Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Adamlar un paýoklaryny talap edip, häkimlige bardy


Illýustrasiýa suraty.

10-njy noýabrda Mary welaýatynyň Garagum etrabynda onlarça ýaşaýjy döwlet dükanynda dowam edýän un ýetmezçiligine protest bildirip häkimlige bardy. Ýygnananlaryň häkimlik wekilleri bilen netije bermedik gysga duşuşygyndan soň, polisiýa olary dargatdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Özakymlaýyn dörän protest aksiýasy döwlet dükanynda paýok ununyň paýlanan güni ýüze çykdy. Sebäbi, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ençeme ýerli ýaşaýjynyň sözlerine görä, etrapdaky bir döwlet dükanynda paýlanan paýok uny onuň nobatyna garaşýan adamlaryň hemmesine ýetmedi.

“Döwlet dükanyna 50 halta un geldi. Uly nobat döredi, ýöne un ýygnananlaryň hemmesine ýetmedi” diýip, habarçy habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, paýlanan un maý aýynyň paýogy. Nobata ýygnananlaryň anyk sany mälim däl, ýöne olaryň hatarynda 100 töweregi adam un ýetmezçiligine protest bildirmek üçin etrap häkimligine tarap ýörediler.

“Emma häkimlige 30 töweregi adam bardy, galanlar ýolda galdy” diýip habarçy aýtdy.

Türkmenistanda tas üç ýyl bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Ýurduň dürli künjeklerinde döwlet dükanlary häli-şindi azyk harytlarynyň üpjünçiligi bilen bagly problemalary başdan geçirýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary hususy söwdada esasy iýmit önümleriniň bahasynyň döwlet dükanlary bilen deňeşdirilende juda gymmatdygyny habar berýärler.

Garagumyň etrap häkimliginiň öňüne ýygnanan adamlar döwlet dükanlarynda dowam edýän un ýetmezçiligine nägilelik bildirdiler hem-de bu meselä çözgüt talap etdiler. Ýöne häkimligiň protestçiler bilen duşuşan işgäri, Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, soňky galla oragyndan soň, “daýhanlara bugdaý berlendigini” aýdyp, ýygnananlara garşylyk bildirdi. Habarçy häkimlik wekiliniň wezipesini anyklap bilmedi.

Onuň sözlerine görä, proteste gatnaşan adamlaryň arasynda kärende ýer eýesi ýokdy.

“Biz bu ýere döwletden düşýän un paýymyzy sorap geldik. Eýýäm ýyl gutaryp barýar, siz bolsa heniz hem maý aýynyň paýogyny berip bileňizok” diýip, adamlar ýerli-ýerden gygyryşyp başlady” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda her hojalyga maşgala agzalarynyň sanyna görä, döwlet bahasyndan un berilýär. 1 kilogram paýok ununyň döwlet bahasy 1 manat.

Proteste ýygnananlar un üpjünçiligi bilen bagly problemanyň çözülmegini tutanýerli talap etdi. Ýöne häkimligiň işgäri olary dargatmak üçin wakanyň bolan ýerine polisiýa işgärlerini çagyrdy.

“Biraz salym soň, iki polisiýa ulagy gelip, adamlary kowdy” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, şu günler Maryda 50 kilogram birinji sort unuň bahasy 500 manatdan satylýar, hojalyk harazlarynda üwelen bugdaý ununyň 50 kilogramlyk haltasy 300 manatdan satylýar.

Habarçy etrap ýaşaýjylarynyň arasynda un üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýyň kynlaşandygyny, birek-birekden un karz soraýan adamlaryň köpelýändigini habar berdi.

Bu aralykda, döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň üpjünçiligi bilen bagly problemalar welaýat paýtagtynda-da ýüze çykýar; şeker, towuk budy, ösümlik ýagy we ýumurtga ýaly önümleri arzan bahadan satyn almak üçin adamlar ir bilen döwlet dükanlarynyň öňünde nobata durýar, dörän nobatlarda wagtal-wagtal adamlaryň arasynda dawa-jenjel ýüze çykýar.

5-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary şäherinde bir döwlet dükanynyň öňünde çörek satyn almak üçin 80-e golaý adamyň nobat belländigini we daň bilen sagat 5:30 töwereklerinde adamlaryň arasynda dawa-jenjeliň ýüze çykandygyny habar berdi. Çörek adam başyna 1-den çäkli möçberde satyldy.

Onuň maglumatlaryna görä, penşenbe güni ir bilen çöregiň nobatyna garaşýan adamlar bilen binobat öň hatarlary eýelemäge synanyşan adamlaryň arasynda ýakalaşyk boldy.

“Olar urşup başladylar. Soňra polisiýa ulagy gelip 4 adamy tussag etdi” diýip, habarçy aýtdy.

Bu wakanyň yz ýany, habarçynyň maglumatyna görä, nobata garaşýan aýallaryň arasynda dawa turdy.

Adamlaryň öz aralaryndaky dawa-jenjel sagat 6:00-da dükan açylandan soň köşeşdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG