Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabadyň mekdeplerinde maska režimine gözegçilikler güýçlendirildi


Illýustrasiýa suraty

Paýtagt Aşgabadyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň we mugallymlaryň maska režimini berjaý edişine gözegçilikler güýçlendirildi. Bu gözegçilikler orta mekdepleriň çägine ýerleşdirilen polisiýa işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

"Paýtagtyň polisiýa işgärleri sapak arakesmelerinde orta mekdepleriň çägine aýlanýarlar we okuwçylaryň hem-de mugallymlaryň agyz-burun örtüklerini dakmak baradaky talaplary berjaý edişine gözegçilik edýärler. Bu çäre soňky günlerde güýçlendirildi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 6-njy noýabrda gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu talaby bozan başlangyç synp okuwçylaryna diňe dilden duýduryş berilýär. Şol bir wagtda, talaby berjaý etmedik ýokary synp okuwçylaryna jerime salynýar.

"Polisiýa işgärleri başlangyç synplarda okaýan okuwçylaryň içinde maska dakynmadyk ýa-da diňe agzyny örten çagalara "Körpe maskaňy burnuňa çek!" ýa-da "Maskaňy dak!" diýip aýdýarlar. Emma ondan ýokary synplarda okaýan okuwçylar mekdebiň 100 metr golaýynda ýerleşýän daýanç nokatlaryna äkidilýär" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri bu ýere eltilen ýokary synp okuwçylaryň ene-atalaryna jaň edip, olary "daýanç nokatlaryna" çagyrýarlar. Ene-atalara çagalary üçin 20 manat möçberinde jerime töletdirýärler.

Polisiýa işgärleriniň ençemesiniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, maska režimini bozanlary ýüze çykarmak we jezalandyrmak boýunça çäreler tutuş ýurtda güýçlendirilipdir.

"Bu çäreleriň berjaý edilşine goşant goşmaýan polisiýa işgärlerine-de işden kowulmak howpy abanýar. Çagalarymyzyň aç galmagyndan alada edip, bizden edilýän talaby berjaý etmeli bolýarys" diýip, polisiýa işgärleriniň biri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň şäher häkimliginden, saglyk we bilim bölümlerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmese-de, soňky iki hepdäniň dowamynda COVID-19 keseli bilen baglanyşykly girizen çäklendirmelerini has-da güýçlendirdi. Munuň çäginde ýurtda maska geýmek talaby gitdigiçe pugtalandyrylýar. Şeýle-de, içerki gatnaw çäklendirmeleri 2021-nji ýyla çenli uzaldyldy.

Şu aýyň başynda bolsa, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary ilat köpçüliginiň ýurduň içinde hereket etmek üçin hökmany bolan resminamalary almak üçin zerur bolan koronawirus testlerinden geçip bilmeýändigini habar berdiler. Indi testden geçmek we syýahat resminamasyny almak isleýänlerden işe çagyryş haty, iş sapary we hassahanadan telegramma ýaly "esasly bir sebäp" talap edilýär.

Bu çäklendirmeler pugtalandyrylmazdan birnäçe gün öň Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri türkmen hökümetiniň karantin çärelerini has-da güýçlendirmek planlary barada habar berdiler. Olar, hususan-da, 1-nji noýabrdan häkimiýetleriň içerki uçuşlary togtadyp, sebitleriň arasyndaky hereketi düýbünden ýapyp we hususy köpçülikleýin çäreleri gadagan edip biljekdigini aýtdylar.

Türkmenistan öz çäklendiriji çärelerini "ýiti ýokanç keselleriň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak" tagallalary bilen düşündirip, ýurtda COVID-19 keseli bilen kesellän ýekeje adamy hasaba almandygyny öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG