Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa gowaça meýdanlaryndaky mallary ‘saklaýar’, jerime töletdirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebapda bu ýyl pagtanyň pes hasylyna garaşylýandygy baradaky maglumatlaryň arasynda, ýerli etrap we polisiýa işgärleri gowaça meýdanlarynyň golaýyndaky otlaýan iri we kiçi şahly mallary saklap, olaryň eýelerine jerime töledip başladylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçylary maglumat berýärler.

“Şu gün Farapda etrap resmileri barlag geçirip, gowaça meýdanlarynyň golaýynda otlap ýören we hatda daňylgy duran mallary hem ulaglara ýükläp äkitdiler. Häkimiýetler muny pagtany ýitgisiz ýygnamak işleriniň çäginde amal edilýändigini öňe sürýärler. Emma kärendiçiler zeper ýetirer ýaly, meýdanlarda pagtanyň ýokdugyny aýdýarlar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçirenleriň ençemesi bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, gowaça meýdanlarynyň golaýynda saklanan mallar soňy bilen etrabyň oba-hyzmat edarasynyň garažlaryna eltilip, ol ýerde 27-nji oktýabrdaky ýagdaýlara laýyklykda: 130 sygyr, 100 çemesi hem goýun-geçi toplanypdyr.

“Resmiler ownuk şahly mallaryň her biri üçin 300 manat, iri şahly mallaryň hersi üçin hem 1,000 manat möçberinde jerime töletdirýärler. Bu pullary berip bilmedik adamlaryň mallary yzyna gaýtarylmaýar” diýip, habarçy belledi.

Mallary ellerinden alnan kärendiçiler gapysynda mallary saklar ýaly ýörite pagta ekýändiklerini, eger-de pagta planyny dolup, dohodlaryny alan hatlarynda hem, gün-güzerany aýlamagyň kyndygyny, mallary üçin jerime tölär ýaly pullarynyň ýokdugyny düşündirjek bolsalar-da, resmiler olaryň arz-şikaýatlaryna gulak gabartmandyrlar.

Bu aralykda, döwlet telewideniýesinde ýurduň gowaça meýdanlaryndan bol pagta hasylynyň ýygnalýandygy baradaky gaýtalanýan gürrüňleriň fonunda, pagtaçy kärendeçiler pes hasyl sebäpli özleriniň döwlete bergidar çykmagyndan alada galýarlar.

Ýatlatsak, Türkmenistanda mundan ozalky ýyllarda pagta we bugdaý plan borçnamasyny berjaý edip bilmedik kärendeçiler prokuratura çagyrylyp, olara garşy derňew işleri hem gozgalypdy.

“Farapda kärendiçiler göz öňünde tutulan pagta planynyň 10%-niň hem berjaý edilmändigini aýdýarlar. Häkimiýetler bitaraplygyň 25-nji ýyl dönümi mynasybetli ‘Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’ atlandyrylýan bu ýylda pagta planyny dolup bilmändiklerini äşgär etmejek bolup, diňe kagyz ýüzünde ähli borçnamalaryň ýerine ýetirilendigini yglan etjek bolýarlar” diýip, bu babatynda ýerli resmiler we kärendiçiler bilen söhbetdeş bolan habarçymyz gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilýän ýagdaýlar dogrusynda Lebap welaýat we Farap etrap häkimliklerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Galyberse-de, Azatlyk ozalky ýyllarda-da bolşy ýaly, bu pagta möwsüminde hem häkimiýetleriň mejbury zähmete baş goşýandygy barada maglumatlary beripdi. Halkara hukuk guramalary Türkmenistany pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmeti üçin tankytlaýarlar.

Şu ýyl Türkmenistanda 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG