Ýewropada koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň gürelýän pursady, Germaniýa we Fransiýa çäklendirmeleri güýçlendirýärler. Bu aralykda, ABŞ-da wirus bilen keselleýänleriň iň ýokary görkezijileri hasaba alynýar.
Ýewropada keselhanalar we intensiw bejeriş bölümleri hassalardan dolýar. Häzir wirusa ýolugýanlaryň sany martdaky we apreldäki görkezijilerden has köpdür. Baharda girizilen çäklendirmeler wirusyň ýaýramak gerimini gowşatmaga ýardam edipdi.
Germaniýada täze çäklendirmeleriň çäginde restoranlary, barlary, muzeýleri ýapmak, şeýle-de köpçülik çäreleri gadagan etmek göz öňünde tutulýar.
Russiýada koronawirus ýagdaýlarynyň artýan pursady, rus häkimiýetleri köpçülik ýelerinde, şol sanda jemgyýetçilik transportynda, liftlerde, taksilerde hökmany maska dakynmak düzgüni ýaly täze çäklendirmeleri girizdiler. Russiýa wirusa ýoluganlaryň sany boýunça dünýäde dördünji orunda dur. Ýurtda 1 million 540 müň adam COVID-19 bilen keselledi, 26 müň adam hem wirusdan öldi.
ABŞ-da 47 ştatda wirus bilen keselleýänleriň gündelik sany, 34 ştatda hem ondan heläk bolýanlarynyň sany artdy.