Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hereket çäklendirmeleriniň arasynda Farabyň ýaşaýjylary Ahal welaýatyna pagta ýygmaga ugradylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Resmi metbugat ýurduň pagta plan borçnamasynyň üstünlikli berjaý edilendigini habar berýän wagty, hem-de ýurtda welaýatlaryň arasynda pandemiýa sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleri saklanyp galýan mahaly, häkimiýetler Lebabyň Farap etrabynyň ýaşaýjylaryny ýygym üçin Ahal welaýatynyň gowaça meýdanlaryna çekýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy noýabrda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, pagta ýygmak üçin býujet işgärleri öz ornuna hakyna tutma adam ibermeli, kärendeçi daýhanlaryň bolsa ýygyma özleri gatnaşmaly.

“Farapda býujet işgärleri öz ornuna ýygymçy ugratmaly, kärendeçi daýhanlaryň özleri gitmeli. Olar Ahal welaýatynda pagta ýygyma gatnaşmaly edildiler” diýip, habarçy habar berdi.

Faraply ýaşaýjylaryň Ahal welaýatyna ýygyma çekilmegi etrabyň özünde pagta ýygmak işleriniň tamamlanmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

29-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy noýabrdan başlap, Farap etrabynyň gowaça meýdanlarynda ýygym işleriniň tamamlanýandygyny, 31-nji oktýabrdan soň lebaply daýhanlaryň ýetişdiren pagta hasylyny harmanhanalaryň kabul etmejekdigini habar berdi.

“Pagtalar diňe kombaýn bilen ýygylar we döwlet haýryna geçiriler. Kärendeçilere diňe 1-nji noýabra çenli tabşyran pagta hasyly üçin töleg tölenjekdigi barada maglumatlar bar" diýip, lebaply kärendeçileriň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Ahal welaýatyna ýygyma çekilýän raýatlaryň hatarynda Lebabyň “Obahyzmat” önümçilik birleşikleriniň işgärleri hem bar.

“Býujet işgärleri we daýhanlar, şeýle-de etraplaryň “Obahyzmat” işgärleri Ahal welaýatynyň Gökdepe, Saragt, Tejen, Altyn asyr, Kaka we Babadaýhan etraplarynyň gowaça meýdanlaryna ýygyma çekilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Häkimiýetleriň lebaply ýaşaýjylary Ahala ýygyma çekmek işleri ýurtda welaýatlaryň arasynda hereket çäklendirmeleriniň güýçlendirilýän, gatnaw çäklendirmeleriniň öňümizdäki ýyla çenli saklanyp galýan wagtyna gabat gelýär.

Ýöne habarçynyň maglumatlaryna görä, “pagtaçylary” Lebapdan Ahala daşamak işleri ýörite köpçülik transport serişdeleri arkaly ýola goýulýar.

“Adamlary welaýatda içerki gatnawlary amala aşyrýan köne awtobuslar bilen äkitmek planlaşdyrylýar” diýip, habarçy Lebapdan habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, ýygym işlerini 25-nji noýabra çenli dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

“6-njy noýabr güni öýlän sagat 1:00-de 15 töweregi awtobus adamlary alyp, Ahala tarap ýola düşer” diýip, Azatlygyň habarçysy sebitden habar berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi türkmen hökümetiniň 5-nji noýabrda geçiren hökümet maslahatyna salgylanyp, Türkmenistan boýunça pagta plan borçnamasynyň ýerine ýetirilendigini habar berdi. Resmi metbugata görä, ýurduň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi barada prezidente hasabat berdi.

Türkmenistan bu ýyl 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy planlaşdyrypdy.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG