Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda "Green Card" bilen baglanyşykly ýalançylyk köpelýär


Illýustrasiýa suraty

ABŞ-yň Döwlet departamenti 2022-nji ýyl üçin Green CardÝaşyl kartlar lotereýany hasaba almagy yglan eden badyna, Özbegistanda onuň anketini doldurmagy teklip edýän aralykçylaryň sany birden ýokarlandy.

Ýaşyl kartyň lotereýasyny almak üçin arzalar 2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrdan başlanyp, 10-njy noýabra çenli dowam edýär.

ABŞ-yň Döwlet departamenti anketi doldurmak işiniň mugtdugyny hem-de kim pul alyp, onuň utjakdygyna wada berýän bolsa, onuň aldanýandygyny duýdurýar.

Şu günlerde Daşkent şäheriniň köçelerinde hem welaýat merkezlerinde ençeme adam peýda bolup, olar belli bir nyrha Green Cardlotereýalary üçin arza dolduryp bermegi teklip edýärler.

Birnäçesi sosial ulgamlarda oturyp, lotereýa gatnaşjaklary gözleýärler. Samarkantda özlerini syýahat agenti diýip görkezýän firmalar Green Cardüçin hyzmatlary teklip edýärler. «Siz pasportyňyz hem çagalaryňyzyň şahadatnamasy bilen geliň. Bir maşgala üçin 80 müň sum (ABŞ-yň 8 dollaryna golaý) alýarys. Bagtyňyz işlese – utarsyňyz» diýip, şeýle firmalaryň biriniň işgäri aýdýar.

Green Cardlotereýasyna gatnaşmak isleýänlere dokument tabşyrmak işinde öz kömegini teklip edýän aralykçylaryň käbiri arza doldurmak üçin pul almaýar, ýöne kim utan ýagdaýynda, lotereýa kody diýip, birnäçe müň dollar talap edýär.

Green Cardboýunça dürli shemalardan habarly bolan Samarkandyň bir ýaşaýjysy bu işiň nähili edilýändigini Azatlyk Radiosyna düşündirdi. «Olar[aralykçylar]onlarça adamyň informasiýalaryny toplap iberýärler, olardan biriniň utuşa düşmegi mümkin.Eger kimdir biri utsa, onuň lotereýasyny şol anket dolduran 5-10 müň dollara satýar. Sebäbi kod [lotereýa] ony dolduranyň elinde bolýar».Lotereýany utan bolsa başga biriniň kömegini alandygyny aýdyp bilmeýär.

ABŞ-yň Döwlet departamentiniň wekilleri Green Cardlotereýasyna gatnaşmak isleýänlere, arza tabşyrmak işleriniň mugtdugyny hem-de iňlis dilini ýaramaz bilýänem bolsa, başga biriniň kömegini almazdan, anketi hut özüniň doldurmalydygyny aýdýarlar.

Döwlet departamentiniň Konsullyk işleri boýunça býurosynyň wekili arza berýänleriň her biriniň ony özüniň doldurmalydygyny, ol ýere ýalançy-kezzabyň eliniň goşulmaly däldigini aýdýar, Green Cardlotereýasy boýunça öz teklibini hödürleýänlerden daş durmagy maslahat berýär.

«Şübheli elektron ýazgylardan habardar boluň, biz bu barada mydama duýduryp gelýäris. Bu programma gatnaşmak örän sada, kim Green Cardlotereýini utmak boýunça pully kömegi teklip etse, onuň hyzmatyndan gaça duruň. Tölegli hyzmatyň bu programma bilen düýpden dahyly ýok»diýip,ABŞ-yň Döwlet departamentiniň Konsullyk işleri boýunça býurosynyň resmisi aýtdy.

Lotereýany doldurmak üçin resmi ýagdaýda hiç hili töleg alynmaýar. Diňe lotereýi utuş gazanan adam ABŞ-yň ilçihanasyna gürrüňdeşlik üçin baranynda, konsulhana 330 dollar tölemeli. Lotereýa gatnaşyjylara mundan artyk töleg etmeklik hyýanatçylyk hasaplanýar.

Green Card – Ýaşyl karty utmaga haky bolan dünýäniň 201 ýurdunyň arasynda, Özbegistan iň köp arza berýän ýurtlar bolan Sudanyň, Aljiriň hem Ukrainanyň hatarynda durýar.

Her ýyl bu programma bütin dünýä boýunça 10 million çemesi adam gatnaşýar. ABŞ-yň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, 2018-nji ýylda ÖzbegistandanGreen Cardlotereýini utmak üçin, 2 million 114 müň adam gatnaşypdyr. Geçen ýylda bolsa Özbegistandan 5319 adam Green Cardlotereýini utupdyr.

1990-njy ýylda esaslandyrylan Green Cardprogrammasy her ýylda 50 000 immigranta ABŞ-da mydamalyk ýaşamaga hukuk berýär.

Material Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG