Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysady kynçylyklaryň fonunda Aşgabatda ýene bir kaşaň myhmanhana ulanylmaga berildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz galýan döwri, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gymmat bahaly “Diwan” myhmanhanasynyň hem-de täze ýerasty geçelgäniň açylyşyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

28-nji oktýabrda paýtagtyň S.Nyýazow we S. Türkmenbaşy şaýollarynyň çatrygynda ýerasty geçelge we S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda kaşaň “Diwan” myhmanhanasy ulanylmaga berildi.

Desgalaryň açylyş dabaralaryna prezident Berdimuhamedow gatnaşdy. Ilki ýerasty geçelgäniň açylyşy boldy. Resmi metbugat geçelgäniň “ähmiýetini” “awtomobilleriň we pyýadalaryň bökdençsiz hereketini üpjün eder” diýip düşündirýär.

TDH-nyň habaryna görä, ulanylmaga berlen täze ýol-ulag düzüminiň desgalar toplumy 4,5 gektar meýdana ýerleşdirildi, geçelgäniň uzynlygy 350 metre barabardyr. Geçelgäniň üstüne boýy we ini 16 metre barabar kub görnüşli “Mahabat” binasy oturdylypdyr. Resmi metbugat binada oturdylan wideoekranlarda dürli mahabatlaryň we maglumatlaryň görkeziljekdigini aýdýar.

Döwlet mediasy täze ýol-ulag düzüminiň bahasyny, ony gurmak üçin döwlet býujetinden sarp edilen serişdeleri agzamaýar. Binanyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy ýerine ýetiripdir.

Bu kompaniýa, şol bir wagtyň özünde, Aşgabatdan Türkmenabada çekilýän ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň dört potratçysynyň biri bolup durýar.

Ýerasty geçelgäniň açylyşyndan soň Berdimuhamedow “Diwan” myhmanhanasynyň açylyşyna gatnaşdy. Ol myhmanhananyň “zerurlygyny düşündirmek üçin” Magtymguly Pyragynyň “Mert çykar myhmana güler ýüz bilen” diýen sözlerine salgylandy.

Kaşaň myhmanhananyň gurluşygyny Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasy ýerine ýetiripdir. Döwlet mediasy bu myhmanhananyň gurluşygy üçin sarp edilen serişdeler barada-da habar bermedi. Berdimuhamedow myhmanhananyň açylyş dabarasyndan soň “Rönesans Holdingiň” başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşyk geçirip, oňa “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 12-nji tomuny sowgat berdi.

Döwlet mediasy täze açylan binalar toplumlarynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanýandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylar Türkmenistanda gurlup ulanylmaga berilýän kaşaň myhmanhanalaryň köplenç boş durýandygyny aýdýarlar.

“Rönesans Holding” Aşgabatda “Garagum” hem-de “Nusaý” myhmanhanalarynyň gurluşygyna-da gatnaşýar. “Garagumy” myhmanhanasynyň gurluşygyny 2021-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmeleri paýtagt Aşgabatda guruljak bu iki myhmanhananyň döwlet gaznasyna 500 million amerikan dollaryndan gowrak serişdä düşjekdigini aýdypdylar.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda gurluşyk pudagyna edilýän köp millionlyk çykdajylar ýurtda ykdysady krizisiň dowam edýän wagtyna hem-de pandemiýa sebäpli global ykdysadyýetiň, şol sanda türkmen ykdysadyýetiniň has-da haýallaýan wagtyna gabat gelýär.

Galyberse-de, prezident Berdimuhamedow 3-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda “dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmegi we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almagy” tabşyrypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG