Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp wagtyndan öň ýeňendigini aýdyp, ses sanalýarka Ýokary sud çäresi bilen haýbat atýar


Jo Baýden we Donald Tramp
Jo Baýden we Donald Tramp

Kanun boýunça prezidentiň özüniň saýlawda ýeňiş gazanandygyny yglan etmek hukugy ýok, netijeler her ştatyň saýlaw işgärleri tarapyndan kesgitlenýär. Jo Baýden twitterde "Bu saýlawyň ýeňijisini yglan etmek wezipesi ne meniňki, ne-de Donald Trampyňky. Bu saýlawçylaryň işi" diýdi.

Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň prezident saýlawynda demokrat bäsdeşi Jo Baýdenden üstün çykandygyny öňe sürmek bilen, wagtyndan öň beýanat etdi we aýgytly ştatlaryň birnäçesinde saýlaw býulletenleriniň henziem sanalýandygyna garamazdan, ýeňijiniň kim boljakdygy belli dälkä, kanuny şikaýat çäresini görmek haýbatyny atdy.

Saýlawdan ozal ençeme gezek we delilsiz elektron ses berişligiň köpelmeginiň galplyklaryň köpelmegine sebäp boljakdygyny öňe süren Tramp, Baýdeniň henizem ýeňiş gazanmak mümkinçiligi bar bolan käbir ştatlarda özüniň gowy netije görkezendigini aýtdy.

"Dogrusyny aýtsak, biz bu saýlawda ýeňiş gazandyk" diýip, Tramp sesleriň sanalmagynyň henizem dowam edýän birnäçe möhüm ştatynda ýeňiş gazanýandygyny öňe sürdi.

"Bu Amerikan jemgyýetçiligine edilen galplyk" diýip, Tramp twitterde öz aýdan zadyny tassyklaýan hiç bir delil getirmezden aýtdy.

Adatça, prezidentiň özüniň saýlawda ýeňiş gazanandygyny yglan etmek hukugy ýok, netijeler her ştatyň saýlaw resmileri tarapyndan kesgitlenýär.

Jo Baýden twitterde "Bu saýlawyň ýeňijisini yglan etmek wezipesi ne meniňki, ne-de Donald Trampyňky. Bu saýlawçylaryň işi" diýdi.

Respublikan partiýanyň prezidenti Donald Tramp we onuň demokrat bäsdeşi Jo Baýden ýerlerde, birnäçe ştatda sesleriň sanalmagynyň birnäçe gün almak ähtimallygy bilen, berk çekeleşik ýagdaýynda galýar.

Dalaşgärleriň ikisi-de 4-nji noýabrda Saýlaw kollegiýasynyň zerur bolan 270 sesini, ABŞ-nyň geljek dört ýyldaky ykbalyny kesgitlejek ştatlaryň, şol sanda Miçigan, Pensilwaniýa we Wiskonsin ýaly möhüm ştatlaryň saýlawçylarynyň sesleriniň köplügini almak ýolundadyklaryny aýtdy.

Bu üç ştatda ýeňmegi Baýdeniň Saýlaw kollegiýasynda ýeňiş gazanmagyny üpjün eder.

Emma "Fox News" Baýdeniň ýene bir ştatda, 2016-njy ýylda Trampa ses beren we Saýlaw kollegiýasynda ýeňiş gazanmaga has köp mümkinçilik berýän Arizonada hem ýeňjekdigini çaklady.

Hatda Pensilwaniýada ýeňmese-de, Baýden Arizona, Miçigan we Wiskonsin ştatlarynda ýeňiş gazansa we, çak edilişi ýaly, Nebraskadaky kongres etrabynda ýeňse, sesleriň okruglar boýunça paýlanmagy bilen, Trampyň 2016-njy ýylda utulan ştatlary hem goldasa, bu sesler 77 ýaşly kandidaty Ak tama getirip biler diýip çak edilýär.

Baýden öz tarapdarlaryna ýüzlenip eden çykyşynda saýlawda ýeňiş gazanjakdygyna ynam bildirdi we, heniz sesleriň sanalýandygy sebäpli, öz saýlawçylaryny sabyrlylyga çagyrdy.

Kampaniýanyň köpüsinde görkezilen sanlardan düýpgöter tapawutlylykda, Tramp has basdaşlykly pozisiýa eýeledi we demokratlary sesleri "ogurlamak" synanyşygynda aýyplady.

Ýöne ol özüniň barybir, şu ýagdaýda hem "uly ýeňşe" garaşýandygyny aýtdy.

Tramp Baýden öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edeninden gysga wagt soň Twitterde: "Biz ULY ýeňiş ýolunda, ýöne saýlawy ogurlamaga synanyşýarlar" diýip ýazdy.

Sosial media kompaniýasy bu twite derhal bellik etdi we oňa bolan elýeterliligi çäklendirip, "bu twitde paýlaşylan mazmunyň käbiriniň ýa-da hemmesiniň jedelli bolup, saýlaw ýa-da beýleki raýat prosesi barada ýalňyş pikir bolup biljekdigini" öňe sürdi.

Prezident ýeňendigi barada aýdan sözlerini Facebookda hem çapň etdi, emma ol derrew fakt barlagy belligine eýe boldy. Ol bellikde "soňky netijeler deslapky ses sanlaryndan tapawutly bolup biler, sebäbi sesleriň sanalmagy birnäçe gün ýa-da birnäçe hepde dowam eder" diýilýär.

Şeýle-de Tramp hem twitterde, hem feýsbukda göni ýaýlymda eden çykyşynda saýlawda ýeňendigini öňe sürdi.

ABŞ-nyň saýlaw habarlarynda Senatdaky bäsleşikde demokratlaryň öten agşam öňe çykandygy aýdyldy, emma respublikanlar demokratlaryň ýokarky palatanyň gözegçiligini yzyna almak baradaky umytlaryny puja çykarana meňzeýär.

Şu aralykda, demokratlar Wekiller öýüne gözegçiligi aňsatlyk bilen saklajaga meňzedi, ýöne käbirleriniň çak edişi ýaly, olaryň köplügini giňeldip biljekdigi heniz belli däl.

Kongresiň iki palatasyna hem gözegçilik etmek prezident Donald Tramp üçin-de, onuň garşydaşy Jo Baýden üçin-de, işe girişen ýagdaýlarynda öz etjek işlerini amala aşyrmak üçin, örän möhüm bolup durýar.

Ýerlerde, esasy ştatlaryň birnäçesinde sesleriň sanalmagynyň dowam etmegi bilen, tutuş ýurt boýunça ses berişlik ýapylan hem bolsa, ýeňijiniň kimdigi babatdaky näbellilik saklanyp galýar.

Deslapky çykyş netijelerine laýyklykda, saýlawçylaryň 10-dan dördüsi pandemiýany ýurduň ýüzbe-ýüz bolan baş meselesi hasaplaýar, pandemiýadan soňky esasy problema bolsa ykdysadyýet hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG