Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň täze ýolbaşçylary Kremlde sowuk garşylandy


Häzirlikçe hemmesi ýylgyrýar: Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) gyrgyz kärdeşi Ruslan Kazakbaýew bilen 23-nji oktýabrda Moskwada duşuşdy.
Häzirlikçe hemmesi ýylgyrýar: Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) gyrgyz kärdeşi Ruslan Kazakbaýew bilen 23-nji oktýabrda Moskwada duşuşdy.

Kreml Gyrgyzystanda oktýabryň başlarynda bolup geçen möhüm häkimiýet çalşygy bilen bagly öz pozisiýasy babatynda mundan artyk has aýdyň bolup bilmezdi we bu ýagdaý Merkezi Aziýa ýurdunyň täze ýolbaşçylaryny aladalandyrýan bolmaly.

Gyrgyzystanyň täze premýer-ministri we prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sadyr Japarow Moskwanyň şu wagta çenli görkezen reaksiýasyndan aljyran çemeli we, görnüşinden, Russiýanyň Daşary işler ministrligi bilen gepleşik geçirmek üçin Moskwa wekil ugratmaga howlukdy.

29-njy oktýabrda habar berilmegine görä, Gyrgyzystanyň öňki daşary işler ministri we häzir Japarowyň daşary gatnaşyklar boýunça maslahatçysy Çingiz Aidarbekow gepleşik geçirmek üçin Moskwa bardy. Ýöne Moskwada oňa hiç kim garaşmadyk ýaly.

Şol gün Gyrgyzystanyň 24.kg informasion saýtynyň baş redaktory Asel Otorbaewa özüniň Facebook sahypasynda Aidarbekowyň Kremlde Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, rus hökümetiniň agzalary we Döwlet Dumasynyň liderleri bilen “duşuşyk geçirmek isländigini” ýöne “olaryň ählisi tarapyndan düýbünden ret edilendigini” ýazdy.

Soňra “Kabar” döwlet habarlar agentligi şol güni bu ýagdaýy ýumşatjak boldy, Aidarbekowyň “Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Maliýe ministrliginiň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirendigini” habar berdi, ýöne onuň anyk haýsy rus resmileri bilen gepleşendigini agzamady.

Eger habar berlişi ýaly bolsa, onda Japarowyň Aidarbekowy öňünden habar bermezden Moskwa ugradany anyk, ýöne täze ýolbaşçynyň maksadyna düşünmek kyn.

Türmeden tagta

Japarowyň duýdansyz peýda bolşy köpleri geňirgendirdi. Öňki milletçi syýasatçy türmeden ýaňy-ýakynda boşap, nähili-de bolsa, premýer-ministrlige hödürlendi we 14-nji oktýabrda, azyndan iki synanyşykdan soň, ahyrsoňy hökümet baştutany hökmünde tassyklandy.

15-nji oktýabrda Sooronbaý Jeenbekow prezident wezipesinden resmi görnüşde çekildi. Şol günüň özünde rus prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Gyrgyzystana mundan ozal wada berlen 100 million dollar maliýe kömeginiň “togtadylýandygyny” mälim etdi.

14-nji oktýabrda Gyrgyzystanda Aidarbekowyň ornuna geçen täze daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew 23-nji oktýabrda Moskwada Lawrow bilen duşuşdy. Kazakbaýew Lawrowy we Kremli Gyrgyzystanda ýagdaýlaryň kadalaşýandygyna ynandyrmaga synanyşýardy.

Ýöne bu onçakly gowy duşuşyk bolmady.

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda Lawrow Jeenbenkowyň gol astyndaky öňki hökümete wada berlen 100 million dollar maliýe ýardamyny täze gyrgyz hökümetiniň bu ýakynda kabul edip bilmejekdigine yşarat etdi.

Beterinden beteri, metbugat ýygnagynda bir gyrgyz žurnalisti Kazakbaýewe gyrgyz dilinde sorag berdi.

Kommersant.ru neşirine görä, haçan-da žurnalist bäşinji soragy gyrgyz dilinde soramaga başlanynda rus ministriniň sabyr käsesi doldy. “Bagyşlaň!” diýip, Lawrow gahar bilen aýtdy. “Siz şonda-da öý eýesine hormat goýmaly bolarsyňyz, bolarmy?” diýip, ýüzlendi we nämüçindir “sözüň doly manysynda” diýip, sözüne goşdy.

Gyrgyzystan esasy dili rus dili bolan GDA we Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky beýleki guramalaryň agzasydyr.

Ýöne şonda-da, meselem, hytaý, fransuz ýa-da nemes daşary işler ministrleri Moskwa sapar edenlerinde her ýurduň öz žurnalisti öz resmi dillerinde sorag berýärler we bu ýagdaý Lawrowy beýle gatyrgandyrmaýar.

Kazakbaýew Lawrow bilen duşuşmazdan bir gün öň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Gyrgyzystandaky ýagdaýlary “tragediýa” atlandyrdy we Russiýanyň ýagdaýlary “gynanç we alada” bilen synlaýandygyny aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 28-nji sentýabrda Soçide gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow bilen duşuşdy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 28-nji sentýabrda Soçide gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow bilen duşuşdy.

Russiýanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Nikolaý Udowiçenko 15-nji oktýabrda Kazakbaýew bilen 21-nji oktýabrda Japarow bilen duşuşdy ýöne ýygnaklaryň ikisi-de Moskwanyň Bişkekdäki wekilini täze hökümetiň Kremliň hoşniýetliligine mynasypdygy babatynda ynandyryp bilmedi.

Gyrgyzystanda 4-nji oktýabrda geçirilen manipulirlenen saýlawlar Bişkekde tolgunyşyga ýol açdy we bu tolgunyşyk dessine hökümeti agdardy. Protestçiler az salym hökümet binalaryny eýelediler, resmiler ýitirim boldy we Japarow duýdansyz peýda bolýança ýurtda baş ýok ýalydy.

Kreml Jeenbekowyň baryp ýatan goldawçysy däldi. 28-nji sentýabrda Soçide geçirilen duşuşykda Putin oňa ýalňyşyp, Şariman diýdi, ýogsam bolmasa, Jeenbekow 2017-nji ýyldan bäri Gyrgyzystanyň prezidentidi we Putin bilen birnäçe gezek duşuşypdy.

Rus hökümetiniň Japarowyň häkimiýet başynda bolmagyna garşy däl bolmagy mümkin. Ýöne rus hökümeti GDA ýurtlarynda rewolýusiýa halamaýar we üç aýrybaşga döwürde gyrgyz liderleri köpçülik protestleri bilen wezipeden çetledildi.

Putin Jeenbekow bilen Soçide duşuşanda “Rus tarapy Gyrgyzystanda durnuklylyk bilen gyzyklanýar, hususan-da saýlawlardan soňky döwürde” diýdi.

Ýöne saýlawlardan soňky döwürde Gyrgyzystanda durnuklylyk bolmady.

Kreml geçmişde-de Gyrgyzystanda ýangyna ýangyç goşup bilýändigini we wakalaryň ugruny üýtgedip bilýändigini görkezdi.

Kurmanbek Bakiýew wezipe başynda wagty Japarow onuň goldawçysydy.

Şonuň üçin Japarow Gyrgyzystanda giňden elýeterli rus mediasynyň Bakiýewe garşy ýöreden ýumşak-güýç kampaniýasyndan gürrüňsiz habarlydyr. Bu kampaniýalar soňy bilen 2010-njy ýylyň aprelinde Bakiýewiň häkimiýetden çetledilmeginde uly rol oýnady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG