Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tebigy gazdan benzin öndürýän ýurtda ýangyç gytalýar, emeldarlar 'pursatdan peýdalanýar'


Ýangyç bekedi. Bezeg suraty
Ýangyç bekedi. Bezeg suraty

Bir zaman "benzin jenneti" bolan ýurtda ýangyç gytalýar, adamlar benziniň Täze ýyldan gymmatlamak "gylygyndan" ätiýaç edýärler, emeldarlar pursatdan peýdalanyp, jübülerini doldurmagyň gaýgysynda, eli ýuka adamlar iň arzan tekerleri alyp, ýolda janlaryny töwekgellige salýar.

Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi bilen wada berlen ýangyç bolçulyklaryna garamazdan, awtoulaglaryň ýangyç, ýag ýetmezçilikleri saklanyp galýar, pes hilli ýangyçlar, ýaramaz ýollar ýurtda dowam edýän agyr ykdysady şertlerde maşgala eklemäge çalyşýan ýönekeý adamlara goşmaça kynçylyk döredýär diýip, radionyň ýerli habarçysy habar berýär.

Onuň tassyklamagyna görä, şu günler Lebapda 92, 93 markaly benzin tapdyrmaýar, 80 markaly benziniň bolsa barha nobaty ulalyp, adamlary barha kän alada goýýar. Sebäbi Türkmenistanda bir zaman adamlara mugt ýa-da mugta ýakyn berlen benzin soňky ýyllarda, ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň barha agralmagy bilen, her ýylyň başynda duýdansyz gymmatladylyp, ilat arasynda uly aljyraňňylyk döretdi.

Benziniň gymmatlamagy ilatyň iň köp ulanýan harytlarynyň bahalarynyň, ulag-transport çykdajylarynyň hem köplemegine alyp gelýär.

Benziniň gaýtadan gytalmagynyň ilkinji netijesi, adatça bolşy ýaly, onuň töweregindäki korrupsiýanyň ulalmagyna alyp geldi.

"Täze ýylyň öň ýanynda benziniň gytalmagy bilen, döwletiň awtoulag kärhanalarynda benzin ogurlaýan jogapkär işgärler hem görnetin köpelene meňzeýär. Häzir Farapdaky, Türkmenabatdaky awtobus, taksi parklarynda benziniň gizlin söwdasy emele geldi" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, köp adam awtoulagyny ulanmagyny düýpli azaltdy, diňe ogly ýa gyzy Türkiýede işleýän adamlar ulag münýär, býujet işgärleriniň köpüsi, mekdep direktorlary, lukmanlar awtoulaglaryny öýde goýup, jemgyýetçilik ulaglaryny peýdalanýar.

Azatlyk ýylyň başynda ýurduň sebitlerinde, şol sanda Ahal welaýatynda hem benzin gytçylygynyň ýitileşendigini habar berdi.

Mysal üçin, ýanwar aýynda habarçy Lebapda 2 ýyl bäri A95 benzinini görmedik etraplaryň bardygyny habar berdi. Ýöne ol şonda benzin gytçylygynyň häkimiýet wekillerine degişli däldigini, ýerli resmileriň awtoulaglary üçin niýetlenen ýörite ýangyç beketleriniň bardygyny aýtdy.

Benzin gytçylygy bilen bilelikde, ýurtda ilata satylýan ýangyçlaryň hil meselesi hem saklanyp galýar, häkimiýetler satylýan önümiň hiline hiç wagt ýeterlik derejede gözegçilik etmeýärler, diňe nyrhlary ýokarlandyrmagy bilýärler, şikaýatlary bolsa düýpden deňlemeýärler diýip, synçylar aýdýar.

"Häzir reňki fanta içgisine çalymdaş 80 markaly benziniň hilinden köp adam şikaýat edýär, sürüjiler bu ýangyjyň awtoulaglaryň motoryny sandan çykarýandygyny, ozalam garyp düşen hojalyklary uly çykdaja goýýandygyny aýdyp zeýrenýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda hiç bir awtoulag ýa-da awtoulaglara zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary öndürilmeýär. Bu ýagdaý adamlary daşary ýurtlardan getirilýän ätiýaç şaýlaryna bagly, garaşly hala salýar. Pandemiýa sebäpli serhetler ýapylmazyndan öň hem, walýuta çäklendirmeleri bilen baglylykda, daşary ýurtlardan awtoulag şaýlaryny getirýän telekeçiler öz hatyrlarynyň bahasyny ýyl-ýyldan ýokarlandyrmaga mejbur boldular.

"Awtoulaglaryň ätiýaç şaýlarynyň bahasy birçak keýigiň şahyna çykdy, şu ýagdaýda öz maşynlaryny bejerip, işledip bilýän adamlara zor diýmeli" diýip, habarçy aýtdy.

"Häzir ýurduň öz öndürýän motor ýaglary hem satuwda ýok, daşary ýurtlardan getirilýän iň arzan motor ýaglarynyň 4 litriniň bahasy 500 manatdan 2 müň manat aralygynda we ondan hem ýokary bahalanýar" diýip, habarçy awtoulag eýeleriniň diňe motor ýaglaryna çykarýan çykdajylarynyň hem müňlerçe manada ýetýändigini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň etrap, oba ýerlerindäki ýollaryň, köprüleriň ýagdaýy barada Azatlyk yzygiderli habar berýär, emma häkimiýetler ýol hadysalary baradaky maglumatlary çap etmän, paýtagtda we beýleki ýerlerde gurulýan uly, şol bir wagtda halk köpçüligine o diýen zerur bolmadyk desgalary ösüş, abadançylyk görkezijileri hökmünde wagyz edýär.

Häzir Hytaýdan getirilýän 15 dýumlyk awtoulag tekeriniň biri müň manat, türk, italiýan tekerleri 3 müň manatdan satylýar diýip, habarçy aýtdy.

Hytaýdan getirilýän tekerleri diňe eli ýuka, halys ýagdaýy ýok adamlar satyn alýar, sebäbi olar howply hasaplanýar, ýolda atylyp, ýol hadysalaryna sebäp bolýar diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen sürüjiler aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG