Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze barlagda Türkmenistan Interneti iň berk senzuralaýan 10 ýurduň hataryna goşuldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Comparitech informasiýa tehnologiýalary (IT) barlag kompaniýasynyň geçiren soňky barlaglaryna görä, Demirgazyk Koreýa, Hytaý, Russiýa we Eýran ýaly ýurtlar bilen bir hatarda Türkmenistan Interneti iň berk çäklendirýän 10 ýurduň sanawyna girizildi.

Barlaglara görä, Demirgazyk Koreýa dünýäde Interneti iň berk çäklendirýän ýurt, Hytaý 2-nji ýerde. Bu iki ýurduň yzynda Russiýa, Eýran we Türkmenistan üçlügi gelýär. Bularyň üçüsi hem Interneti senzuralamakda dünýä ýurtlarynyň arasynda üçünji orunda ýerleşdirildi.

Barlagda Türkmenistanyň Internet çäklendirmeleri Russiýadaky we Eýrandaky çäklendirmelere golaý, ýöne Türkmenistan torrentleri we VPN-leri Russiýa we Eýran ýaly berk gözegçilikde saklamaýar, beýleki tarapdan sosial mediany we porno saýtlary petikli saklaýar.

“Russiýa, Türkmenistan we Eýran syýasy mediany berk senzuralaýar, ýöne beýleki ugurlara gezek geleninde bu ýurtlaryň her haýsynyň kanunlary başga-başga” diýip, maglumatda aýdylýar.

Onda aýdylmagyna görä, bu üç ýurduň Internet gözegçiliginiň arasynda käbir meňzeşlikler we aratapawutlar bar. Russiýa torrentleri we VPN-leri bloklaýar, ýöne sosial saýtlary tutuşlygyna petiklemeýär. Eýran VPN-leri petikleýär, torrentleri doly ýapmaýar, täze mediany berk senzuradan geçirýär. Türkmenistan sosial mediany petikleýär, ýöne torrentleri we VPN-leri Russiýa we Eýran ýaly berk çäklendirmeýär.

Şeýle-de, barlagda Türkmenistan sosial mediany berk we üznüksiz petikli saklaýan ýurtlaryň hataryna-da goşulypdyr. Bu ýurtlaryň hatarynda Demirgazyk Koreýa-da bar.

“Häzirki wagtda diňe Hytaý, Eritreýa, Türkmenistan we Demirgazyk Koreýa sosial mediany üznüksiz hem-de tutuşlygyna petikleýän ýurtlardyr” diýlip, soňky barlagda aýdylýar.

Türkmenistanda 2014-nji ýylyň dekabrynda Internet toruny hukuk taýdan düzgünleşdirmäge degişli kanunçylyk kabul edildi. Ýöne kanunyň kabul edilmeginden ozal-da ýurtda sosial saýtlar, şeýle-de Türkmenistan barada obýektiw habarlary çap edýän habar saýtlary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýty petikli saklanýardy, kanunyň güýje girmeginden soň hem bu saýtlar petiklenmäge dowam edildi.

Düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän Human Rights Watch guramasy 2019-njy ýyl üçin çap eden soňky hasabatynda Türkmenistanda Internetiň doly we berk gözegçilikde saklanýandygyny hasabat berdi.

Türkmenistanda häkimiýetler Internetde öz raýatlaryny yzarlaýar. Geçen ýylyň ýanwarynda Azatlyk Radiosynyň geçiren derňewleri türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardan satyn alnan enjamlar arkaly öz raýatlaryny Internetde yzarlaýandygynyň üstüni açdy.

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, Şwesiýanyň hökümetden aýry “Qurium Media Foundation” guramasynyň soňky barlaglary türkmen hökümetiniň onlarça habar saýtyny we sosial ulgamlary petikli saklaýandygyny tassyklady.

Barlag netijelerine görä, Türkmenistanda BBC, Reuters, “Deutsche Welle”, “Eho Moskwy” ýaly habar çeşmeleri bilen bir hatarda beýleki garaşsyz çeşmeler petikli saklanýar.

Türkmenistanyň ýeke-täk Internet prowaýderi bolan “Türkmentelekom” kompaniýasy döwletiň gözegçiligindedir.

Beýleki tarapdan, türkmen hökümeti ähli pudaklarda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylýandygyny aýdýar.

Noýabryň aýagynda Türkmenistanda e.gov.tm çelgisi bilen ilkinji elektronik döwlet portaly işe girizildi.

Galyberse-de, BMG-a agza ýurtlaryň arasynda Türkmenistan resmi sosial media hasaby bolmadyk az sanly ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurtda döwlet emeldarlary we hökümet resmileri Twitter we Facebook ýaly onlaýn torlarda resmi hasap açmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG