Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebabyň önümçilik kärhanalarynda derňewler dowam edýär


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň käbir edara-kärhanalarynda we önümçilik zawodlarynda derňew işleri dowam edip, onuň çäginde ýene-de ençeme kärhana ýolbaşçysy we jogapkär işgärleri, şol sanda howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleri tussag edildi. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy Aşgabatdan gelen barlag toparynyň üstüni açan käbir ýagdaýlarynyň jikme-jiklerini hem anyklamagy başardy.

Ýatlatsak, geçen aýyň ortalarynda bäri Lebapda Baş prokuraturanyň hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň derňewçileriniň gatnaşmagynda giň gerimli derňew işleri geçirilýär. Azatlygyň öz çeşmelerine salgylanyp şu aýyň başynda habar berişi ýaly, derňewiň netijesinde Türkmenabat ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de “Lebapmiwe” önümçilik birleşiginiň başlyklary tussag astyna alyndy.

Häzirki wagtda Türkmenabadyň un zawodynda; Saýat, Dänew we Çärjew etraplarynyň pagta kabul edýän harmanlarynda; Farap etrabynda we Türkmenabat şäherinde ýerleşýän banklarda; Lebabyň gurluşyk materiallary saklanýan ammarlarynda we Türkmenabadyň beýleki gök-bakja saklanýan sowadyjy ammarlarynda dagy hem derňewler we tussag etmeler dowam edýär.

Azatlygyň ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan habarçysy soňky hepdeleriň dowamynda, ýene-de 60-a golaý jogapkär işgäriň soraga çekilendigini aýtdy.

Galyberse-de, habarçy derňew toparynyň Türkmenabat ösümlik ýag kärhanasynda ýüze çykaran düzgün bozmalarynyň käbir jikme-jiklerini hem anyklamagy başardy.

Bellemeli ýeri, derňew işiniň dowam edýändigini, şeýle-de jenaýat etmekde şübhelenýänlere bildirilýän aýyplamalaryň resmi taýdan subut edilmändigini nazarda tutup, Azatlyk Radiosy anyk adam atlaryny agzamakdan saklanýar.

Maglumata görä, derňew topary Türkmenabat ösümlik ýag kärhanasynyň ýolbaşçysyny beýleki jogapkär işgärler, şol sanda polisiýa we harby ofiserler bilen hem dildüwşüge girip, döwlet tarapyndan goýberilen ýagy beýleki sebitlere daşap, ony has gymmat bahadan satmakda aýyplaýar.

Döwlete degişli kärhananyň başlygy önümçilik ýagyny daşamaga niýetlenen 20-ä golaý çelekli awtoulagy edinip, Lebapda öndürilen ýagy bikanun ýagdaýda, uly mukdarda Aşgabada we Daşogza daşap, şol ýerde-de öz tanyşlarynyň üsti bilen ony has gymmat bahadan satdyrmakda aýyplanýar.

Anyklamagy başardan maglumata görä, jenaýat etmekde şübhelenýän ýolbaşça onuň polisiýa we harby ulgamlaryndaky tanyşlary hem howandarlyk edipdir. Olaryň esasy orny ýag daşaýan ulaglary hiç hili bökdençsiz soňky nokadyna çenli barmagyny üpjün etmekden ybarat bolupdyr.

Habarçymyz ýag daşan çelekli awtoulaglaryň sürüjileriniň hem soraga çekilendigini sözüne goşdy.

Lebapda alnyp barylýan derňewleriň hem-de tussag edilen raýatlara bildirilýän aýyplamalaryň beýleki jikme-jiklikleri, sud işiniň barşy we günä bildirilýänleriň özlerine gönükdirilýän aýyplamalary tassyklaýandygy ýa-da ret edýändigi häzirlikçe mälim däl.

Bular barada Baş prokuraturadan, Ýokary gözegçilik edarasyndan, şeýle-de Lebap welaýatynyň degişli edaralaryndan we sudlaryndan maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk ýakynda Mara hem Aşgabatdan ýörite barlag toparynyň gelmegine garaşylýandygyny anyklady. Bu sebäpli, häzir sebitde ozal görlüp-eşidilmedik derejede taýýarlyk işleri geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG