Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Häkimiýetlere hereket gözegçiligi 'gaýgy', sebitleriň ilatyna - güzeran


Aşgabat. Demirýol kassalary. Bezeg suraty

“Türkmen hökümeti ozaly ýurtdaky işsizligi, agyr ykdysady krizisi boýun almaly, soňra halkara saglyk ekspertlerine ýol açyp, ýurtdaky keselçilik ýagdaýyna aýdyňlyk salmaly we halkara guramalaryndan gyssagly kömek soramaly" diýip, Orazow Azatlyk bilen eden telefon gürrüňinde aýtdy.

Türkmenistanda ýene bir gezek ilatyň ýurt içindäki hereket azatlygy çäklendirilýär we onuň sebitleriň ilatynyň gün-güzeranyny, eli ýuka maşgalalaryň açlyk-horlugyny has-da agraltmak ähtimallygyndan alada bildirilýär.

Bu gezekki çäklendirmeler ýurtda bir hadysasy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk koronawiruss ýokuşmalary bilen bagly, ýöne Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan adamlar mundan öňem, wagtal-wagtal her hili hereket çäklendirmelerine, paýtagta öz awtoulaglary bilen girmezlik ýaly gadaganlyklara sezewar edilipdiler.

Häzirki çäklendirmeler, ýurtda ýokdugy aýdylsa-da, dürli ýokanç keselleriň ýurda getirilmek we ýaýradylmak ähtimallygynyň öňüni almak bilen düşündirilýär.

Azatlygyň habarçysy 30-njy oktýabrda ýurduň güýç gurluşlarynyň umumy ýygnagynyň geçirilendigini we diňe sebitler bilen Aşgabat arasyndaky däl, eýsem, sebitden sebite barmak mümkinçiliklerini hem çäklendirmek kararyna gelnendigini habar berýär.

Habarçy 29-njy oktýabrda welaýatlar bilen paýtagtyň arasyndaky gatnawa girizlen çäklendirme barada habar berdi. Onuň sözlerine görä, hereket çäklendirmesi döwründe ýola çykanlardan güwänamalar talap ediler.

Ýolagçynyň hereket azatlygyny çäklendirmezlik baradaky karar ýörite komissiýa tarapyndan kabul ediler, bu komissiýa polisiýanyň, migrasiýa gullugynyň, häkimligiň we sanitar-epidemologiýa gullugynyň wekilleri girýär diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk biraz soň ýurduň içinde ondan oňa gitmäge rugsat bermek baradaky komissiýa Saglygy goraýyş we Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň wekilleriniň hem girýändigini anyklady.

Şu aralykda Aşgabatda iş saparynda bolup, yzyna, ýaşaýan we ýazgy edilen sebitine uçmakçy bolýan ýolagçylaryň ýoldan saklanýandygy, olaryň iş ýerlerinden möhürli güwänama getirmekleriniň talap edilýändigi habar berildi.

Ol ýa beýleki ýere gitmek bilen baglanyşykly meseleler 29-njy oktýabrda başlandy, ýogsa bu çäklendirme barada häzire-bu güne çenli hiç bir ýazmaça görkezme berilmedi diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli resmä salgylanyp aýtdy.

Hereket çäklendirmelerini has güýçlendirmek çäresi ýurtda demirýol we awtobus gatnawynyň hereketine girizilen wagtlaýyn çäklendirmeleriň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldylan wagtynyň yz ýanyndan görülýär.

Ýarym-resmi orient.tm neşiriniň ýazmagyna görä, demirýol we awtobus gatnawlaryna girizilen çäklendirmeleriň möhleti ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen uzaldyldy.

Şu aralykda, resmi maglumata görä, Türkmenistanyň halkara uçar gatnawlarynyň togtadylan möhleti hem aňry süýşürildi.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Orsýetdäki wekilhanasynyň 31-nji oktýabrdaky bildirişine görä, halkara uçar gatnawlarynyň togtadylan möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.

Wekilhananyň web sahypasynda çap edilen maglumata görä, bu çäre COVID-19 pandemiasy sebäpli dörän ýagdaý bilen düşündirilýär.

Wekilhana ozal satyn alnan biletleriň 2021-nji ýylyň ahyryna çenli güýjünde galjakdygyny we ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylarynyň şol seneden öň islendik uçuş üçin biletlerini çalşyp biljekdigini aýdýar.

Ýatlatsak, Azatlyk şu hepdäniň başynda öz çeşmelerine salgylanyp, 1-nji noýabrdan başlap ýurtda doly petiklenmäniň girizilip bilinjekdigini duýdurdy.

Saglyk pudagyndaky çeşmäniň sözlerine görä, güýçlendirilen karantin çäreleriniň çäginde, 1-nji noýabrdan içerki awia gatnawlarynyň, sebitler arasyndaky hereketiň düýbünden ýatyrylmagyna, hususy köpçülikleýin çäreleriň gadagan edilmegine garaşylýar.

Türkmenistanlylar ýurduň ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylygy astynda hem dürli hereket çäklendirmeleri, raýatlaryň ýurt içinde we daşary ýurtlara erkin syýahat etmeklerine garşy döredilen emeli kynçylyklar, gara sanawlar bilen bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ýöne ýurtda häkimiýet çalşandan soň, sebitleriň arasyndaky hereket çäklendirmeleri gowşadyldy.

Emma ýurtda dörän ykdysady kynçylyklar, sebitlerde dörän uly işsizlik netijesinde paýtagtdan we onuň töwereginden, daşary ýurtlardan iş gözleýän raýatlaryň aşa köpelmegi bilen, türkmen häkimiýetleri welaýat belgili awtoulaglary Aşgabada goýbermezlik, garamtyl reňkli awtoulaglary dilden gadagan etmek, daşary ýurtlara barýanlary bikanun ýoldan saklamak ýaly, türkmen kanunçylygyna we halkara kanunçylygyna sygmaýan hereketlere ýüz urup, ýaşaýjylaryň agyr ýagdaýyny has-da kynlaşdyrdylar diýip, synçylar belleýär.

Şwesiýada ýaşaýan ykdysatçy Hudaýberdi Orazowyň pikiriçe, sebitlerde ýaşaýan adamlaryň paýtagta we onuň töweregine gatnamagy, daşary ýurtlara çykmaga çalyşmagy ýurtda emele gelen agyr ykdysady ýagdaýyň netijesi bolup, hökümetiň işsizlik meselesini ýa-da işsizlere kömek meselesini gyssagly çözmegini talap edýär.

“Türkmen hökümeti ozaly ýurtdaky işsizligi, agyr ykdysady krizisi boýun almaly, soňra halkara saglyk ekspertlerine ýol açyp, ýurtdaky keselçilik ýagdaýyna aýdyňlyk salmaly we halkara guramalaryndan gyssagly kömek soramaly. Ýöne mundan öň döwletiň öz gurluşyk harajatlaryny azaltmagy we emele gelen ýagdaý netijesinde kömege mätäç bolan her maşgala iýer-içerine ýeter kömek bermegi ýola goýmaly” diýip, Orazow Azatlyk bilen eden telefon gürrüňinde aýtdy.

Azatlygyň habarçylary we ýerli çeşmeler bu kesliň alamatlary bilen ölýän adamlar barada yzygiderli maglumat berýärler, serhet ýapylmalarynyň we hereket çäklendirmeleriniň ozalam zordan güzeran aýlaýan adamlara agyr zarba urýandygyny aýdýarlar. Emma resmi maglumata görä, Türkmenistanda hiç bir koronawirus hadysasy ýüze çykarylmady we ilat bol-elin durmuşda ýaşaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG