmagyna görä bolsa, býujet işgärlerine goýberilýän goşmaça ýardamlaryň, şol sanda medisina işgärlerine, keselhanalara hem näsaglara berilýän ynsanperwer ýardamlaryň asla açyk däldigini öňe sürýärler hem has düýpli barlag işleriniň geçirilmegini aýdýarlar.

Soňky ýyllarda Täjigistandan gaty köp wraç beýleki ýurtlara, şol sanda Orsýete gidip, öz hünärlerine mynasyp iş gözleýärler. Resmi maglumata görä, häzir Täjigistanda 19 müňden gowak wraç işleýär.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG