Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ klimatyň üýtgemeginiň öňüni almagy maksat edinýän ylalaşykdan resmi taýdan çekildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Birleşen Ştatlary 4-nji noýabrda planetany klimatyň üýtgemeginiň täsirlerinden goramaga gönükdirilen Pariž şertnamasyny resmi taýdan terk etdi. Munuň bilen, ABŞ global ylalaşykdan çekilen ilkinji ýurt boldy.

Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň bu ylalaşykdan çekilýändigini 2017-nji ýylyň iýun aýynda yglan etdi. Ýöne BMG düzgünnamalaryna görä, onuň bu karary prezident saýlawlaryndan bir gün soň güýje girýär.

“Ylalaşygyň şertlerine görä, ylalaşykdan çekilmek bu barada habar berilmeginden göni bir ýyl soň güýje girýär. Şu gün, 2020-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Birleşen Ştatlary mundan beýläk Pariž şertnamasyna tarap däl” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili aýtdy.

Birleşen Ştatlary, eger prezident makul görse, ylalaşyga täzeden goşulyp biler.

2015-nji ýylda dünýäniň tas ähli ýurtlary tarapyndan gol çekilen Pariž ylalaşygy bu ýüzýyllykda ýer şarynda howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny onuň senagatlaşma döwründen öňki derejesinden 2 gradus pes saklamagy, hem-de howanyň ýylylygyndaky artyşy 1,5 gradusa çenli çäklendirmek ugrunda tagalla etmegi maksat edinýär.

XS
SM
MD
LG