Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermenistan, Azerbaýjan dowamly ýaraşyga çagyrylýar, diplomatik tagallalar dowam etdirilýär


Dagly-Garabag. Front liniýasynyň golaýyndaky harby hasssahanyň daşynda güne serlip goýlan götergiçler. 26-njy oktýabr, 2020.

27-nji oktýabrda front liniýasynyň birnäçe böleginde söweş boldy. Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi söweşiň esasan üç frontda jemlenendigini aýtdy. Ermenistan Dagly-Garabag güýçleriniň sebit bilen Eýran serhediniň arasyndaky şäherden yza çekilendigini boýun aldy.

Iki tarapyň hem ABŞ-nyň araçylygynda gazanylan ýaraşygyň synmagynda bir-birini günäkärlemegi netijesinde, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda separatist Dagly-Garabag sebitiniň üstünde barýan söweşi togtatmak ugrunda edilýän diplomatik tagallalar güýçlendi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Ermenistany we Azerbaýjany diplomatik çözgüt tapmaga we 26-njy oktýabrda synan ýaraşyk ylalaşygyna boýun bolmaga çagyrdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 27-nji oktýabrda türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen telefonda gürleşip, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň ýolbaşçylary bilen edilýän gatnaşyklar we "mümkin boldugyça çalt ýaraşyk baglaşmak we ýagdaýy köşeşdirmek üçin görülýän çäreler hakynda" gürrüň berdi diýip, Kreml aýtdy.

Bu Putin bilen Erdoganyň arasynda 27-nji sentýabrda başlanan söweşden bäri bolan ikinji telefon söhbetdeşligi boldy. Bu söweş Azerbaýjanyň ýarany we NATO agzasy bolan Türkiýäniň hem-de Ermenistan bilen harby şertnama baglaşan Orsýetiň hem gatyşmak ähtimallygy bilen, Günorta Kawkazda gaýtadan möwç alan konfliktiň has ula ýazmak wehimini döretdi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem telefonda gürleşip, Dagly-Garabag barada maslahat etdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Lawrowyň çaknyşyk zonasynyň içine hakyna tutma söweşijileriň getirilendigi baradaky meseläni gozgandygyny aýtdy. Diplomatlaryň ikisi-de mümkin boldugyça çalt dowamly ýaraşyk baglaşmagyň zerurdygyny we parahatçylykly çözgütden başga çykalganyň ýokdugyny nygtady diýip, ministrlik aýtdy.

Azerbaýjan. Genje şäherinde weýran edilen bina. 27-nji oktýabr, 2020.
Azerbaýjan. Genje şäherinde weýran edilen bina. 27-nji oktýabr, 2020.

Pompeo Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen aýry-aýrylykda telefonda gürleşdi. Pompeo "ýolbaşçylara duşmançylygy bes etmek we Dagly-Garabag konfliktine diplomatik çözgüt tapmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmek barada basyş etdi" diýip, Döwlet departamenti aýtdy.

27-nji oktýabrda öň hataryň birnäçe böleginde söweş bolandygy, Eýran araçägine ýakyn günorta sektorda güýçli çaknyşyklaryň bolandygy habar berildi.

Eýranyň Daşary işler ministrligi daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçiniň Eýranyň Azerbaýjan bilen serhediniň golaýyndaky sebitlere baryp görendigini we söweşýän taraplara eýran topraklarynyň howpsuzlygyna zyýan ýetirmezlik barada duýduryş berendigini aýtdy.

IFP News neşiriniň maglumatyna görä, "Serhetýaka sebitleriniň, bentleriň we desgalaryň howpsuzlygy Eýran Yslam Respublikasy üçin ýokary derejede möhüm we gyzyl çyzyk bolup durýar" diýip, Arakçi aýtdy.

Arakçi emele gelen krizisi ara alyp maslahatlaşmak üçin 28-nji oktýabrda Ermenistan, Azerbaýjan, Türkiýe we Orsýet ýaly birnäçe ýurda sapara başlamagy planlaşdyrýar diýip, Eýranyň Daşary işler ministrligi aýtdy.

27-nji oktýabrda front liniýasynyň birnäçe böleginde söweş boldy diýip, Dagly-Garabagyň Goranmak ministrliginiň çap eden beýanatynda aýdyldy. Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi söweşiň esasan üç frontda jemlenendigini aýtdy.

Ermenistan Dagly-Garabag güýçleriniň sebit bilen Eýran serhediniň arasyndaky şäherden yza çekilendigini boýun aldy, bu Azerbaýjan üçin görnetin harby ilerleme bolup durýar.

Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň resmisi Artrun Howhannisian bu şäheriň "gerekmejek ýitgilerden gaça durmak üçin" berlendigini, emma ýagdaýyň beýle "agyr bolmandygyny" aýtdy.

Iki tarap hem bir-birini Dagly-Garabagyň daşyndaky nyşanalara zarba urmakda günäkärledi.

27-nji sentýabrda başlanan atyşyklardan bäri azyndan 1000 adamyň ölendigi habar berildi.

Hristian ermenileri bilen olaryň esasan musulman goňşularynyň arasynda Dagly-Garabag sebitindäki etniki dartgynlyk onlarça ýyl bäri dowam edýär.

Dagly-Garabag. Meýletinçiler.
Dagly-Garabag. Meýletinçiler.

Halkara kanunçylygyna görä, Dagly-Garabag Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýär, emma ilatyň aglaba bölegini emele getirýän etniki ermeniler Azerbaýjanyň dolandyryşyny ret edýärler. Olar 1990-njy ýyllaryň başynda Azerbaýjanyň goşunlary bölünip aýrylan sebitden çykarylaly bäri, Ermenistanyň goldawy bilen, öz işlerini özleri dolandyrýarlar.

Alyýew 26-njy oktýabrda halka ýüzlenip, Azerbaýjanyň Dagly-Garabag üstündäki konflikti syýasy ýa-da harby ýollar arkaly çözmek isleýändigini aýtdy. Şeýle-de ol Dagly-Garabagyň-da, ermeni güýçleriniň gözegçiligindäki beýleki ýedi etrapçanyň hem yzyna, Azerbaýjana gaýtarylmagy baradaky talabyny gaýtalady.

Ermenistan taryhy watanynyň bir bölegi hasaplaýandygyny we ilatyň goralmagyna mätäçdigini aýdyp, bu ýerlerden çekilmejekdigini aýdýar.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Minsk toparyna egindeşlikde ABŞ-nyň, Fransiýanyň we Orsýetiň daşary işler ministrleri başlyklyk edýär. Bu ýurtlar öz daşary işler ministrleriniň 29-njy oktýabrda Ženewada Dagly-Garabag meselesini ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Iki ýurt 25-nji oktýabrda, daşary işler ministrleri Waşingtonda Pompeo bilen aýry-aýrylykda duşuşandan soň, ot açyşlygy bes etmek barada ylalaşyga geldi. Emma bu ýaraşyk hem, Orsýet tarapyndan araçylyk edilen öňki iki ýaraşyk ýaly, söweşiň barýan ýerine az täsir etdi.

XS
SM
MD
LG