Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak bugdaýda alty gektar meýdana ekilen alma baglary iki ýyl bäri suwsuzlykdan kösenýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen hökümeti hususan-da soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň oba hojalygynda reformalary durmuşa geçirýändigini, oba hojalyk pudagyny ösdürýändigini gaýtalaýan wagty, kärendeçi daýhanlar dürli kösençlikleri, şol sanda suw üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýärler.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde ady üýtgedilen Batyr hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýän ekerançylaryň biri. Ol suw üpjünçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Batyr 2018-nji ýylda Ak bugdaý etrap häkimligi bilen şertnama baglaşyp, alma baglaryny ösdürip ýetişdirmek üçin 6 gektar kärendesine ýer alýar. Soňra Türkiýeden ýörite alma nahallaryny getirip, alma baglaryny ösdürip ýetişdirmek üçin işe girişýär. Ýöne Batyryň “ýagşy niýeti” doly başa barmaýar. Häkimlik kärendeçi bilen baglaşylan şertnama esasynda ekiniň suw üpjünçiligini öz üstüne alsa-da, soňy bilen şertnamanyň bu talabyny berjaý etmeýär, alma baglarynyň suwuny kesýär.

“Häkimlik tomsuň yssy günlerinde öz şertini bozup, gowaça meýdanlaryndaky suw ýetmezçiligi sebäpli, alma baglarynyň suwuny kesdi we şol suwy gowaça meýdanlaryna berdi” diýip, Batyr geçen tomusda başdan geçiren suw problemalaryny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy 1 kilogram pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň 1 manat 50 teňňä barabardygyny, 1 kilogram almanyň 12-20 manat aralygynda bahalanýandygyny aýtdy.

Alma ösdürip ýetişdirmek döwlet tabşyrygyna girmeýär. Ýöne 2018-nji ýylyň sentýabrynda girizilen täze oba hojalyk reformalaryna laýyklykda ýurtda oba hojalyk maksatly döredilen ýer gaznasyndan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslara we raýatlara ýer böleklerini 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga bermek we ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny, galan ýer böleginde bolsa, döwlet tabşyrygyna girmeýän ekinleriň hasylyny ýetişdirmek barada karar kabul edildi.

2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda 117774 gektar töwereginde oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasy döredildi.

Resmi metbugat soňky oba hojalyk reformalarynyň yz ýany ýurtda täze açylan daýhan hojalyklar, täze ýyladyşhanalar we döwlet tabşrygyna girmeýän gök-bakja we miweli ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegi baradaky habarlaryny ýygjamlatdy. Resmi metbugat täze reformalar bilen ýurduň oba hojalyk pudagynda täze ykdysady gatnaşyklaryň emele gelendigini aýdýar. Habarlardan mälim bolşuna görä, ýurtda daýhan hojalyklaryň öndüren önümlerini şertnama esasynda lomaý satyn alýan, soňra şol önümleri ýurduň içerki bazarlaryna ýerleýän täze hususy önümçilik birleşikleri döredilipdir.

Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy Batyr suwsuzlyk zerarly tomusda alma baglarynyň ýapraklarynyň saralyp solandygyny gürrüň berdi. Onuň suw ýetmezçiligi barada etrap häkimligine eden şikaýaty netije bermedi.

“Biz Ak bugdaý etrabynyň häkimine öz arzymyzy aýtdyk, ýöne onuň beren jogaby biziň lapymyzy keç etdi” diýip, Batyr gürrüň berdi.

“Häkim bökdençsiz suw üçin guýy gazdyrmagy maslahat berdi” diýip, ol sözüne goşdy we munuň ep-esli çykdajy talap edýändigini aýtdy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, 6 gektarlyk alma baglary damjalaýyş usuly bilen suwarylýar.

“Biz şu ýyl suw üpjünçiligi gowy bolar diýip, umyt etdik, ýöne şu ýyl hem biziň maşgalamyzyň umydy puja çykdy” diýip, kärendeçi aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar boýunça Ak bugdaý etrabynyň häkimliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG