Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň iki raýaty Stambuldaky türkmen konsullygynyň golaýynda tussag edildi


Türkmenistanlylaryň türkmen hökümetiniň syýasatyna garşy geçirýän protest çykyşy. Stambul, maý, 2020.

Stambulda, Türkmenistanyň konsullygynyň golaýynda nägilelik bildirmek ýörişini geçirmäge synanyşan iki türkmen raýaty tussag edildi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki fondunyň" başlygy Täjigül Begmedowa salgylanylyp, 4-nji noýabrda habar bermegine görä, 25-nji oktýabrda türkmen raýatlarynyň bir topary konsullygyň öňünde protest çäresini geçirjek bolupdyr. Olar öz çykyşyny Türkmenistanyň garaşsyzlyk gününiň 2018-nji ýyla çenli bellenilen köne senesine 27-nji oktýabra gabatlap geçirjek bolupdyr. Emma bu planlaşdyrylan çäre barada eşiden konsullygyň işgärleri bu barada türk häkimiýetlerine habar beripdir.

25-nji oktýabrda irden polisiýa we ýaragly garawullar türkmen diplomatik missiýasynyň derwezesinde peýda boldular. Şondan soň aktiwistleriň käbiri golaýdaky seýilgähe baryp, şol ýerde çäre geçirdi. Ýene birnäçe adam konsullygyň golaýyndaky kafe gitdi, olardan üçüsi tussag edildi. Häzirki wagtda migrasiýa gullugynyň Pendik Goc bölüminde, Kurtkoý Jumasapar Dýadebaýew we Baýram Mammedow saklanýar, olaryň migrasiýa düzgünini bozan bolmagy ähtimal diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" habar berýär.

Täjigül Begmedowanyň sözlerine görä, tussag edilenleriň dostlary olar üçin aklawçy gözleýärler. Begmedowa, türkmen diplomatlarynyň oppozisiýany yzarlamak üçin türk polisiýasyna işjeň ýüz tutýandygyny belleýär.

27-nji oktýabrda Stambuldaky "Bir Nefes" kafesinde türkmen immigrantlary we birnäçe türk raýaty Garaşsyzlyk gününi bellediler. Çaý başyndaky bu oturylyşygy türk guramasy "Atawatan Gyzyl Alma" tarapyndan guraldy. Şaýatlaryň sözlerine görä, kafede 25 töweregi adam ýygnandy, olaryň 8-si türkmen aktiwistleridi. Oturyşlygyň başynda iki mikroawtobusda türk polisiýasy kafe bardy. Çäräniň näme üçin şu ýerde geçirilýändigini bildiler we gitdiler. Guramaçylardan ýa-da ýygnananlardan resminamalaryň görkezilmegini hem talap etmediler. Soňra mälim bolşuna görä, polisiýa çärä gatnaşanlaryň türkmen diplomatlarynyň işgärlerine garşy terrorçylyk hereketlerini amala aşyrmagy meýilleşdirýändigi barada maglumat türkmen konsullygyndan gowşupdyr, diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" ýazýar.

Türkiýede, ABŞ-da we Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary prezident Berdimuhamedowyň režimine garşy nägilelik çykyşlaryny geçirmegi dowam etdirýärler. Türkmen hökümetiniň iýmit ýetmezçiligi, nagt pul defisiti, işsizlik, tebigy betbagtçylyklar we Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ykrar etmeýän koronawirusyň ýaýramak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýan ilatyň çekýän kynçylyklaryny äsgermezligi we problemalary çözmekdäki netijesizligi ilatyň nägileligini barha artdyrýar.

Iýul aýynda protest aksiýalary bilen baglylykda Stambulda onlarça türkmen raýaty tussag edildi we soň boşadyldy. Bu ýagdaý, Stambuldaky Türkmen konsullygynyň öňünde türkmen hökümetiniň koronawirus pandemiýasy babatyndaky ýagdaýa laýyk bolmadyk hereketlerini tankytlamak we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň işinden aýrylmagyny talap etmek üçin planlaşdyrylan ýörişden birnäçe sagat öň bolup geçdi.

Stambulda tussag edilen beýleki onlarça türkmen aktiwistiniň arasynda 29 ýaşly aktiwist Dürsoltan Taganowa hem boldy. Üç aý tussaglykdan soň 12-nji oktýabrda türkmen aktiwisti Türkiýäniň deportasiýa merkezinden boşadyldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň beren maglumatlaryna görä, türkmen häkimiýetleri Taganowa töhmet atmak üçin ýurduň içinde kampaniýa gurnady. Maşgala agzalaryna basyş edip, aktiwistiň oppozisiýa hereketlerini aç-açan ýazgarmaga mejbur edildi.

Birnäçe aýyň dowamynda daşary ýurtdaky türkmen raýatlarynyň güýçli garşylyk görkezmeginiň fonunda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler oppozisiýa hereketi bilen arabaglanyşykda güman edilen adamlaryň tussag edilmegine we aktiwistleriň ýakynlarynyň ençemesiniň yzarlanmagyna degişli onlarça waka barada habar berdiler.

Birnäçe aý bäri ýurduň içinde türkmen raýatlarynyň dükanlarda un we bankomatlarda pul ýetmezçiliginden nägileliklerini mälim etmek, ýapylan bazarlary açdyrmak we beýleki problemalary gozgamak üçin häkimiýetlere köpçülik bolup ýüz tutýan pursatlary köpeldi.

Türkmen režiminiň tankytçylary we adam hukuklaryny goraýjy toparlar prezident Berdimuhamedowyň 2006-njy ýylda ozalky awtokrat Saparmurat Nyýazow ölenden soň häkimiýet başyna geçeli bäri başgaça pikirlileri basyp ýatyrmaga çalyşandygyny we ýurda az üýtgeşiklik getirendigini belleýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG