Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow häzirlikçe gurulmaýan desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy


Turkmenistan. Berdymuhamedov took part at presentation of construction projects.Turkmen State TV. June 2018
Turkmenistan. Berdymuhamedov took part at presentation of construction projects.Turkmen State TV. June 2018

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda guruljak kaşaň myhmanhana toplumlarynyň we we beýleki iri degalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Читайте также на русском

Döwlet telewideniýesi 7-nji iýunda Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenen taslamalaryň arasynda hususan-da iki sany kaşaň myhmanhananyň – “Garagum” we “Nusaý” otelleriniň we “Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň bolandygyny habar berdi.

Döwlet telewideniýesi bu gurluşyklaryň häzir anyk nähili ýagdaýdadygy, şeýle-de bu desgalaryň gurluşygynyň kimler tarapyndan alnyp barylýandygy hakynda hiç bir anyk maglumat bermedi.

Ýarym milliard dollara durýan proýekt

Azatlyk radiosy şu ýylyň başynda işewür merkezi hem bolmaly “Garagum” myhmanhanalar toplumynyň diňe özüniň Türkmenistana 300 million ýewro möçberindäki serişdä düşjekdigini, bu gurluşygyň Fransiýanyň “Buig” gurluşyk kompaniýasyna ynanylandygyny habar berdi.

Azatlygyň hökümetdäki gurluşyk pudagynyň ýolbaşçylaryna ýakyn çeşmesi şonda planlaşdyrylýan myhmanhanalaryň “Buig” kompaniýasyna tabşyrylandygyny aýtdy.

10 ýyl Abadançylyk” köçesiniň ugrunda guruljak myhmanhananyň gurluşygynyň hiç bir tender yglan etmezden Fransiýanyň “Buig” kompaniýasyna tabşyrylandygy, onuň bahasynyň 300 million ýewro boljakdygy aýdylýar” diýip, Azatlygyň çeşmesi ýanwaryň başynda habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllardaTürkmenistandan iri döwlet şeretnamalaryny almadyk “Buig” ozalky işgärlerini yzyna çagyrmaga başlady.

Beýleki çeşmeler bolsa, Türkmenistanyň paýtagtynda guruljak iki myhmanhananyň döwlet gaznasynda 500 amerikan dollaryndan gowrak serişdä düşjekdigini habar berdiler.

Irden pul, agşamlyk oturgyç

Şol bir wagtda, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri geçen aýyň aýagynda bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň bökdençlige uçrandygyny, sebäbi gurluşyk kompaniýalarynyň türkmen hökümeti bilen öňünden tölenmeli puluň möçberi barada ylalaşyp bilmeýändigini habar berdiler.

Haçanda myhmanhanalaryň gurluşyk potratçylygy berlende, türkmen hökümeti şertnama esasynda umumy tölegiň azyndan 20-30 prosentini öňünden tölemäge borçlanýar. Emma öňünden berilmeli pul walýutada berilmeli bolansoň, bu günki günde bu hökümet üçin örän çylşyrymly mesele. Şeýlelikde, “Buig” ýaly ýewropa kompaniýalary turuwbaşdan öz boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeýän hökümet bilen işleşmäge ýykgyn etmeýärler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, türkmenler häzirlikçe proýektiň umumy bahasynyň 10 prosentini tölemegi teklip etdiler we şu sebäpden ýylyň başynda yglan edilen gurluşyk planlary bökdençlige uçrady.

Şeýle-de, Türkiýäniň “Polimeks” firmasy tarapyndan gurulýan Aşagabt-Türkmenbaşyýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny tamamlamagyň problemaly bolandygy belli boldy. Azatlygyň ynamdar çeşmeleri “Polimeksiň” türkmen döwletiniň ýüzlerçe million dollar bergisini bermändigi üçinTürkmenistandaky işini bes edendigini tassyklaýarlar.

Polimeks” kompaniýasy 800 million ABŞ dollary möçberindäki puluny alyp bilmeýär. Bu kompaniýa bilen Aşgabat aeroportynyň gurluşy üçin hem doly hasaplaşylmady. Şeýle-de “Polimeks” “Aşgabat-2017” oýunlarynyň açylyş dabarasyüçin karz pul berdi. Haçanda bu kompaniýa puluny soranda, Berdmuhamedow muňa gaharlandy” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Köşkleriň we olimpiýa şäherçeleriniň gurluşykçylary

“Buig” (Bouygues) Türkmenistanda işlemäge 1993-nji ýylda başlady. Bu kompaniýanyň türkmen paýtagtynda guran desgalarynyň arasynda Prezident köşgi, parlamentiň binasy, bäş ýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasy, Maslahatlar köşgi, halkara Ynsanperwerlik ylymlary ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň binalary bar.

Fransuz kompaniýasynyň başlygy Marten Buig2016-njy ýylyň oktýabrynda we2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan bilen mundan aňryk hem hyzmatdaşlyk etmegi maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi we Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan kabul edildi.

Türkiýäniň “Polimeks” gurluşyk kompaniýasy hem Türkmenistanda baryp ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurt dolandyran ýyllarynda işläp başlady. Bellemeli ýeri, doly ady “Polimeks Inşaat” bolan türk kompaniýasy Türkmenistanda döredildi we onuň ilkinji potratlary şu ýurtda berlen döwlet proýektleri boldy. “Polimeks” Bitaraplyk diňi, Konstitusiýa monumenti ýaly ägirt uly ýadygärlikleriň we beýleki desgalaryň awtory boldy.

Soňky ýyllarda “Polimeks” Aşgabatda bahasy 2,3 milliard dollar bolan halkara uçar menziliniň gurluşygy, bahasy 5,5 milliard ABŞ dollary bolan Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy bilen meşgullandy.

XS
SM
MD
LG