Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň saýlawlar üçin möhüm ştatlarynda ses sanamak işleri dowam edýän wagty, dartgynlylyk ýokarlanýar


ABŞ saýlaw işgärleri
ABŞ saýlaw işgärleri

ABŞ-nyň saýlawlar üçin birnäçe möhüm ştatynda ses býulletenlerini sanamak işleri dowam edýän mahaly, ýurt boýunça dartgynlylyk ýokarlanýar. Ses berişlik tamamlanandan 24 sagatdan gowrak wagt soň netijeler heniz hem mälim däldi.

5-nji noýabrda irden demokrat Jo Baýdeniň Miçigan we Wiskonsinde esasy ýeňiş gazanjakdygy çaklanylandan soň, ol prezident Donald Trampdan öňe geçdi.

Dört möhüm ştatda – Arizonada, Jorjiýada, Pensilwaniýada we Newada ses sanamak işleri gije dowam etdi, munuň dowamynda öňde barýan Baýdeniň elektoral sesleri 253, prezident Donald Trampyňky 214 galdy.

Arizonada we Newada gazanyljak ýeňiş Baýdene Ak tam üçin zerur bolan 270 sesi getirip biler. Sesleri sanalýan ştatlaryň hatarynda bu iki ştata ýakyndan syn edilýär.

Prezident ses berişlikde we ses býulletenleriniň sanalmagynda uly problemalaryň bardygyny delilsiz aýdyp, respublikanlar saýlawlar boýunça birnäçe ştatda şikaýat arzalary bilen ýüz tutýan mahaly, onlarça gaharly Tramp goldawçysy Detroitde we Feniksde ses sanalýan merkezlere ýygnandy.

Bu aralykda, Trampa garşy müňlerçe protestçi heniz netijesi belli bolmadyk saýlawlarda saýlaw işgärleriniň ses sanamak işlerini tamamlamagyny talap edip, ABŞ-nyň şäherlerinde köçelere çykdy.

Baýdeniň Miçiganda we Wiskonsinde gazanan ýeňişleri 2016-njy ýylyň saýlawlarynda bu ştatlaryň ikisinde-de ýeňiş gazanan Trampyň mümkinçiliklerini azaltdy.

Trampyň kampaniýasy Wiskonsiniň käbir okruglaryndaky sesleriň gaýtadan sanalmagyny talap etjekdigini mälim etdi. Şol bir wagtda, saýlaw bilermenleri sesler gaýtadan sanalanda, sesleriň arasyndaky ýeňiş tapawudyny üýtgetmegiň, adatça, kyn boljakdygyny bellediler.

Wiskonsinde Baýden Trampdan sesleriň 49,6% we 48,9% gatnaşygy bilen öňe saýlandy. Dalaşgär sesleriň arasyndaky aratapawudyň 1%-den az bolan ýagdaýynda, sesleriň gaýtadan sanalmagyny sorap bilýär.

Miçiganda üstünlige eýe bolandygy yglan edilenden soňra, Baýden saýlawlarda ýeňiş gazanmagyna garaşýandygyny aýtdy. Ol ýeňiş üçin galan ýeterlik ştatlarda hem üstün çykjakdygyna ynanýandygyny belledi.

“Uzak gije dowam eden ses sanamak işlerinden soň, prezidentligi ýeňmäge zerur bolan 270 elektoral sesi almak üçin, ýeterlik ştatlarda ýeňiş gazanýandygymyz aýdyň” diýip, Baýden aýtdy.

“Men bu ýerde ýeňendigimi yglan etmeýärin. Men sesler sanalyp gutaranda, biz ýeňiş gazanjakdygymyza ynanýandygymyz barada hasabat berýärin” diýip, 77 ýaşly ozalky wise-prezident sözüne goşdy.

Ştatda Baýdeniň üstün çykandygy yglan edileninden az wagt soňra, ýerli medianyň reportažlarynda gahar-gazaba münen adamlaryň saýlaw merkeziniň daşynda ýygnanyp, “Sanamagy togtadyň!” we “Ses berişligi togtadyň!” diýip gygyrýan, şeýle-de polisiýa işgärleriniň olaryň binanyň içine girmegini öňüni almak üçin hatara düzülen pursatlaryny synlasa boldy.

Mundan öň, respublikan kampaniýasy Miçiganyň demokrat sanatoryndan ştata has köp barlagçylary goýbermegini talap edip, ses sanamak işlerini duruzmak barada arz edipdi.

Miçiganda döräp biljek mümkin syýasy gazaplylyk sebäpli, ençeme aýlap dartgynly ýagdaýlar saklandy.

Baharda hökümete garşy protestçiler koronawirus çäklendirmelerine garşy çykyp, ştatyň Kapitol binasyna eli ýaragly gelipdiler. Oktýabrda ştatyň demokratik gubernatory Gretçen Witmeri alyp gaçmak aýyplamasy esasynda alty adam tussag edilipdi.

Jorjiýa we Pennsilwaniýa ştatlaryna hem ýakyndan garalýar. 4-nji noýbar güni giçlik bu ştatlarda sesleriň sanalmagy dowam etdi. Bu iki ştatda Tramp öňde barýar.

Bu aralykda, Trampyň kampaniýasy Pennsilwaniýa we Jorjiýa ştatlarynyň käbir sebitlerinde ses sanamak işini togtatmak we käbir beýleki ýerlerinde saýlaw gözegçilerine has oňaýly barlag mümkinçiliklerini döretmek barada arz etdi.

Bular ses sanamak prosessinde saýlaw resmileri tarapyndan nähilidir bir düzgünbozmanyň ýa-da ýerliksiz hereketiň bolandygy baradaky hiç bir delil ýa subutnama hödürlenmezden edildi.

Tramp saýlaw resmileriniň kanuny ýagdaýda tabşyrylan millionlarça býulleteniň heniz hem sanalýandygyny aýtmagyna garamazdan, ses sanamak işleriniň bes edilmegine çagyrdy.

Bu barada sosial medialarda käbir çagyryşlar edildi. Emma media platformalary dessine olara ýalňyş pikir döredýär we dogruçyllyk syýasatyna garşy gelýär diýen tagmany dakdy.

Möhüm ştatlaryň saýlaw resmileri býulletenleriň sanalmagynyň dowam etdirilmegi bilen, netijeleriň her tarapyň bähbidine üýtgäp biljekdigini, şeýle-de olaryň tassyklanmagyna birnäçe günüň zerur bolup biljekdigini duýdurdylar.

Baýdeniň kampaniýasy prezidentiň belliklerini “bihaýa, görlüp-eşidilmedik we nädogry” atlandyryp, olara garşy durmak üçin aklawçylarynyň eýýäm taýýardygyny aýtdy.

“Bu bir bihaýalyk, sebäbi bu Amerikan raýatlarynyň demokratiki hukuklaryny elinden almak tagallalaryny açyp görkezdi” diýip, ol belledi.

Saýlaw resmileri koronawirus pandemiýasy döwri irki saýlaw uçastoklarynda we poçta arkaly iberilen rekord derejedäki býulletenleri sanamak ugrunda tagalla edýärler.

Köp ştatlar, şol sanda Pennsilwaniýa we Miçigan, ştatlaryň kanunlaryna laýyklykda, irki býuillitenleri Saýlaw gününe çenli sanamady. Bu hem poçta arkaly iberilen sesleriň sanamagynda gijikdirmeleri döretdi.

XS
SM
MD
LG