Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen manady 27 ýaşady


Türkmenistanyň milli pul birligi - manat
Türkmenistanyň milli pul birligi - manat

Türkmenistanyň milli pul birligi – manadyň dolanyşyga girizilmegine 27 ýyl doldy. Türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini öňe sürmegi bilen birlikde, manat gara bazarda hümmetsizlenmegini dowam etdirýär, ilatyň nagt pul ýetmezçilik kösençlikleri hem barha ýitileşýär.

Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ýurt garaşsyzlygyny yglan edenden 2 ýyl soň, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli pul birligini – türkmen manadyny dolanyşyga girizdi. Manadyň 27-nji ýaş güni mynasybetli prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bank işgärlerine we tutuş türkmen halkyna gutlag hatyny iberdi.

“Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi” diýip, prezidentiň gutlagynda aýdylýar.

Türkmen manady ilki dolanyşyga girizilende 2 manadyň hümmeti 1 amerikan dollaryna barabardy, ýöne wagtyň geçmegi bilen ol hümmetsizlendi.

  • 1998-nji ýylyň başynda 1 amerikan dollarynyň bahasy şol wagtky puldan 5 müň 200 türkmen manadyna deň bolan bolsa, 2002-nji ýylda onuň gara bazardaky bahasy şol wagtky puldan 24 müň manada çenli baryp ýetdi. Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlaryň pul birlikleriniň manada bolan resmi gatnaşygyny durnukly saklady, ýöne onuň gara bazardaky bahasy resmi kursdan tas 5 esse gymmatlygynda galdy.
  • 2008-nji ýylda Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky bahasy bilen onuň resmi bahasy deňleşdirildi.
  • 2009-njy ýylda türkmen manady denominirlenip, köne puldan 5 müň manadyň hümmeti täze puldan 1 manada getirildi. Dollaryň Merkezi bankdaky bahasy 2 manat 85 teňňe diýlip kesgitlenildi.
  • 2015-nji ýylda bolsa, onuň resmi bahasy 3,5 manada çykaryldy.

Berdimuhamedow 31-nji oktýabrdaky gutlagynda manadyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak barada agzap geçdi. Ýöne häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi Banky 3,5 manadyň hümmetini 1 amerikan dollaryna barabar diýip kesgitlese-de, soňky 4 ýyldan gowrak wagt bäri ýurda walýutanyň gara bazary dolanyp geldi. Onda häzirki gün 1 amerikan dollary 24-25 manada barabardyr.

Türkmen prezidentiniň gutlagynda ýurtda sanly maliýe tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy barada hem gürrüň edilýär. Türkmenistanda soňky 7 ýyldan gowrak wagt bäri raýatlaryň aýlyk haklary, pensiýalar, talyp haklary, döwlet kömek pullary we beýleki käbir tölegler ilatyň bank hasaplaryna geçirilip başlandy.

Ýöne soňky üç ýyla golaý wagt bäri, bankomatlarda nagt pul köplenç tapdyrmaýar, pul tapdyran halatynda-da onuň öňünde uzyn nobatlar emele gelýär, ilat bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmakda dürli kösençliklere sezewar bolýar.

Berdimuhamedow soňky gutlagynda elektron tölegler ulgamynyň geriminiň giňeldilýändigini hem aýtdy. Emma ýurduň dürli regionlarynda döwlet edaralarynyň, şol sanda dükanlaryň kassalarynda oturdylan töleg terminallary kadaly işlemeýär. Nagt pul ýetmezçiligi bilen, bu ilatyň onsuz hem ýiti gytçylygy dowam edýän un, ýag, ýumurtga ýaly günübirin zerur harytlary satyn almagyna hem goşmaça kynçylyklary döredýär.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurduň ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini öňe sürseler-de, ençeme ýyl dowam edip gelýän ykdysady krizisiň ilata ýetirýän täsirleri, manadyň resmi we näresmi kursunyň maliýe ulgamyna ýetirýän täsirleri barada gürrüň etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG