Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

31 premýer-ministr. Gyrgyzystanyň hökümet ýolbaşçylary wezipeden nähili gidýärler


Gyrgyzystanyň premýer-ministrleri: Kurmanbek Bakiýew, Feliks Kulow, Roza Otunbaýewa, Omurbek Babanow.

Gyrgyzystandaky premýer-ministrleriň köprägi wezipä gelşi bilen däl-de, hökümetden gidişi bilen tanalýar. Olardan käbirleri özara dörän dawa sebäpli arza berip wezipesinden çekildiler, beýlekileri jenaýat işi bilen baglanyşykly gitmeli boldy. Olaryň arasynda türmeden çykan badyna premýer-ministriň kürsüsine geçeni hem bar.

Gyrgyzystanda 28-nji oktýabrda premýer-ministr hem-de ýurduň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Sadyr Žaparowyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümet kasam kabul etdi. Žaparow: «Men Konstitusiýany hem onuň kanunlaryny saklaryn, özüme bildirilen ynamy päk ýürekden berjaý ederin hem Gyrgyzystanyň halkyna ak ýürekden hyzmat ederin» diýip, kasam kabul etdi. Mundan öň ol prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden çekiljekdigini hem nobatda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjakdygyny aýdypdy.

Şol möhlete çenli Gyrgyzystanyň Žokory Keneşi (parlamenti) özüniň 6-njy çagyryş işini tamamlamalydy. Ýöne parlamentdäki dawalar onuň işiniň täze ýylyň ortalaryna çenli dowam etdirmeli boljakdygyny görkezdi, onuň sebäbi häzirki syýasy hem ykdysady ýagdaý bolup durýar. Parlament döredileli bäri ol 6-njy hökümetiň kasamyny kabul etdi.

Gyrgyzystanyň häzirki premýer-ministri Sadyr Žaparow hökümet maslahatyny alyp barýar. 2020-nji ýylyň 12-nji oktýabry.
Gyrgyzystanyň häzirki premýer-ministri Sadyr Žaparow hökümet maslahatyny alyp barýar. 2020-nji ýylyň 12-nji oktýabry.

Gyrgyzystan Merkezi Aziýadaky öz hökümet ýolbaşçylaryny häli-şindi çalşyp durýan döwletdir. SSSR darganyndan soň Gazagystanda 11, Özbegistanda – bäş, Täjigistanda hem sekiz premýer-ministr çalyşdy. Türkmenistanda bolsa Ministrler Kabinetine prezidentiň özi ýolbaşçylyk edýär. Gyrgyzystanyň hökümetine indi 31-nji premýer-ministr ýolbaşçylyk edýär.

PREZIDENT BOLMAGY ARZUW ETMEÝÄN PREMÝER GOWY SAÝYLMAÝAR

Gyrgyzystanda dört premýer-ministr soňlugy bilen ýurduň prezidenti boldy. Olardan biri ýurtdan çykyp gitdi, ýene biri türmede otyr.

Kurmanbek Bakiýew premýer-ministrlik wezipesini iki gezek eýeledi. Ilki başda ol Askar Akaýewiň prezidentlik edýän döwründe hökümete bir ýyl bäş aýlap ýolbaşçylyk etdi. 2005-nji ýylyň Çigildem rewolýusiýasyndan soňra-da 5 aý hökümet ýolbaşçysy boldy. Parlamentiň 3-nji çagyrylyşy ony premýer-ministr wezipesine hem-de prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji edip belledi. Soňra ol prezidentlige saýlandy. 2010-njy ýylyň Aprel rewolýusiýasynda Bakiýew ýurtdan gaçyp çykmaga mejbur boldy. Ol gaýybana ýagdaýda 30 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Bakiýewden soň premýer-ministr wezipesini Roza Otunbaýewa eýeläpdi. Soňlugy bilen ol prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji boldy. Aprel rewolýusiýasyndan soň, Gyrgyzystan parlament dolanyşygyna geçdi. Onda premýer-ministriň kürsüsini Almazbek Atambaýew eýeledi. Ol Otunbaýewa prezidentiň wezipesini ýerine ýetirýän döwründe, sekiz aýlap hökümete ýolbaşçylyk etdi.

2011-nji ýylda geçen saýlawlar Atambaýewe prezidentlik wezipesine geçmäge ýol açdy. Ol 2017-nji ýylda “Ak tamdan” çykdy. Soňra birnäçe aýyplamalarda günäli saýlyp, 11 ýyl azatlykdan mahrum edildi hem eks-prezident derejesinden mahrum boldy. Oňa garşy «jenaýatçy toparyň ýolbaşçysy Batukaýewi bikanun türmeden boşadanlykda», «Bişkek TES-ini modernizasiýa etmekde ýol beren korrupsiýasy», «hökümetden hyýanatçylykly peýdalanmak», «bikanun baýamak» hem Koý-Taş wakasy bilen baglanyşykly günä bildirildi. Oktýabrda başlanan protestler wagtynda, ony türmeden azat etdiler we ýene-da türmä gabadylar.

Almazbek Atambaýew (çepde) hem-de Roza Otunbaýewa (sagda). 2011-nji ýyl.
Almazbek Atambaýew (çepde) hem-de Roza Otunbaýewa (sagda). 2011-nji ýyl.

Sooronbaý Žeenbekow Atambaýew prezident döwründe hökümete ýolbaşçylyk edipdi. Şu ýylyň oktýabrynda bolsa ol köpçülikleýin protestler sebäpli wezipesinden çekilmeli boldy, ýogsam bolmasa onuň ýene-de üç ýyla golaý prezidentlik möhleti bardy. Ýöne öz ornuny Sadyr Žaparowa berip, 15-nji oktýabrda “Ak tamdan” çykdy.

DAWALY KUMTOR WE RUSSIÝA GIDENLER

Gyrgyzystana Askar Akaýew prezidentlik edýän mahalynda, ýurduň 3-nji premýer-ministri bolan Tursunbek Çyngyşew korrupsiýa dawasy bilen baglanyşykly öz arzasyny ýazan ilkinji hökümet baştutany boldy. Ol hökümete bir ýyl on aý ýolbaşçylyk etdi. Çyngyşew KanadanyňCamecokompaniýasy bilen kontrakta gol çekişip, Kumtor känini bilelikde özleşdirmegi ileri sürdi, ýöne ol dokument parlament tarapyndan tassyklanmady. Çyngyşew wezipesinden çekilmeli boldy. Soňlugy bilen premýer-ministrleriň birnäçesi altyn öndürýän ol kän bilen baglanyşykly çaknyşyga duçar boldular.

Akaýew döwründe hökümete ýolbaşçylyk eden Nikolaý Tanaýew iki ýyl on aý saklanyp bildi. Ol 2005-nji ýylyň Çigildem rewolýusiýasynyň ilkinji gününde wezipesinden çekildi. Soňra ol Russiýa gidip, «Gazsenagatnebit»kompaniýasynda işledi. Tanaýew 2020-nji ýylda aradan çykdy.

Çigildem rewolýusiýasyndan soň Gyrgyzystanyň prokuraturasy oňa garşy birnäçe aýyplama işini açdy hem Tanaýewe halkara gözlegini yglan etdi. Orsýete ony yzyna bermäge soragiberildi. Ol «korrupsiýada», «wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda» hem-de Kumtor altyn käni bilen baglanyşykly dawalara dahylly bolmakda günälendi.

Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň öňki orunbasary Boris Silaýew hem Russiýa gaçanlardan biridir. Ol 1998-nji ýylda bary-ýogy iki gün premýer-ministr wezipesinde oturdy. Soňra Orsýete gidip, Moskwa şäher merinden iş alyp bildi.

Askar Akaýew hem 2005-nji ýylyň martynda bolan rewolýusiýadan soň, Russiýa gidip, MDU-nyň uly mugallymy bolup işe ýerleşdi. Gyrgyzystanyň prokuraturasy onuň hem yzyna berilmegini Russiýadan sorady.

AKLANMAK

Feliks Kulow Akaýew döwründe birnäçe iş boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekilipdi. Ol 2005-nji ýylyň 24-nji martynda, ýagny rewolýusiýanyň ilkinji gününde türmeden boşadylyp, şol günüň özünde hem oňa ýurtda tolgunyşyklary tertibe salmak wezipesi tabşyryldy. Soňra parlament ony «kanun goraýjy organlaryň koordinatory» wezipesine belledi. Şol ýylyň aprel aýynda Ýokary sud onuň günäsizdigini tassyklady. Ol Kurmanbek Bakiýew prezident bolan döwründe bir ýyl bäş aýlap hökümete ýolbaşçylyk etdi.

Kulow şol wagtky oppozisiýa lideri Kurmanbek Bakiýew prezidentlige saýlananda, ýurduň hökümetine ýolbaşçylyk edipdi. Ýöne iki lideriň arasyndaky ylalaşyk uzaga çekmedi. Wezipeden gidenden soň hem ony birnäçe gezek jenaýat işine çekmäge synanyşdylar, ýöne onuň günäsini subut edip bolmandygy sebäpli, işi ýapmaly boldular.

Igor Çudinow Bakiýewiň prezidentligi döwründe iki ýyla golaý premýer-ministrlik wezipesinde oturdy. Atambaýewiň ýurdy dolandyran döwründe onuň garşysyna hem birnäçe gezek aýyplama bildirildi. Soňra ol birnäçe aýyplama boýunça günäsiz saýyldy, beýleki käbirlerinden bolsa jerime tölemek bilen gutuldy.

Sadyr Žaparow 2018-nji ýylda «adamy zamun almakda» günälenip, on bir ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol oktýabrdaky tolgunyşyklarda türmeden boşadyldy hem aklandy.

BELARUSA GIDENLER

Wezipeden çekilen premýer-ministrleriň arasynda Daniýar Usenow hem bar. Ol hem edil Kurmanbek Bakiýew ýaly Belarusdan pena alyp bildi. Maglumata görä, ol Minskä barandan soň adyny üýtgedip Daniil Uriskiý bolup, işläp hem ýaşap başlapdyr.

Gyrgyzystanyň prokuraturasy Minskä ýüzlenip, onuň Bişkege ekstrasiýa edilmegini sorady, ýöne jogap alyp bilmedi. Gyrgyzystanda Usenow gaýybana ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi. Hut şeýle ýagdaý Kurmanbek Bakiýew bilen baglanyşykly-da boldy. Ýöne Belarus ol haýyşy hem berjaý etmekden häzirlikçe saklanýar. Muňa garamazdan, Žeenbekow geçen dawaly saýlawlarda A. Lukaşenkany ilkinjileriň biri bolup, ýeňiş bilen gutlapdy.

Sapar Isakow suduň zalynda. 2019-njy ýyl.
Sapar Isakow suduň zalynda. 2019-njy ýyl.

GARAŞÝANLAR HEM JEZASYNY ÇEKÝÄNLER

Gyrgyzystanda Žantoro Satybaldiýew hem Sapar Isakow premýer-ministrleriň arasynda türme möhletini çekenlerden ilkinjiler hasaplanýar. Olar soňky bolan tolgunyşyklarda azatlyga çyksalar-da, Isakowa garşy ýene-de gözleg yglan edildi. Aýdylyşyna görä, Satybaldiýew keselhana ýerleşmeli bolupdyr. Žantoro Satybaldiýew 2012 – 2014-nji ýyllar aralygynda bir ýyl alty aý premýer-ministriň wezipesini eýeledi. Wezipesinden çekilenden soň ony Bişkek TES-ni modernizasiýa etmekde korrupsiýa bilen baglanyşykly saýyp, ýedi ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm etdiler.

Bişkek TES-i bilen baglanyşykly jogapkärçilige çekilenleriň arasynda öňki premýer-ministr Sapar Isakow hem bar. Ol birnäçe maddalar boýunça aýyplanyp, 18 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol 2017 – 2018-nji ýyllar aralygynda, sekiz aý premýer-ministr bolupdy.

Beýleki bir premýer-ministr Omurbek Babanow 2012-nji ýylda hökümete dokuz aýyň dowamynda wagtlaýyn ýolbaşçylyk etdi. Sebäbi şol döwürde Atambaýew prezidentlik wezipesi üçin saýlawlara gatnaşmalydy. Soňra Omurbek Babanow 2017-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak isledi. Öz kandidaturasy görkezilýän wagtynda, Babanow Gazagystanyň şol wagtky prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy. Gyrgyzystan bolsa bu ýagdaýy «ýurduň içki işlerine gatnamak synanyşygy»hökmünde kabul etdi hem Bişkek Gazagystana protest notasyny ýollady. Prezident Atambaýew Nazarbaýewiň hereketini ýazgardy. Netijede, iki ýurduň arasyndaky barlag-kontrol zonasynda dartgynlylyk emele geldi. Soňra bolsa Babanowyň garşysyna jenaýat işi gozgaldy.

Ahyrky netijede Babanow deputatlyk mandatyndan ýüz öwürdi hem prezidentlik saýlawlaryndan soň Russiýa gidip, diňe geçen ýyl ýurduna dolanyp geldi. Sülçüler ony şaýat hökmünde birnäçe gezek sorag etdiler. Babanow özüniň syýasatdan gidendigini iki gezek beýan etse-de, oktýabr tolgunyşygyndan soň onuň kandidaturasyny premýer-ministr wezipesine teklip etdiler. Ýöne onuň kandidaturasy ara alnyp maslahatlaşylmady.

Muhammedkalyý Abylgaziýew – ol hem öňki premýer-ministrleriň hataryna goşuldy. Häzir sud organlary şaýat hökmünde ondan sorag edýärler. Ol şu ýylyň iýun aýynda bir telekanalyň satylmagy bilen baglanyşykly dawa üçin wezipesinden çekildi. Abylgaziýew iki ýyl hem iki aý premýer-ministr bolmagy başardy. Bu Gyrgyzystanyň hökümet baştutanlary üçin, ýeterlik uzak möhlet.

Ýurduň maliýe polisiýasy oňa ýurtdan çykmagy gadagan etdi. Soňra mälim bolşuna görä, ýurduň öňki premýer-ministri Kubanyçbek Žumaliýewe hem ýurtdan çykmak gadagan edilen eken. Žumaliýew 1998-nji ýylda dokuz aýyň dowamynda premýer-ministr bolupdy.

«PREMÝER-MINISTRLERIŇ ÇALŞYLMAGY SYÝASY DARTGYNLYLYGYŇ GYZGYNYNY PESELDÝÄR»

Gyrgyzystan boýunça bilermen Emilbek Žoroýew prezident hem ýurduň parlamenti tarapyndan hökümetiň hem onuň ýolbaşçysynyň çalt-çaltdan çalşyrylyp durmagy barada şeýle diýýär.

– Eger ýurtda nähilidir mesele ýüze çyksa ýa-da protestler dörese, hökümet resmileri muny premýer-ministrden görýärler. Syýasy dartgynlygyň gyzgynyny peseltmek hem-de ýagdaýy durgunlaşdyrmak üçin, premýer-ministri çalyşmak adaty ýagdaýa öwrüldi. Konstitusiýa näçe gezek üýtgedilse-de, premýer-ministr babatyndaky düzgün üýtgemän gelýär – diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Gazagystanly ekspert Duman Kabdygaliýew rotasiýany ol ýurtdaky ykdysady ýagdaý bilen baglanyşdyrýar.

– Täzeden bellenen premýer-ministr özünden öňki bolanyň iş başarmadygyny, ýüze çykan meseleleri çözmäge hötde gelmedigini tankyt edýär. Soňra syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetiň basyşy bilen ol premýer-ministr hem çalşylýar. Şol aralykda hökümet ýolbaşçysy korrupsiýa dawalaryna-da goşulyşmaly bolýar – diýip, Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Gyrgyzystanda saýlawlary hem-de konstitusiýa reformalaryny geçirýän Merkezi komissiýa möhletinden öň bolmaly prezidentlik saýlawlarynyň wagtyny hem ony taýýarlamagyň planlaryny halka mälim etdi. Möhletinden öň boljak prezidentlik saýlawy 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçiriler. Parlament saýlawlary bolsa 1-nji iýuna çenli geçirilmeli. Şu ýylyň 4-nji oktýabrynda geçen parlament saýlawlarynyň netijesinde dörän protestler sebäpli Sooronbaý Žeenbekow hem-de hökümet iş başyndan gitmeli boldular.

Material Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG