Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan 'möhüm desgalaryň' arasynda it ýaryşdyrmak üçin 'ýokary hilli' meýdança gurýar


Aşgabat. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bahasy aýdylmaýan täze taslamalary tassyklaýar. 26.08.2020.

Bu gurluşyklaryň edil häzirki ykdysady kynçylyk şertlerinde, ýurtda iş orunlarynyň azalýan we adamlaryň gazanç üçin başga ýurtlara gidip bilmeýän wagtynda näme üçin zerur bolandygy, olaryň bahasy barada hiç bir maglumat berilmeýär.

Türkmen hökümeti energiýa bahalarynyň yzygiderli pese gaçmagy we koronawirus pandemiýasynyň ýetiren göni we gytaklaýyn täsirleri astynda dörän ykdysady çökgünligiň arasynda gymmatbaha desgalary gurmagyny dowam etdirýär we bu ugurdaky soraglar öňki taslamalaryň üstüne alabaý itleriniň wagzy bilen bagly goşulan gurluşyklar esasynda has-da köpelýäne meňzeýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtdaky "möhüm desgalaryň" gurluşygynyň barşy bilen tanşyp, "alabaý itlerini ösdürmegiň köpasyrlyk däplerini dowam etmek" bilen gyzyklandy.

Şu aralykda, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Şöhrat Jumaýew 25-nji awgustda Haýwanlaryň saglygyny goramak baradaky bütindünýä guramasynyň baş direktory Monik Elua we onuň geňeşçisi Romano Marabelli bilen duşuşyp, haýwanlaryň arasynda ýokanç keselleriň köpçülikleýin ýaýramagynyň öňüni almak meselelerini maslahatlaşdy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, hanym Elua Türkmenistanyň haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça tagallalaryna ýokary baha berdi. Bu "ýokary baha" resmi Aşgabadyň daşary ýurtlardaky raýatlary tarapyndan keselçilik ýagdaýlaryny ýaşyrmakda tankytlanýan wagtynda berilýär we COVID-19 aladalaryndan öň paýtagt häkimligi eýesiz it-pişikleri rehimsiz gyrmakda ýazgarylýardy.

Bu ýazgarmalar türkmen hökümetini eýesiz itler babatdaky çemeleşmesine käbir düzedişleri girizmäge mejbur etdi. Ýöne synçylar, ozal at wagzynda bolşy ýaly, it wagzynda hem heýkelleriň, goşmaça serişde talap edýän gurluşyklaryň ara girmegini mümkin bolan korrupsiýa bilen baglaýarlar.

TDH-nyň maglumatyna görä, 26-njy awgustda prezidente alabaý itleriniň Aşgabatda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda guruljak Tohumçylyk merkezleriniň baş plany we taslamalary, Ahal welaýatynda guruljak Karantin merkeziniň baş plany we taslamasy, alabaýlaryň heýkel şekilleriniň dürli görnüşleri, Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabyndaky "Altyn kölüň" kenarynda döredilýän täze dynç alyş zolagynyň gurluşyk taslamalary görkezildi. Şeýle-de, maý aýynda Ahal welaýatynda weterinar hassahananyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin toplumyň açylandygy bellenýär.

Emma bu gurluşyklaryň edil häzirki ykdysady kynçylyk şertlerinde, ýurtda iş orunlarynyň azalýan we adamlaryň gazanç üçin başga ýurtlara gidip bilmeýän wagtynda näme üçin zerur bolandygy, olaryň bahasy barada hiç bir maglumat berilmeýär.

"...desgalar toplumynyň düzüminde gözegçilik-geçiriş bölümi, edara ediş binasy, işgärler üçin niýetlenen desga, sergi we türgenleşik meýdançalary, münberler, weterinar hyzmaty üçin toplum, beýleki degişli desgalar bar" diýip, TDH, adatça bolşy ýaly, gurluşyk tutumynyň örän uludan we giňden tutulandygyny, Ahal welaýatynda hem 30 ite niýetlenen Karantin merkeziniň guruljakdygyny, onuň çäginde ugurdaş we kömekçi desgalar toplumynyň boljakdygyny nygtaýar.

Döwlet baştutany bu taslamalar bilen tanşyp, "Tohumçylyk we Karantin merkezleri, türkmen alabaýlarynyň arasynda ýaryşlary geçirmek üçin meýdança... ýokary hil häsiýetnamalaryna laýyk gelmelidir" diýdi.

Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta böleginde Fransiýanyň "Buig Batiman Internasional" kompaniýasy tarapyndan bina edilýän Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň otaglarynyň bezeg işleriniň taslamalary, şäheriň merkezinde, S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda gurulýan ýerasty awtomobil geçelgesi hem-de pyýada geçelgeleri, çatrygyň merkezinde gurulýan "özboluşly desga", iki gatly ýolaýrydynyň gurluşygy, täze "Diwan" myhmanhanasynyň gurluşygy bilen tanyşdy.

Türkmenistanda at, it wagzy, milli medeniýeti we ata-babalardan galan mirasy gorap saklamak we ösdürmek syýasatynyň çäginde, garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan, şahsyýet kultunyň bir bölegi hökmünde öňe sürüldi we, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, adam hukuklary we azatlyklary baradaky meselelerden ünsi sowmak üçin ulanyldy.

Ýewropada ýaşaýan 55 ýaşly türkmen gurluşykçysynyň pikirine görä, milli däpleriň, şol sanda at we it wagzynyň hatda pandemiýa döwründe hem gowşadylmazlygy bir tarapdan syýasy-ykdysady krizisiň barha çuňlaşmagy bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, ýurtdaky islendik gurluşyk taslamasynyň arkasyndaky korrupsiýa bilen bagly.

"Türkmenistanda gurluşyklar ogurlyk etmegiň iň aňsat usulyna öwrüldi" diýip, ol bu ugurdaky maglumat ýapyklygynyň kanun-kadaly ýurtlardaky, islendik hukuk döwletindäki aýdyňlyk talaplaryna, dünýä ölçeglerine düýpden ters gelýändigini belledi.

Türkmenistanyň prezidenti soňky aýlarda ýurduň öňünde duran ykdysady kynçylyklary belli derejede boýun alyp, gurluşyk taslamalaryna täzeden seretmek tabşyryklaryny berdi. Emma resmi habarlarda onuň ýene we ýene täze gurluşyk taslamalaryny tassyklaýandygy aýdylýar.

Dürli sebäplere görä adynyň aýdylmazlygyny soran gurluşykçynyň pikiriçe, Berdimuhamedowyň gurluşyk taslamalaryna gaýtadan seretmek, olaryň iň möhümlerini saýlap almak barada beren tabşyryklarynyň yzynda durup bilmezligi hem ýokarky iki ýagdaý bilen bagly.

Şeýle-de, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän türkmen ykdysatçylarynyň köpüsi paýtagt Aşgabatda gurulýan gurluşyklaryň regionlardaky abadançylyk işleriniň hasabyna dowam etdirilýändigini, oba, etrap ýerlerindäki ýollaryň, köprüleriň otuz ýyl bäri ideg görmändigini aýdýarlar. Emma radio türkmen hökümetiniň agzalaryndan bu aýdylýanlar bilen bagly hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG