Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daglyk-Garabag konfliktini gowşatmak ugrundaky diplomatiki tagallalar güýçlenýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Separatist Daglyk-Garabag sebiti üstünde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky çaknyşyklary bes etdirmek ugrundaky diplomatiki tagallalar güýçlenýär. Mundan öň, taraplaryň ikisi-de ABŞ-nyň araçylyk etmeginde gelnen ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyny bozmakda birek-biregi aýypladylar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo taraplary diplomatiki çözgüdi ilerletmäge çagyrdy.

Bu aralykda, rus prezidenti Wladimir Putin özüniň türkiýeli kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen geçiren söhbetdeşliginde, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri bilen habarlaşandygyny, şeýle-de “krizisi tizden-tiz gowşatmak we ok atyşyklary bes etdirmek ugrunda ädimleriň görülýändigini” aýtdy. Bu barada Kreml maglumat berýär.

Bu 27-nji sentýabrda çaknyşyklar başlanaly bäri, Putin bilen Erdoganyň geçiren ikinji söhbetdeşligi boldy. Günorta Kawkaz sebitinde Azerbaýjanyň ýarany NATO agza Türkiýäniň we Ermenistan bilen harby pakty bolan Russiýanyň goşulmagy netijesinde, konfliktiň has ula ýazmak howatyrlary boýunça aladalar bar.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu we rus baş diplomaty Sergeý Lawrow hem Daglyk-Garabag meselesini telefon söhbetdeşliginde maslahat etdiler.

XS
SM
MD
LG